Добавить новость
World News
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Eýranda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň laureatyna ýene tussaglyk berildi

Eýranda adam hukuklaryny goraýjy we Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň laureaty Nargis Mohammadi 7.5 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Bu barada onuň aklawçysy Mostafa Nili X sosial ulgamynda mälim etdi.

“Ol ýygnanyşyk guramak we dildüwşik aýyplamalary boýunça alty ýyl, propaganda bilen baglylykda hem bir ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi” diýip, Nili ýazdy.

Mundan başga, goşmaça çäre hökmünde Mohammadiýe iki ýyl ýurtdan çykmak gadagan edildi we ol iki ýyl möhlet bilen Hosf şäherine sürgün edildi.

Mohammadi we beýleki aktiwistler 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda eýranly aklawçy we adam hukuklaryny goraýjy Hosrow Alikordiniň hatyrasyna geçirilen çäräniň dowamynda saklandylar. Şonda prokuratura olaryň “öjükdiriji çykyşlary” edendigini, hamala “jemgyýetçilik tertibiniň bozulmagyna” itergi berýän beýanatlary edendigini öňe sürdi.

Mohammadi Eýranda ölüm jezasyna hem-de zenanlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegine garşy çykyş edýär. 2023-nji ýylda oňa “Eýranda zenanlara edilýän basyşlara garşy, adam hukuklary we hemmeleriň azatlygy ugrundaky göreşi” üçin Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy berildi.

Eýranda Mohammadi birnäçe gezek kazyýet jogapkärçiligine çekildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *