Erdogan saýlawlaryň ýer yranmasyndan üç aý soň, maýda geçiriljegini yşarat edýär
Prezident Rejep Taýyp Erdogan 1-nji martda saýlawlaryň 14-nji maýda, ozalky bellenen wagtynda, Türkiýede 45 müňden gowrak adamy öldüren güýçli ýer titremelerinden bary-ýogy üç aý soňra geçiriljekdigini yşarat etdi.
"Hudaý halasa, bu millet 14-nji maýda zerur bolan zatlary eder” diýip, Erdogan kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda öz öňünde durýan iň uly synag bolup görünýän ses berişligi nazarda tutup aýtdy.
Ýurduň häzirki zaman taryhynda bolan iň heläkçilikli ýer yranmasy bilen baglylykda, Erdogan öz hökümetiniň görlüp-eşidilmedik derejede tankyt edilmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy.