Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Baýramalyda azyk harytlary gymmatlaýar

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň gök-bakja bazarlarynda azyk önümleriniň bahalary gymmatlaýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli bazarlardaky bahalary öwrendi.

Tüwiniň bir kilogramy biraz öň, ýerli daýhan bazarlarynda hiline görä, 8-25 manat aralygynda bahalanýardy. Ýöne häzir tüwi ýarmasynyň 1 kilogramy 15 manatdan, Pakistanda öndürilen tüwi 20 manatdan, Gazagystan tüwüsi 30-50 manat aralygynda bahalanýar, şeýle-de Lebap welaýatynda öndürilen ýerli tüwi 22-25 manat aralygynda bahalanýar.

Türkmen metbugaty dekabryň ahyrlarynda 2022-nji ýylyň şaly hasylyndan Türkmenistan boýunça 18 müň 300 gektar meýdandan 82 müň 400 tonna şaly hasylynyň ýygnalandygyny habar berdi.

2020-nji ýyla çenli bar bolan import-eksport maglumatlaryna görä, Türkmenistan daşary ýurt döwletlerinden satyn alýan şalysynyň agramly bölegini, tas 70 göteriminden gowragyny Hindistandan import edýärdi. 2020-nji ýylyň sanlaryna laýyklykda, Türkmenistan daşary ýurt döwletlerinden satyn alynýan tüwiniň tas 1,5 prosentini Pakistandan import edýärdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagtda Marynyň daýhan bazarlarynda Pakistandan getirilen tüwiniň 1 kilogramynyň 15 manatdan satylýandygyny habar berýärler.

Pakistan dünýäde esasy tüwi eksportçylarynyň hatarynda galýar. Ýöne geçen ýylyň awgust aýynda Pakistanda bolan agyr suw joşmalary beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurduň şaly önümçiligine zarba urdy.

Birleşen Ştatlaryň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) howandyrlygyndaky Açlygy öňünden duýduryş ulgamlary tory (Famine Early Warning Systems Network) platformasynyň ýanwarda çap eden hasabatyna görä, Pakistanyň özünde tüwiniň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 67 göterim, soňky bäş ýylyň bahalary bilen deňeşdirilende 75 göterim ýokarlandy.

BMG-niň Azyk we Oba hojalyk guramasyna görä (FAO), Pakistanda öndürilýän tüwiniň bahasy esasan ýurtda awgust aýynda bolup geçen suw joşmalarynyň ýetiren zyýany, şeýle-de tüwiniň eksportyna bolan halkara talabyň güýçlenmegi sebäpli ýokarlandy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen gürrüňdeş bolan maryly telekeçiler ýurduň bazarlarynda azyk harytlarynyň, şol sanda tüwiniň bahasynyň günsaýyn gymmatlaýandygyny aýdýarlar.

Ýerli gök-bakja bazarlarynda unuň bahasy hem gymmatlaýar. Gazagystanda öndürilen unlaryň 50 kilogramy 560 manatdan satylýar. Ýerli unuň haltasy 360 manatdan satylýar.

Gazagystan Merkezi Aziýanyň iň esasy bugdaý we un eksportçylarynyň başyny çekýär. Açlygy öňünden duýduryş ulgamlarynyň hasabatyna görä, gazak ununyň bahasy geçen ýylyň oktýabry bilen deňeşdirilende 32 göterim gymmatlady. Hasabata görä, sebitde azyk harytlarynyň, şol sanda unuň we beýleki önümleriň bahalarynyň gymmatlamagy halkara bahalaryň, şeýle-de transport harajatlarynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrylýar. Şeýle-de, hasabata görä, 2022-2023 bazar ýylynda, 2022-nji ýylyň sentýabry bilen 2023-nji ýylyň awgusty aralygynda, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde iýmit önümleriniň bahalarynyň ortaça bahadan ýokary saklanyp galmagyna garaşylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan türkmen telekeçileri beýleki faktorlar bilen bir hatarda, hökümet tarapyndan öz üstüne ýüklenýän goşmaça salgytlaryň hem azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagyna täsir edýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, türkmen telekeçileri indi ençeme ýyl bäri ýurtda walýutanyň goşa bahasynyň zyýanly täsirleriniň arasynda, kyn şertlerde, önümçiligi we söwdany dowam etdirmäge çalyşýarlar.

Gök-bakja bazarlarynda beýleki käbir iýmit önümleriniň ortaça bahalary şeýle:

1 kilogram şeker: 16-18 manat

1 kg pomidor 17 manat

1 kg hyýar: 12-13 manat

‘Oleýna’ günebakar ýagy 35 manat

‘Ahal’ pagta ýagy 35 manat

Şol bir wagtda, ýerli gök-bakja bazarlarynda soganyň gymmat bahasy saklanyp galýar. 1 kilogram sogan Baýramalynyň bazarlarynda 15 manatdan bahalanýar.

Ýatlasak, Merkezi Aziýa sebitinde, şol sanda Türkmenistanda ýanwar aýlarynda howanyň adatdan daşary sowamagy maldarçylyga we ekerançylyga zarba urdy. Ýanwar aýynyň ortalarynda Mary welaýatynda telekeçiler bazarlarda gök-bakja önümleriniň we beýleki azyk harytlarynyň doňandygyny habar berdiler.

Adatdan daşary sowuk howa dowam edýän mahaly, Merkezi Aziýa ýurtlary, Gazagystan we Özbegistan sogan eksportyna wagtlaýyn gadaganlyk girizdi. Gazagystanyň we Özbegistanyň gök-bakja önümleriniň eksportyna girizen wagtlaýyn gadaganlygynyň yz ýany, Täjigistanyň Oba hojalyk ministrligi sogan, käşir we kartoşka önümleriniň daşary ýurt döwletlerine satylmagyny aýdylmaýan möhlete çenli wagtlaýyn gadagan edýändigini yglan etdi. Täjik oba hojalyk resmileri bu çäreleri içerki bazarlarda gök-bakja önümleriniň bahalaryny durnukly saklamak synanyşyklary bilen düşündirdi.

Mundan ozal, fewralyň birinji hepdesinde, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde azyk önümleriniň bahalarynyň gymmatlandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýurduň içerki bazarlarynda dörän gymmatçylyk barada habar bermeýär, muňa derek, ýurtda ilatyň azyk howpsuzlygynyň doly üpjün edilýändigini tekrarlaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Дилерский центр «КамАЗ» открыли в Солнечногорске

Путин рассказал о новых правилах «Семейной ипотеки»

Будьте как Росатом В. Путин на ПМЭФ-2024 призвал активизировать трансфер российских технологий за рубеж

Ивлеева заявила, что хочет выступить на ПМЭФ в 2025 году

Музыкальные новости

Почта России помогла детям-подопечным благотворительных фондов встретиться с футболистами ЦСКА

История без фальсификации: Шемахи в первой половине XVIII века

Чемпионат по спортивному сбору мусора пройдет в Лагерном саду Томска

Погружение в современное российское искусство – стартовал 3-ий фестиваль «Территория. Красноярск»

Новости России

От Краснодара до Омска: стало известно о масштабных планах девелопера DOGMA

Будьте как Росатом В. Путин на ПМЭФ-2024 призвал активизировать трансфер российских технологий за рубеж

Против мошенников. Мобильные операторы, банки и геронтологи объединяются

Путин рассказал о новых правилах «Семейной ипотеки»

Экология в России и мире

Турецкие отели в шоке после банкротства крупнейшего туроператора: все оказались в долгах, как работать летом — непонятно

Это вовсе не только Питер: названы 15 городов России, куда можно поехать на белые ночи

Как избежать больших проблем при одиночном путешествии: туристкам дали важные советы по безопасности

Джомба, суттуг шай, кучу и другими видами чая в регионах России могут насладиться российские туристы

Спорт в России и мире

«Сейчас даже счёт не помню»: Андреева сенсационно победила Соболенко и вышла в полуфинал «Ролан Гаррос»

Названо условие сенсации в матче Арины Соболенко с вундеркиндом из России

Джокович снялся с Открытого чемпионата Франции по теннису

Российский теннисист Медведев снялся с турнира в Хертогенбосе

Moscow.media

«Грузовичкоф» выступил в Санкт-Петербургской торгово-промышленной палате с предложениями для развития отрасли

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: В Московском регионе более 62 тысяч семей распорядились материнским капиталом через банки

Одной Лунной ночью

За один день работники Уссурийского ЛРЗ и их дети выполнили сменно-суточное задание по ремонту 129 паровозиков







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *