Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda şugundyr ýygnamak işleri býujet işgärleriniň hasabyna batlanýar

Maryda şugundyr ýygnamak işleri býujet işgärleriniň hasabyna batlanýar

Şu günler Mary welaýatynyň Baýramaly we Garagum etraplaryndaky ekin meýdanlarynda gant şugundyryny ýygnamak işleriniň depgini güýçlendirildi. Maryda bu oba hojalyk önüminiň hasyly ýene-de býujet işgärleriniň hasabyna ýygnalýar.

"Baýramalydaky we Garagumdaky ekin meýdanlarynda gant şugundyryny ýygnaýan işgärlere geňeşlikleriň we arçynlyklaryň wekilleri gözegçilik edýärler. Olar häkim gyssap dur diýip, hasyly bolup bildiginden çalt ýygnap almaga howlukýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Maryda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerine resmi derejede geçen ýylyň 28-njy oktýabrynda girişildi. 

Şu ýyl Marynyň 10 etrabynda döwlet tabşyrygy boýunça 14 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny eken daýhanlar 200 müň tonna şugundyr hasylyny ýygnap almagy meýilleşdirýärler.

Şugundyrly meýdanyň iň uly bölegi, ýagny 5 müň gektary Garaguma degişli bolup, bu etrapda şugundyr ýygnamak işlerine gatnaşýan marylylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, häkimiýet wekilleri köpräk aýak ýoluna gidýän ýygymçylary hem halamaýarlar.

"Olar şeýle ýygymçylara az işländiklerini aýdyp, olaryň günlük töleglerini 25% az berýärler. Mundan ozalky günlerde bular ýaly gyssamaýardylar. Häzir sowuk howada sähel köräk aýak ýoluna çyksaň-da, ertir sagat 8-den garaňky düşýänçä işläp, 40 manada derek 30 manat alýarsyň" diýip, hakyna tutulan maryly işçi anonimlik şertinde aýtdy.

Bellesek bu çäreleriň güýçlendirilmegi, prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz, öz wagtynda ýygnap almagy degişli hökümet ýolbaşçylaryna soňky bir aýyň dowamynda birnäçe tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Prezident şeýle tabşyryklaryň birini geçen aýyň 16-nda geçiren iş maslahatynda belläpdi.

Sebit häkimiýetleri döwlet baştutanynyň bu tabşyrygyny belli bir derejede býujet işgärleriniň hasabyna amal etmäge çalyşýan ýaly bolup görünýär. Adatça bolşy ýaly döwlet edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylaryndan bu işler üçin işgär ýa-da olara derek hakyna tutulan adam ugratmak talap edilýär.

"Şugundyr ýygnamaga gitmek islemeýän we deregine hem adam tapyp, ekin meýdanyna ugradyp bilmeýän býujet işgärleriniň her biriniň 50 manat pul tabşyrmalydygy aýdylýar. Işgärler özlerine derek adam iberseler-de ýa-da pul töleseler-de, gündelik işlerini hem doly berjaý etmeli bolýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Bu aralykda, Baýramalyda we Garagumda şugundyr ýygnamak işlerine gatnaşýan hakyna tutulan işçiler şu günler häkimiýet wekilleriniň özleri bilen juda gödek çemeleşýändigini, käte paýyş sözleri hem ulanýandygyny aýdýarlar.

"Gündelik tölegleriniň wagtynda berilmezligi işçilere goşmaça urgy boldy. Geçen hepdäniň ahyrynda häkimiýet wekilleri gündelik 40 manadyň indi 7 gektar meýdanyň şugundyry ýygnalandan soň beriljekdigini aýdýarlar" diýip, işçi belledi.

Habarçy ýolbaşçylaryň gödek çemeleşmeleri we gündelik tölegleriň kesilmegi zerarly hakyna tutulan onlarça işçiniň şugundyr ýygnamaga gitmekden ýüz öwürendigini hem habar berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada sebit häkimliklerinden we oba hojalygy bölümlerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne Türkmenistanda şugundyr hasylynyň býujet işgärleriniň, esgerleriň, okuwçylaryň hasabyna ýygnalýandygy barada Azatlyk mundan ozalky ýyllarda hem ençeme gezek maglumat beripdi.

Şu ýyl ýurt boýunça gant şugundyrynyň 224 müň tonna hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.

Resmi habara görä, şugundyr hasyly ýurtda şeker we dürli gant önümlerini taýýarlaýan ýeke-täk karhanada "Maryşeker" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işleniş taýýarlanylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

МИД РФ опроверг сообщения СМИ о самопиаре на фоне истории освобождения пленного

Жители Балашихи отпраздновали День России в парке «Пехорка»

Учебный пункт Института Конфуция БГПУ открыли в Белогорске

«Приостановка разработки соглашения Тегерана с Москвой, как и смерть Раиси, не повлечет смены курса в отношениях с Россией» — иранист

Музыкальные новости

Массовыми патриотическими акциями отметили День России на заводах АО "Желдорреммаш"

Площадь пожара в здании у метро «Динамо» в Москве составляет 400 квадратов

Участники акции "Сад памяти" провели флешмоб ко Дню России

Новинки для пляжа от belle you: купальники Splashes для яркого лета

Новости России

Учебный пункт Института Конфуция БГПУ открыли в Белогорске

В Подмосковье сотрудники Росгвардии задержали подозреваемого гражданина в ранее совершенной краже

Площадь пожара у метро «Динамо» в Москве увеличилась до 800 квадратов

«Не вздумайте покупать этот чай даже по акции»: Росконтроль назвал 3 марки, которые в черном списке

Экология в России и мире

Лучшие образы на лето, от которых захватит дух

Dior Resort 2025

Где недорого отдохнуть в июле? Россиянам раскрыли все карты по турам за рубеж и по России

В Москве пройдет выставка Евгении Васильевой «Между пороком и добродетелью»

Спорт в России и мире

Медведев, Кафельников, Федерер, Маррей, Роддик, Агасси поздравили Синнера со статусом первой ракетки мира

Глава ATP вручил Яннику Синнеру награду первой ракетки мира

Хачанов вылетел с турнира ATP в Хертогенбосхе после первого же матча

Итальянский теннисист Синнер стал лучшей ракеткой мира в рейтинге ATP

Moscow.media

Летний Петербург. Старо - Калинкин мост

Каршеринг BelkaCar запустил летний спецпроект «Умные путешествия»

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде

Северные ночи...







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *