Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebabyň migrasiýa edarasynda adamlaryň uly nobaty döredi. Raýatlara maý aýyna nobat berilýär

Lebabyň migrasiýa edarasynda adamlaryň uly nobaty döredi. Raýatlara maý aýyna nobat berilýär

Döwlet Migrasiýa gullygynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki edarasynyň raýatlara biometriki pasportlary taýýarlap berýän bölüminde adamlaryň uly nobaty emele geldi. Şu günler bölümde raýatlara maý aýyna nobat berilýär. Şol bir wagtda, ençeme raýat käbir migrasiýa işgärleriniň paranyň öwezine, pasportlary nobatsyz, has gysga wagtyň içinde taýýarlap berýändigini aýdýar.

"Biometriki pasporty almak üçin resminamalary kabul edýän bölümde ýörite enjam dur. Raýatlar resminamalaryny tabşyrmak üçin bu enjamdan talon almaly bolýarlar. Ýörite belgili bu talonda raýatyň haýsy günde we sagatda resminamalaryny tabşyryp bilýändigi görkezilýär. Şu günki gün bu enjamdan talon alan raýatlara şu ýylyň 12-nji maýynda nobat berilýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 2-nji fewralda aýtdy.

Nobatlaryň artmagyna ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmenistanlylaryň sanynyň köpelmegi sebäp bolýar.

Ilat arasynda biometriki pasport diýlip tanalýan Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty 2013-nji ýyldan başlap ýurtdan çykmak üçin adaty raýatlara zerur bolan ýeke-täk resminama hökmünde kabul edildi. Şeýlelikde, ondan ozal ýurtda hereket eden içerki pasportyň daşary ýurda çykmakda ulanylmagyna kanun esasynda gadagançylyk girizildi.

Bu aralykda, biometriki pasport almak üçin migrasiýa edarasyna baran lebaplylaryň ençemesi Migrasiýa gullugynyň käbir işgäriniň pasporty has gysga wagtyň içinde taýýarlap berýändigini hem aýdýarlar. Raýat bu "hyzmat" üçin 200 dollar para bermeli bolýar.

Şol bir wagtda, habarçy häkimiýetleriň Lebabyň migrasiýa edarasyna Ahal welaýatyndan işgär ibermek arkaly para-peşgeşiň öňüni almaga çalyşýandygyny, ýöne bu usulyň hem oňyn netije tapmaýandygyny aýdýar.

"Meselem, Aşgabadyň halkara aeroportundaky bir migrasiýa işgäri daşary ýurtdan gelýän bir raýata 'Lebapdaky migrasiýa bölüminde bir hyzmat bolsa, çekinmän maňa jaň edäý' diýip, öz telefon belgisini berýär. Bu raýat ýa-da onuň tanyş-bilişleri gyssagly biometriki pasport edinmek islände, nobatlary görüp, ýaňky migrasiýa işgärine jaň edýär. Ol hem Lebabyň migrasiýa edarasyndaky tanşyna jaň edýär. Şeýlelikde, şol raýatyň resminamalary iki günde kabul edilýär we onuň biometriki pasporty bir aýda taýýar bolýar. Munuň üçin raýat $200 töleýär. Netijede, ähli problema pul bilen çözülýär" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Lebapdaky bölüminden kommentariýa ýa-da goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Ýöne Lebabyň migrasiýa edarasynda para-berimiň bardygy barada habarçylarymyz mundan ozalky ýyllarda hem birnäçe gezek habar beripdiler. 2021-nji ýylda lebaplylaryň ençemesi Migrasiýa gullugynyň käbir işgärleriniň paranyň öwezine, pasportlary has gysga wagtyň içinde taýýarlap bermegi açyk teklip edýändiklerini aýdypdy.

Lebabyň migrasiýa edarasynda biometriki pasportlaryny almak isleýän raýatlaryň uly nobatlarynyň döremegi ilatyň daşary ýurtlara köpçülikleýin gidýän döwründe ýüze çykdy.

Şol bir wagtda, häkimiýetler raýatlaryň iş, gazanç gözleginde, şol sanda okuw üçin hem ýurduň daşyna çykmagynyň ýoluny baglamak üçin hem tagalla edip gelýärler.

Geçen aýda Aşgabatdaky habarçylarymyz häkimiýetleriň 40 ýaşa ýetmedik aýal-gyzlaryň ýurtdan çykmagyna päsgelçilik döredýändiklerini habar berdiler.

Mundan başga-da, soňky ýyllarda býujet işgärlerine biometriki pasportlarynyň möhletini uzaltmagyň hem gadagan edilýändigi barada Azatlyk ençeme gezek maglumat berdi.

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler. Bu barada türkmen mediasy hem dymyşlygyny saklaýar.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В топовых отелях Екатеринбурга закончились номера из-за альтернативной Олимпиады

В ЛЭТИ пройдет презентация второго профориентационного конкурса «Первое рабочее место» от БФ «Система»

На Дмитровке сыграют в жульбак

Песков рассказал об обсуждении Путиным и Си Цзиньпином вопросов энергетики

Музыкальные новости

Леонид Агутин посвятил ушедшей Анастасии Заворотнюк песню и клип

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

Энергетики «Смоленскэнерго» готовятся к работе в условиях непогоды

Хозяйка «голой» вечеринки Анастасия Ивлеева открывает в Москве азиатский ресторан

Новости России

Гендиректор ОМК Петр Трушин возглавил жюри премии «HR-бренд» от HeadHunter

Дом в ЖК «Берег» Подмосковья поставлен на кадастр

Притяжение вузов и ИИ: как ТГУ и РАНХиГС провели премию "Гравитация"

Разбившему голову Кубком России защитнику "Зенита" Алипу наложат швы

Экология в России и мире

Лифтинг — Коги (нити с насечками)

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

VK Fest 2024: Музыка и Развлечения на Открытых Площадках России

Бесплатные ежедневные тренировки от сети фитнес-клубов Spirit. Fitness в парке Горького/Музеон

Спорт в России и мире

17-летний россиянин Даниил Саркисян разгромил Форбса из США на юниорском «Ролан Гаррос»

Даниил Медведев назвал трёх людей в истории тенниса, с которыми хотел бы поужинать

Не ходите, дети, в теннис: как Андре Агасси и Штеффи Граф подарили детям право выбора

Прямая трансляция матча Елены Рыбакиной против экс-первой ракетки мира на «Ролан Гаррос»

Moscow.media

Для строительства участка Приморского кольца в Калининградской области ищут подрядчика

Количество «брака» в биомедицинских работах увеличилось в четыре раза за 20 лет

Рассказ про зятя. Хоть и не про котиков, но тож смешной

Военные следователи продолжают оказывать гуманитарную помощь военнослужащим, находящимся в полевых госпиталях







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *