Eýran Amini protestleri sebäpli ýene üç adamy ölüme höküm etdi
Eýran Mahsa Amininiň ölümi sebäpli başlanan protestleriň dowamynda howpsuzlyk güýçleriniň üç agzasyny öldürmekde aýyplanan üç adama garşy ölüm jezasyny çykardy diýip, kazyýet 9-njy ýanwarda habar berdi.
Üç aýdan gowrak wagt bäri dowam edýän protestler bilen baglanyşykly ölüme höküm edilenleriň sanyny 17-ä ýetiren jezalaryň üstünden entek şikaýat edilip bilner.
Ölüm jezasy berlenleriň dördüsiniň jezalary ýerine ýetirildi, beýleki ikisi, ýurduň ýokary kazyýeti çykarylan ölüm hökümlerini tassyklanyndan soň, jezalarynyň ýerine ýetirilmegine garaşýar.