Türkmenabatdaky deslapky tussaghananyň ýolbaşçylary raýat aktiwistiniň we syýasy tussag Myrat Duşemowyň ejesine ogluny görmäge rugsat bermediler. Bu barada 20-nji iýunda “Turkmen.news” neşiri habar berdi. Meşhur türkmen raýat aktiwisti Myrat Duşemow azatlykdan mahrum edilmeginiň dört ýyllyk möhletiniň dolmagyndan soň öýüne gaýdyp barmady, ol tussaglykda saklanýar.
Duşemow 14-nji iýunda boşadylmalydy, ýöne Turkmen.news neşiriniň habaryna görä, oňa boşadylmagynyň öňýany prowokasiýa gurnalyp, ony täze aýyplamalar esasynda saklapdyrlar. Читать дальше...