Britaniýa Eýranyň iňlis-eýran raýatyny ölüm jezasyna höküm etmegini 'wagşyçylyk' diýip ýazgarýar
Britaniýa Eýranyň iňlis-eýran raýaty Alireza Akbarini içalyçylyk aýyplamasy bilen ölüm jezasyna höküm etmegini "wagşyçylykly" hereket diýip ýazgardy we munuň jogapsyz galmajakdygyny aýtdy.
Akbariniň asylyp öldürilendigi Eýranyň kazyýet ulgamynyň "Mizan" habar gullugy tarapyndan 14-nji ýanwarda yglan edildi. Eýranyň goranmak ministriniň öňki orunbasary Akbarä Britaniýa içalyçylyk etmekde aýyplama bildirilip, ölüm jezasyna höküm edilipdi. Tankytçylar muny "syýasy" karar diýip atlandyrdylar.
Habar gullugynyň maglumatynda Akbariniň asylyp öldürilendigi barada hiç zat aýdylmady, ýöne käbir habarlarda munuň birnäçe gün ozal bolan bolmagynyň ähtimaldygy mälim edildi.
Akbariniň 2008-nji ýylda Eýranda gysga wagtlaýyn tussag edilenden soň Britaniýa gidendigi habar berilýär we onuň 2019-njy ýylda Eýrana gaýdyp geleninden soň tussag edilendigine ynanylýar.
14-nji ýanwarda britan premýer-ministri Rişi Sunak Twitterde Akbariniň asylandygy baradaky habarlara jogap berip, jezany "öz halkynyň adam hukuklaryna hormat goýmaýan wagşy režim tarapyndan edilen gorkunç we gorkak hereket" diýip atlandyrdy.