Täze ýyl gijesi ilatyň köçede bolmazlygyna, ot ýakmazlygyna gözegçilik edildi
Türkmenistanda ilatyň täze ýyl baýramçylygyny bellemegi şu gezek hem häkimiýetleriň berk gözegçiliginde geçirildi. Mary welaýatynda täze ýyl agşamy arça agaçlardaky çyralar öçürilip, adamlaryň köçede bolmagyna garşy çäreler geçirildi. Aşgabatda ýaşaýjylaryň öz howlularynda ot ýakmazlygyna gözegçilik edildi. "31-nji dekabr agşamy sagat 19:00-dan soň ähli bezelen arçalaryň çyralaryny öçürip, aýaz baba we gar pamyk eşikli adamlardan hem-de ähli märekeden öýlerine gitmek talap edildi" diýip, çeşmeleriň biri Marydan habar berdi. Читать дальше...