Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Marynyň obalarynda ilat odun ýakyp ýylynýar, Lebapda gaz, elektrik üpjünçiligi ýaramazlaşýar

Türkmenistanda adatdan daşary güýçli aýazly howa dowam edýär. Ýurduň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy rekord derejelere çenli aşaklady. Mary we Lebap welaýatlarynda ýyladyş, gaz we elektrik üpjünçiligi juda pes, ilat ýylynmakda kynçylyk çekýär. Köp obalarda ilat odun ýakyp ýylynýar. Aýazly howa orta mekdeplerde okuwlaryň näresmi ýatyrylmagyna, jemgyýetçilik transport serişdeleriniň üpjünçiliginiň bökdemegine hem getirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 13-nji ýanwarda ýurduň dürli sebitlerinden maglumat berdiler.

Mary welaýaty

Howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşiriniň habaryna görä, Marynyň Serhetabat şäherinde 13-nji ýanwara geçilen gije howanyň temperaturasy -27 gradusa çenli sowady. Bu, sebitde howanyň temperaturasy hasaba alnyp başlanaly bäri iň pes ikinji görkezijidir. Sebitde iň pes görkeziji 1905-nji ýylda hasaba alnyp, şonda howanyň temperaturasy -33,8 gradusa çenli aşaklapdy. 2008-nji ýyldaky aýazly gyşda Serhetabatda bu görkeziji -26,7 gradusa deň bolupdy.

Häzirki aýazly gyş welaýatyň tas ähli ýaşaýjysy üçin agyr geldi. Hususan-da, çetki obalarda gaz, elektrik üpjünçiligi juda pes. Elektrik ýa gaz peçlerini ýakyp bolmaýar. Köp obada elektrik we gaz üpjünçiligi düýbünden ýok.

"Türkmengala etrabynyň "Zähmet" daýhan birleşiginde gazyň we toguň güýjüniň gaty pesligi sebäpli gaz we tok peçlerini ulanyp bolmaýar. Adamlar ýylynmak üçin odun satyn alyp ýakmaly bolýarlar. Bir teleşke odun 1000 manatdan satylýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçy aýtdy.

Sakarçäge etrabynyň daşky obalarynyň köpüsine düýbünden gaz barmaýar. Hat-da gaz turbalary hem çekilmedik. Çasgyn obasynyň ikinji bölegi ojar, odun we uly malyň tezegini ýakyp, günlerini görýärler.

"Adamlar öýüň içinde gyş eginbaşlaryny geýip, ýagny galyň penjeklerini çykarman oturýarlar. Öýler gaty sowuk, gijelerine has-da sowaýar" diýip, sakarçägeli bir ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, häkimiýetler tarapyndan sebitiň gaz çekilmedik obalarynyň ýaşaýjylaryna ýeňillikli bahadan gaz balonlary paýlanyp başlandy. Ýöne bular gaz turbalary çekilmedik obalaryň ähli ýaşaýjysyna berilmeýär.

"Täze mellek ýerlerinde jaý salan ýaşaýjylar oba resmilerine arza tabşyryp, özleriniň şol ýerde ýaşaýandygyny resmileşdirmedik bolsa, onda olar ýeňillikli bahadan gaz turbalaryny alyp bilmeýärler. Şeýle ýaşaýjylary sany az däl. Hökümetiň paýlaýan gaz balonlary 100 manat bolup, olaryň bazardaky nyrhy 500-600 manat aralygynda üýtgeýär" diýip, habarçy aýtdy.

13-nji ýanwarda Türkmenistanyň orta mekdeplerinde gyş dynç alyş günleri tamamlanyp, okuwlar gaýtadan başlady. Köp mugallym ýurduň Bilim ministrliginiň mekdeplerdäki gyş dynç alyş günleriniň möhletini uzaltmagyna garaşandygyny aýdýar. Ýöne bu ýagdaý garaşylany ýaly bolmady.

Muňa garamazdan, maryly ene-atalaryň köpüsi çagalaryny mekdebe ugratmady. Muňa mekdeplerde ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezligi, synp otaglarynyň juda sowuk bolmagy sebäp boldy.

"Mugallymlar mekdebe gelen okuwçylaryň sanynyň juda azlygy sebäpli, olary öýlerine goýberdiler. Her synpda 5-6 okuwçy bardy. Olara indiki hepdäniň başynda mekdebe gelmelidikleri aýdyldy" diýip, maryly mugallym anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Lebap welaýaty

13-nji ýanwarda gije ýurduň gündogar-demirgazyk welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde howanyň temperaturasy -25,4 gradusa çenli sowady. "Meteožurnal" neşiri munuň sebitde howanyň temperaturasy hasaba alnyp başlanaly bäri, ýagny 1894-nji ýyldan bäri iň pes görkezijidigini aýdýar.

"Bu 129 ýylyň içindäki iň pes temperatura. Öňki rekord dereje mundan 123 ýyl ozal hasaba alnypdy. 1900-nji ýyldaky şol görkeziji -23,8 gradusa deň bolupdy" diýip, neşir ýazýar.

Marylylaryň güýçli aýazly howa bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan bökdençlikleri Lebapda hem gaýtalanýar. Bu sebitde hem ilat gaz we elektrik üpjünçiliginiň pesligi sebäpli ýylynmakda kynçylyk çekýär.

"Çärjew etrabynyň Watan, Lebap, Ýasydepe we 8-nji mart obalarynda gaz we elektrik peçleri zordan işleýär" diýip, sebitdäki habarçy aýtdy.

