Türkmenistanda aram ýer titremesi boldy
Teabigy hadysalar barada maglumat berýänvolcanodiscovery.com neşiri üçünji, gün, 1-nji fewralda Türkmenistanyň çäginde aram sarsgyndaky ýer titremesiniň bolandygyny habar berýär.
4,3 güýjündäki ýer sarsgyny Türkmenistanyň Ahal sebitiniň Tejen etrabynyň 54 km günorta-günbatarynda boldy diýip, habarda onuň wagty görkezilýär.
Türkmenistan tebigy hadysalar, şol sanda ýer yranmalary, suw joşgunlary, ilata abanýan howp-hatarlar barada ýasaýjylary wagtynda maglumat bermegi zerur hasaplamaýar.