Добавить новость
World News
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gyrgyzystanyň prezidenti Kamçybek Taşýiewi GKNB-niň başlygy we wise-premýer wezipesinden boşatdy

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Kamçybek Taşiýewi Milli howpsuzlyk boýunça dowlet komitetiniň (GKNB) başlygy we hökümet başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Žaparowyň administrasiýasynyň habar bermegine görä, degişli permana 10-njy fewralda gol çekildi.

Işden boşadylmagyň sebäpleri görkezilmeýär. Şeýle-de bolsa, resminamada Konstitusiýanyň degişli normasyna salgylanylýar, oňa görä prezident ministrler kabinetiniň agzalaryny we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki edaralarynyň ýolbaşçylaryny öz başlangyjy bilen ýa-da Jogorku Keneşiň hem-de Halk kurultaýynyň tekliplerini nazara alyp, wezipesinden boşatmaga hakly.

Prezidentiň başga bir permany bilen GKNB-niň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde Žumgalbek Şabdanbekow bellenildi. Onuň kandidaturasy Jogorku Keneşe ýollandy.

Prezidentiň metbugat wekili Askat Alagozow žurnalistleriň soraglaryna ýazmaça jogap berdi. Onuň sözlerine görä, Sadyr Žaparow kararyny gysgaça şeýle düşündirdi: “Ilki bilen, bu karary döwletimiziň bähbidine, jemgyýetde, şol sanda döwlet gurluşlarynyň arasynda bölünişigiň öňüni almak we tersine, bitewüligi berkitmek maksady bilen kabul etdim”.

Kamçybek Taşiýew 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabryndan bäri GKNB-niň başlygy wezipesini eýeledi. Ol prezidentiň iň ýakyn ýaranlarynyň biri we häkimiýetiň iň täsirli wekilleriniň biri hasaplanýardy. Ol ýörite gullugyň başynda işlän döwründe dürli jenaýat işleri boýunça birnäçe oppozisiýa syýasatçysy, telekeçi we žurnalist saklandy. Ýurt häkimiýetleri bu çäreleri “tertip-düzgüni ornaşdyrmak” we “durnuksyzlygyň öňüni almak” hökmünde häsiýetlendirýärdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *