Rus türmelerinde müňden gowrak gyrgyzystanly saklanýar
Baş prokuror Kurmankul Zuluşew 31-nji ýanwarda, Bişkekde geçirilen metbugat ýygnagynda Gyrgyzystanyň müňden gowrak raýatynyň Russiýa Federasiýasynyň ýapyk edaralarynda saklanýandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, 2022-nji ýylda Russiýanyň we Gazagystanyň türmelerinden 60 töweregi raýat, tussaglyk dowam etdirmek üçin, Gyrgyzystana geçirildi.
“Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, Gyrgyzystanyň 10777 raýaty häzir Russiýanyň 79 subýektindäki ýapyk edaralarda jeza möhletini geçirýär” diýip, Zuluşew olaryň galan türme möhletlerini öz ýurtlarynda geçirmek mümkinçilikleri üçin gepleşik geçirilýändigini aýtdy.