ABŞ senatorlary Gygyzystanda metbugat azatlygyna edilýän hüjümlere alada beýan edýär
Iki ABŞ senatory gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparowa hat ýazyp, Gygyzystanda metbugat azatlygyna edilýän hüjümlere, şol sanda geçen ýyl Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) bank hasaplaryny doňdurmak barada kabul edilen karara alada beýan etdiler.
Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy we ýokary derejeli agzasy bolan ABŞ senatorlary Bob Menendez (demokrat – New Jersey) we Jim Riş (respublikan – Idaho) Gyrgyzystanyň garaşsyz media serişdelerine basyş etmek üçin “ýalňyş maglumat kanunyny” ulanmagyny, hususan-da ýerli ýagdaýda Radio Azattyk diýlip bilinýän Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň websaýtynyň näbelli möhlete çenli petiklenmegi baradaky kararlaryny we gullugyň bank hasaplarynyň doňdurylmagyny ýazgardy.
Senatorlar Radio Azattygyň websaýtlarynyň näbelli möhlete çenli petiklenmegi we gullugyň bank hasaplarynyň doňdurylmagy baradaky kararlara alada beýan edip, bu ýagdaýyň Gyrgyzystanyň “Merkezi Aziýada erkin sözüň çyragy hökmündäki halkara abraýyna” howp abandyrýandygyny aýtdylar.