Rahmon BMG-ä goňşy Owganystandan abanýan 'çynlakaý howpy' duýdurýar
Rahmon 24-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasyna eden wideo ýüzlenmesinde Owganystandaky soňky wakalar baradaky aladalaryny gaýtalady we olary "sebit howpsuzlygyna we durnuklylygyna çynlakaý howp" diýip atlandyrdy.
"Talyban" geçen aý, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky 20 ýyllyk harby hereketiň soňlanmagy bilen, Owganystanyň ähli ýerini diýen ýaly öz gözegçilgine geçirdi we bu ýagdaý Owganystan bilen serhetleşýän Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bu ýurtdan abanyp biljek howp-hatarlar, şol sanda on müňlerçe bosgunyň serhetden aşmak ähtimallygy baradaky aladalary döretdi.
Söweşijiler halkara jemgyýetçiligine özleriniň hiç hili howp salmaýandygyny ynandyrmaga synanyşdylar we bu toparyň häzir 1996-2001-nji ýyllarda ilkinji gezek häkimiýet başyna gelen döwründäkiden, berk liniýaly yslamçy topar bolanlygyndan has aram bolandygyny öňe sürdüler.