Türkmenabatda hem, köp gatly jaýlara çekilen merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär. Hat-da olarda eliňi hem ýyladyp bolmaýar. Köp adam gaz ýa elektrik peçlerini, ýa-da gaz plitalarynyň gözeneklerini ýakyp goýup, öýlerini gyzdyrýarlar.

"Şäherde elektrik üpjünçiligi hem juda pes, tok zordan ýanýar. Bu ýagdaý şäheriň bazarlarynda kadaly elektrik üpjünçiligini ýola goýmaga goşant goşýan enjamlaryň bahasynyň iki esse gymmatlamagyna hem getirdi" diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, güýçli aýaz sebäpli şäher ýaşaýjylarynyň dördünji gatlara çekilen suw turbalary doňýar. Muňa belli bir derejede girelgelerdäki penjireleriň aýnalarynyň döwük bolmagy hem sebäp bolýar.

Sebitiň orta mekdeplerinde-de Marydaky ýagdaýlar gaýtalanýar. Mekdeplere diňe mugallymlar bardy.

Aýzaly howa köçe-ýol hereketine hem täsir ýetirdi. Ýollarda köp awtoulag hatardan çykyp, öçüp galdy. Olaryň arasynda telekeçileriň dükanlaryna azyk daşaýan kiçi ýük ulaglary hem bar.

Şäherdäki jemgyýetçilik awtobuslarynyň sany hem azyndan 50% azaldy. Muňa açyk meýdandaky duralgalarda goýulýan awtobuslaryň aýazly howa sebäpli doňup, hatardan çykmagy sebäp boldy. Bu ýagdaý işe gidýän adamlarda transport bökdençligini döretdi.

"Adamlar hususy eýeçilikdäki awtobuslar bolmasa näme ederlerdi bilmedim. Entegem adamlaryň dadyna şolar ýetişdiler" diýip, habarçy bu awtobuslaryň gijelerine ýapyk giňişlikde goýlup, aýazly howadan goralýandygyny hem aýtdy.

Paýtagt Aşgabat

Paýtagtdaky habarçy jemgyýetçilik transport serişdeleri bilen bagly bökdençlikleriň Aşgabatda hem dörändigini aýdýar.

"Awtobuslar Çoganlydaky duralgada, açyk meýdanda goýulýar. Bu bolsa olaryň hereketlendirijileriniň doňup, hatardan çykmagyna getirýär. 13-nji ýanwarda irden paýtagtyň köçelerine çykan awtobuslaryň sany juda az boldy. Ýaşaýjylar wagtynda işe we okuwa baryp bilmediler" diýip, paýtagtdaky habarçy aýtdy.

Türkmenistanda şu hepdäniň başyndan bäri adaty bolmadyk aýazly howa dowam edýär. Türkmen metbugaty bu barada gysga maglumat berse-de, munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç zat aýtmaýar.

Galyberse-de, ýangyç-energiýa serişdelerine baý Türkmenistanda güýz-gyş pasyllarynda, hususan-da aşa sowuk howada ýaşaýjylaryň gaz, elektrik, suw we ýyladyş ulgamlarynda bökdençlikler ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Häkimiýetler bu meseläni her ýylyň güýz paslynda ençeme gezek ara alyp maslahatlaşsalar-da, bu bökdençlikler ýyllarboýy dowam edip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Coca-Cola вновь регистрирует свои товарные знаки в России

Игры в отношениях: как распознать мужчину-манипулятора и противостоять его уловкам

В трех округах Москвы перекроют несколько улиц 15 и 16 июня из-за мероприятий

В лесах Подмосковья начали появляться маслята и подберезовики

Музыкальные новости

Уссурийский ЛРЗ подтвердил соответствие международным стандартам, применяемым на производстве железнодорожной промышленности

Сергей Собянин. Неделя мэра

Росгвардия приняла участие в спортивном празднике «Динамо» в Москве

Ресурсный центр на V Общероссийской конференции «Устойчивое развитие этнокультурного сектора» объединил национально-культурные инициативы из разных регионов России

Новости России

Красноярец попал в аварию на байке и впал в кому в Таиланде

Серию летних мастер-классов проведет сводный хор «Московского долголетия»

Загородная аренда: если подешевле — в Калмыкию, если подороже — на Камчатку, если поразнообразнее — на Алтай

Дело следователей о получении рекордной взятки, поступило в суд

Экология в России и мире

Как существовала платная стоматология в СССР — стране бесплатной медицины

Более 3 тысяч ВИЧ-позитивных пациентов получили за год комплексную социальную помощь в Свердловской области

Азербайджан назначил столицей тюркского мира талышский город Ленкорань. Талышские организации мира бьют тревогу

Гастроэнтеролог Садыков рассказал, как не допустить отравления бутилированной водой летом

Спорт в России и мире

Испанец Алькарас выиграл Открытый чемпионат Франции по теннису

Дзюба заявил, что был бы теннисистом уровня Сафина

«ITF решила пойти по пути WTA и ATP, которые давно допускают россиян» — Янчук

Итальянский теннисист Синнер стал лучшей ракеткой мира в рейтинге ATP

Moscow.media

В Ингушетии чиновники похищали бюджетные средства, предназначенные для поддержки семей с детьми

Новый смартфон POCO M6 уже в продаже

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Родители 308,9 тысячи детей в Московской области получают единое пособие

Жители Екатеринбурга в День России вывесили баннеры против точечной застройки







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *