Balkanda Täze ýyla garşy wagyzlar güýçlenýär, şol bir wagtda, býujet işgärlerinden baýramçylyk üçin pul ýygnalýar
Balkan welaýatynyň häkimiýetleri ilat arasynda Täze ýyl baýramçylygyna garşy wagyz-nesihat işerini güýçlendirýärler. Sebitiň metjitlerinde din wekilleri bu barada ýörite çykyşlary edýärler. Şol bir wagtda, häkimiýetler welaýatyň baş arçasyny dikip, berk howpsuzlyk çärelerini amal edýärler we býujet işgärlerinden baýramçylyk çäreleri üçin pul ýygnaýarlar. Ýaşaýjylaryň ençemesi bulary “hökümetiň ikiýüzli syýasaty” atlandyrýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji dekabrda sebitden maglumat berdi. Читать дальше...