Добавить новость
World News
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Balkanda un gytçylygynyň MHM 'baglanyşygy' derňelýär - çeşmeler

Balkan sebitiniň üç uly şäherinde, Bakanabatda, Gyzylarbatda we Türkmenbaşyda hususy söwda dükanlarynyň tekjelerinden daşary ýurt we türkmen uny ýitirim boldy diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Çeşmeler bu gezekki un gytçylygynyň ýurtda dowam edýän un, çörek meseleleriniň töweregindäki korrupsiýanyň derňewi bilen baglydygyny öňe sürýärler.
Geçen hepdäniň ikinji gününden bäri bazarlarda, supermarketlerde birden un gytçylygy döredi, iri un söwdagärleriniň, hatda galla kärhanalaryna gözegçilik edýän edarada, MHM işgärleriniň arasynda tanşy, arkasy bar diýilýän täjirleriň un dükanlary hem boşap galdy diýip, sebitden gelen maglumatda aýdylýar.
Anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň sözlerine görä, Balkanabatdaky galla kärhanasynyň jogapkär hünärmenleriniň birnäçesine garşy, şeýle-de, Milli howpsuzlyk ministrliginiň bu kärhana gözegçilik edýän ofiserleriniň üç sanysyna garşy jenaýat işi gozgaldy, häzir welaýatyň galla ammarlarynyň ählisinde derňew işleri başlandy.
"Kärhanadan bir gram un hem çykarylmaýar"“Geçen hepdäniň başyndan bäri kärhanadan bir gram un hem çykarylmaýar, beýleki welaýatlardan getirilýän unlar hem welaýat çägine girizilmeýär” diýip, çeşme aýtdy.


Pudak bilermenleriniň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, türkmen ununyň hususy taraplara çykarylmagy doly bes edilensoň, rus, gazak ununa bolan talap ýokarlandy we Russiýadan we Gazagystandan gelen önümler derrew satylyp gutaryldy, ýogsa edil daşary ýurt ununyň satuwyna gadagançylyk ýa başga bir çäklendirme ýok.
Balkan sebitinde Büzmeýiniň, Köneürgenjiň galla kärhanalarynda öndürilen ýokary hilli una bolan isleg we talap ýokary, ýöne Gyzylarbatdaky gözegçilik postunda ýük ulaglary berk barlanýar diýip, çeşme aýtdy.
“Eger-de barlanan ulagdan un tapylsa, ol unuň ählisi döwlet haýryna geçirilýär, ulag eýesine we un getirýän telekeçi söwdagäre garşy jenaýat işi gozgalýar” diýip, söhbetdeşimiz geçirilýän barlaglaryň köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygynyň bir aýlygy sebäpli has berkidilendigini hem sözüne goşdy.
Balkanly söwda hünärmeniniň tassyklamagyna görä, Azatlyk radiosynda döwlet bahasy 200 manat bolan unuň soňky ýyllarda hususy söwdada birnäçe esse gymmat bahadan satylýandygy barada berlen habarlar “öz netijesini berýär”.
“Döwlet ýolbaşçylary satuwda, paýok görnüşinde tapylmaýan türkmen ununyň hususy söwdada gymmat bahadan, islän mukdaryňda tapylýandygyny öwrenip, pudaga jogapkär MHM ofiserleriniň rugsady bolmazdan ýekeje gram un satylmansoň, ýurduň galla kärhanalaryna jogapkär howpsuzlyk işgärleriniň işlerini derňemäge başladylar” diýip, söwda hünärmeni aýtdy.
Onuň sözlerine görä, un söwdasyndaky korrupsiýany ýok etmek üçin döwlet derejesinde herekete geçildi we Garaşsyzlyk baýramyna çenli unuň döwlet dükanlarynda, döwletiň bellän bahasyndan hemişe tapylar ýaly bolmagy maksat edilip goýuldy.
34 ýyla uzan un, çörek meselesiBalkanly söwda hünärmeniniň pikiriçe, Garaşsyzlyk almagynyň 34 ýyllygyny garşylamaga taýýarlanýan Türkmenistanda heniz hem adamlar döwlet bahasyndan un, çörek satyn almakda kynçylyk çekýärler, ‘bu gaty utanç, masgaraçylyk’.
Aýry-aýrylykda gürleşilen çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Balkanda paýok uny diýilýän 6 aýdan bäri berilmeýär we, bu ýagdaý hakykatda diňe ýerli bugdaýyň ýa unuň az bolmagy bilen bagly bolman, eýsem korrupsiýanyň “halys başyna goýberilmegi”, jogapkär adamlaryň ýurtdaky kyn ýagdaýlardan “gazanç etmegi” bilen bagly.


“Galla kärhanalarynyň parahor resmileri hususy taraplara halkyň rysgalyny islän bahalaryndan satýarlar, hususy taraplara tapylan unuň paýok üçin berilmeli bolanda tapylmazlygy, ýok bolmagy halky gahar-gazaba mündürýär” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, döwletiň kesgitlän bahasynyň üstüne 2 manat ýa-da 5 manat goýlup, biraz gymmat satylsa-da, halk ol uny sesini çykarman aljak.
“Olar unuň döwlet bahasynyň üstüne 400 manat goýup, has gymmat satýarlar, hatda ondan-da köp, 50 kg uny 600, käte 700 manatdan-da gymmat bahalaýarlar. Bu gaty ynsapsyzlyk bolýar. Meniň pikirimçe, manadyň hümmeti hut şu korrupsiýa sebäpli peselýär, ykdysadyýet durnuksyz, hamana döwleti prezident däl-de, korrupsiýa dolandyrýan ýaly” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran zenan öz pikirini aýtdy.
Azatlyk döwlet ýolbaşçylarynyň un söwdasynyň töweregindäki korrupsiýany doly ýok etmekçi bolýandygy, hususan-da bu pudaga gözegçilik edýän howpsuzlyk işgärleriniň işiniň derňelýändigi barada aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Türkmenistanda öňki ýyllarda korrupsiýa garşy berk göreşiň alnyp baryljakdygy birnäçe gezek yglan edildi, hatda MHM, IIM ýolbaşçylary hem jogapkärçilige çekildi, ýöne Serdar Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň bu göreşiň “gowşadylandygy”, bugdaýyň ýokary hasylynyň alynýandygy baradaky resmi maglumatlara un gytçylygynyň ‘goýy kölege’ salýandygy, ýa-da azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi barada aýdylýan sözleriň ýalandygy öňe sürülýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *