Добавить новость
World News
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Serhetýakadaky harby bölümiň esgerleri iýmit we derman ýeter-ýetmezçiligine, ‘agyr’ gulluk şertlerine ünsi çekýär

Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky harby bölümde gulluk edýän esgerler agyr gulluk şertlerinden, şol sanda azyk we derman ýeter-ýetmezçiliginden ejir çekýärler diýip, ene-atalaryň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bu waka, türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçylary gününe gabatlap, harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşan mahalyna gabat geldi.
Ýakynda serhetýakada ýerleşýän harby bölümdäki esger ogullaryny görmäge baran ene-atalaryň ençemesi bir ýyl soň gören çagalaryny tas tanamandyklaryny, olaryň horlanyp, “çöpe dönendigini” aýdýar.
“Oglum eje-kaka diýensoň, ýüzüne seredip, zordan tanadyk. Ol gaty horlanypdyr. Onuň gürrüň bermegine görä, olara ýeterlik nahar berilmeýär, esgerler aç uklaýar. Diňe öýlerine jaň edip, ene-atasyndan pul ibermegi soran esgerler dükandan azyk satyn alyp, birneme kadaly iýmitlenip bilýär” diýip, maryly bir ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ahally eneleriň biri, bu harby bölümdäki esger ogluna salgylanyp, ene-atalaryň iberen pulunyň deň ýarysyny, ýagny her 40 manatdan 20 manady bolsa, harby serkerdeleriň alýandygyny aýdýar.
“Oglumyň jaň eden telefonyna geçirilen puluň 10 manadyny harby serkerde telefonda gepleşeni üçin, ýene 10 manady oňa 20 manady nagt bereni üçin alýan eken” diýip, ahally ene ogluna salgylanyp, esgerleriň özlerinden öň gelen esgerler we harby ofiserler tarapyndan kemsidilmegi ýaly wakalaryň hem saklanyp galýandygyny anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Mejbury zähmet, ýaralanmalar we derman ýetmezçiligiMundan başga-da, harby bölümdäki esgerleriň onlarçasy hususy telekeçileriň mal goşunda mal bakmak we tezegini artmak ýaly işlere çekilýärler.
“Oglum harby bölümden 5-7 kilometr uzaklykda ýerleşýän bir mal goşunda mal bakmana ugradylypdyr. Ol bu ýerde 10-dan gowrak esgeriň agyr we hapa işlere çekilýändigini, şol sanda mallaryň aşagyny arassalaýandygyny hem aýtdy” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ene-atalar, ogullaryna salgylanyp, bu esgerleriň arasynda mal bakýan wagty öküz süsüp, ýaralanmagy bilen bagly wakalaryň hem bolandygyny, ýöne olara kadaly medisina kömeginiň berilmändigini hem aýdýarlar.
“Öküz süsüp, aýagy ýaralanan esgere ilki başda ‘özi biter, agyrsam özi galar’ diýip çydap, işlemegi dowam etdirmegi tabşyrdylar. Soň onuň ýarasy bitmänsoň, ony harby bölüme iberdiler. Bu ýerde hem gerekli dermanlar bolmansoň, onuň öýüne jaň edip, ene-atasyndan derman getirmegi ýa-da derman üçin pul ibermegi soradylar” diýip, maryly ene esger oglunyň aýdan sözlerini sitirledi.
Ene-atalar esgerleriň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary, şol sanda harby gulluk wagtynda hususyýetçilerde işlemäge mejbur edilmegi, azyk we derman ýeter-ýetmezçiligi barada ýurduň Ýaragly güýçlerine habar berip, ofiserleri şikaýat etmekçi bolandyklaryny, ýöne ogullarynyň muňa garşylyk görkezendigini hem aýdýarlar.
“Esgerler ‘ýok, azar edinmäň, bu ýagdaýlardan harby ministrlik hem habarly, bularyň ählisi olaryň buýrugy bilen amal edilýär. Onsoňam ene-atasy arz eden esgerlere öňküden hem ýaramaz çemeleşilýär’ diýdiler” diýip, ahally ene aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýurduň Ýaragly güýçlerinden, gürrüňi edilýän harby bölümden resmi teswir alyp bilmedi.
Ýerli synçylaryň birnäçesi, goňşy Eýrandaky köpçülikleýin protestleriň arasynda, bu ýurt bilen serhetýakada ýerleşýän Kakanyň harby bölümindäki problemalar, şol sanda azyk we derman üpjünçilik meselesi boýunça alada beýan edýär.
"Ýurdy gorajak esgerler aç we dermansyz saklanýar..."“Göräýmäge, serhetýaka sebitlerdäki esgerleriň üpjünçilik meselesi, ýurduň beýleki ýerlerine garanda has-da ýokary bolmaly. Ýöne gynansak-da, bu beýle däl. Serhetden howp abanan ýagdaýynda ýurdy, halky gorajak esgerleriň aç saklanmagy, olara derman, medisina kömeginiň kadaly berilmezligi näderejede dogry?!” diýip, synçy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýurdunyň öňünde harby borjuny ýerine ýetirýän döwründe türkmen raýatlary oba hojalyk işlerinde, gurluşykda işledilýär, şeýle-de harby ýolbaşçylar tarapyndan hususy hojalyklarda iş güýji hökmünde ulanylýar.
Şeýle-de, esgerleriýmit, derman, lybas we arassaçylyk serişdeleriniň ýetmezçiligi barada ýylyň-ýylyna habar berýärler. Azatlyk mundan öňki ýyllarda türkmen goşunyndaky dedowşina, agalyk praktikasy we onuň betbagtçylykly netijeleri barada hem yzygiderli habar berdi.
Bellesek, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň şahsy düzüminde ýyllarboýy dowam edip gelýän problemalar boýunça nobatdaky maglumatlar, türkmen prezidentiniň 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçylary güni mynasybetli, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşan mahalyna gabat geldi.
"Has-da gowulandyrylýandygynyň nobatdaky güwäsi..."Türkmen metbugaty onuň 24-nji ýanwarda harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertleri bilen tanşyp, esgerler üçin niýetlenen ýatakhanalary, dynç alyş otaglaryny, kitaphanany, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen sport zalyny, täze gelip gowşan harby tehnikalary synlandygyny habar berýär.
“Döwrebap jaýlarda ähli zerur şertleriň döredilmegi harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede bolmagy ugrunda döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýändiginiň mysalydyr” diýlip, "Türkmenistan Altyn Asyr" neşirinde bellenýär.
Şeýle-de, onda munuň ýurduň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrülendigi nygtalýar.
Ýöne adatça bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri we metbugaty öz çykyşlarynda hem-de habarlarynda goşundaky problemalary agzamadylar.
Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *