Orsýetde okaýan türkmen studentlerine VISA kartlaryndaky pul elýeterli däl
Orsýetde okaýan türkmen studentleri soňky günlerde VISA kartlaryna goýlan puldan peýdalanyp bilmeýändigini aýdýarlar. Orsýetiň ýokary okuw jaýynda okaýan Şemşat soňky üç-dört günüň dowamynda, öz kartyndaky puly çekmäge yzygiderli we şowsuz synanyşýandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. “Men bankomatdan pul çekmäge synanyşýaryn, emma ýalňyş, soň ýene synanyşyň diýlen ýazgy peýda bolýar. Şeýle ýagdaý öňem bolýardy, birnäçe synanyşykdan soň käte birden pul çekip bolýardy, şonuň üçin men garaşmak kararyna gelip... Читать дальше...