Добавить новость
World News
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ysraýyl Hamasyň Dohadaky ýolbaşçylaryna garşy zarba urdy

Ysraýyl Palestinanyň radikal Hamas toparynyň, ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen guramanyň syýasy ýolbaşçylaryna garşy uruljak zarba barada ABŞ administrasiýasyna öňünden duýdurdy diýip, AFP habar gullugy Ak tamyň metbugat wekiline salgylanyp ýazýar.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuyň edarasy 9-njy sentýabrda Doha nyşanalaryna edilen hüjümleriň yz ýanyndan beýannama ýaýratdy:

"Hamas terror guramasynyň ýolbaşçylaryna garşy guralan şu günki operasiýa büs-bütin garaşsyz Ysraýyl operasiýasy bolup durýar. Ol Ysraýyl tarapyndan başlandy, Ysraýyl tarapyndan amala aşyryldy we bu operasiýa üçin Ysraýyl doly jogapkärçilik çekýär" diýip, beýanatda aýdylýar.

Netanýahu we goranmak ministri Israel Katz biraz soň bilelikde beýanat edip, Hamasyň syýasy liderlerini ýok etmek kararynyň Iýerusalimde alty ysraýyllyny öldüren terror hüjüminden soň, 8-nji sentýabrda kabul edilendigini aýtdy.

Gazadaky ýaraşyk ylalaşygy we 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda zamun alnan ysraýylylaryň boşadylmagy boýunça geçirilýän gepleşiklerde gytaklaýyn araçy bolan Katar Ysraýylyň hereketlerini berk ýazgardy. Bu zarbalary Saud Arabystany, BAE, Iordaniýa, Müsür, Türkiýe, Germaniýa we beýleki ýurtlar, şeýle-de Arap Bileleşiginiň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş hem ýazgardy.

Katar Gaza zolagynda atyşygy bes etmek baradaky gepleşiklerde araçylyk missiýasyndan ýüz öwürmejekdigini aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *