Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Декабрь
2024
1
14
31

Новости за 02.12.2024

Azathabar.com 

Lebapda kämillik ýaşyna ýetmän islenilmeýän göwrelilige duçar bolýan ýaş gyzlar köpelýär

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde islenilmeýän göwrelilige duçar bolýan kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlar köpelýän mahaly, çaga dogrulýan hassahanalardaky käbir saglyk işgärleri ‘çaga söwdasy’ bilen meşgullanýar diýip, saglyk pudagyndaky çeşmeler aýdýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynda islenilmeýän göwreliligiň ýol açýan netijeleriniň yzyny çaldy, kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny, şeýle-de ýerli lukmanlaryň bu ýagdaýdan görýän 'peýdasyny' öwrendi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Balkanda we paýtagtda Bitaraplyk gününe köpçülikleýin mejbury taýýarlyklar başlandy

Türkmenistanyň häkimiýetleri 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk gününe güýçli depginde taýýarlyk görüp başladylar. Balkan welaýatynyň býujet işgärleri we ýaşululary bu sene mynasybetli paýtagtda geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada iberildi. Paýtagtda giň gerimli arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2-nji dekabrda Balkandan we paýtagtdan maglumat berdiler. “12-nji dekabrda Aşgabatda bellenilmeli baýramçylyk çärelerine taýýarlyklar... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen pälwany PFL-niň çempiony boldy, $1 million gazandy

Türkmen türgeni, garyşyk söweş sungatynyň ussady Döwletjan Ýagşymyradow orta agramda PFL-niň nobatdaky ýaryş möwsüminiň jemleýji bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, PFL-niň Baş baýragyna mynasyp boldy diýip, hökümetçi neşirler habar berdi. 29-njy noýabrdan 30-na geçilen gije Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen aýgytlaýjy duşuşykda D.Ýagşymyradow amerikaly Impa Kasangana bilen bäsleşip, ynamly ýeňiş gazandy. Ýaryşyň finalynda sylag hökmünde diňe bir çempionlyk ady däl, eýsem 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy hem goýuldy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabatda fransuz aýdymçysynyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi

29-30-njy noýabrda Aşgabadyň “Mukamlar köşgünde” Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde fransuz aýdymçysy Şarl Aznawuryň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň konserte tomaşa eden habarçysy Aşgabatdan maglumat berdi. Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde gurnan konsert çäresi iki gün dowam etdi. 1924-nji ýylyň 22 -nji maýynda doglan aýdymçy 2018-nji ýylyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenler Gürjüstandaky protestler, özbek häkimiýetleriniň 'maşgala dawalary' barada pikir alyşýar

Türkmen jemgyýetçiligi post-sowet giňişlikde bolup geçýän iki waka barada pikir alşyp, bu wakalaryň içerki syýasatdaky ýaňyna diň salmaga çalyşýar. Özbek häkimiýetleriniň 'maşgala dawalary' we Gürjüstanda dowam edýän protestler türkmenleriň arasynda gyzykly pikir alyşmalaryň baş temasyna öwrülýär. “Özbegistanda prezident we onuň giýewisiniň arasynda açyk aýdylmaýan ‘wezipe dawalary’ türkmenleriň arasynda gyzyklanma döredýär, bu wakalar türkmen reallyklary bilen deňeşdirilýär” diýip, daşoguzly çeşmeler aýdýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Baýden, ozalky wadalaryna garaman, oglunyň günäsini geçýär

Prezident Jo Baýden 1-nji dekabr güni giçlik ogly Hanteriň günäsini geçip, prezidentiň adatdan daşary ygtyýarlyklaryny maşgala agzalarynyň peýdasyna ulanmajakdygy barada beren wadalaryny bozdy. Bu günä geçiş kiçi Baýdeniň federal ýarag we salgyt aýyplamalary esasynda azatlykdan mahrum edilmek ähtimallygynyň öňüni alýar. Demokrat prezident öň Delawerde we Kaliforniýada seredilen iki jenaýat işinde günäli tapylan oglunyň günäsini geçmejekdigini ýa-da oňa çykarylan hökümi ýumşatmajakdygyny aýdypdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gürjüstan protestleriniň dördünji gijesi urup-ýençmeler we tutda-baslyklar bilen utgaşdy

Premýer-ministr Irakli Kobahidzeniň geçen hepde Gürjüstanyň arzuwy hökümetiniň ÝB-ne agzalyk gepleşiklerini 2028-nji ýyla çenli togtadandygyny yglan etmegi bilen, paýtagt Tbiliside tapgyr dördünji gije geçirilýän gahaly protestleriň arasynda, Gürjüstanyň polisiýasy demonstrantlary urup-ýenjip, zor bilen dargatmak çärelerini gördi. Lyža maskalaryny geýen polisiýa, parlament binasynyň golaýyndaky protestleriň öňüni almak üçin suw toplaryny ulanandan soň, köçelerde we şäher merkezindäki Rustaweli metro bekedinde söweş gurdy... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ysraýyl zarbalary Gazada 15 adamy öldürdi; Müsür Hamas bilen täze gepleşik geçirdi

Ysraýylyň harby hüjümleri Gazada azyndan 15 palestinalyny öldürdi diýip, saglyk işgärleri aýtdy. Olar Ysraýyl güýçleriniň bu sebiti bombalamagyny dowam etdirýändigini hem sözlerine goşdular. Merkezi Gazanyň Nuseirat lagerine 1-nji dekabrda edilen howa hüjümi bir jaýda alty adamy öldürdi, Gaza şäherindäki bir jaýa edilen başga bir hüjüm bolsa üç adamy öldürdi diýip, saglyk işgärleri aýtdy. Ysraýyl goşuny ABŞ we ÝB tarapyndan terror topary diýlip kesgitlenen Hamasyň ýüzlerçe söweşijisini öldürendigini... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gürjüstanda täze protestler başlandy, demonstrantlar ýaýlym binasyny petikledi

Gürjüstanyň premýer-ministri prezidentiň şu aýyň aýagynda, gitmezlik wadasyny berendigine garamazdan, möhleti dolanda wezipesinden aýrylmalydygyny aýtdy. Hökümete garşy protestçiler, onuň goldaýan adamlary ýene-de köçelere çykyp, paýtagtyň esasy ýerlerinde howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdy. Demonstrantlar 1-nji dekabrda jemgyýetçilik teleýaýlymynyň, 1-nji Kanalyň howlusyna ýygnanyp, onuň girelgesini petiklediler we bu ýerde guramanyň ýolbaşçylary işden çekilýänçä galmak wadasyny berdiler. Şeýle-de... Читать дальше...

Azathabar.com 

Siriýa güýçleri gozgalaňçylara garşy hüjüme başlady

Siriýanyň döwlet goşuny ýurduň demirgazyk-günbataryna goşmaça güýç iberip, soňky günlerde ýurduň iň uly şäherini, Halaby (Aleppony) basyp alan gozgalaňçylary yzyna kowmak maksady bilen, 1-nji dekabrda güýçli howa zarbalaryny urmaga başlady. ABŞ we BMG tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen yslamçy toparyň, Haýat Tahrir al-Şamyň  ýolbaşçylygyndaky gozgalaňçylar 27-nji noýabrda, golaýdaky Hama sebitine tarap gitmezlerinden ozal, Halabyň we Idlibiň töweregindäki obalara garşy iki taraplaýyn hüjüme başladylar. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *