Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda botoks, silikon, epilasiýa we tatu gadagançylygy saklanýar. Käbir hünärmenler gizlin işleýär

Türkmenistanda zenanlaryň gözellik hyzmatlaryna gadagançylyk girizilendigi barada Azatlyk Radiosynda we halkara metbugatynda yzygiderli çap edilen maglumatlardan soň, ýurtda bu hyzmatlaryň aglabasynyň aýal-gyzlara gaýtadan hödürlenmegine rugsat berildi. Ýöne ýurtda botoks, silikon, epilasiýa we tatu gadagançylygy heniz hem dowam edýär. Ilat arasynda bu hyzmatlara talabyň ýokary bolmagy, käbir hünärmenleri gizlin işlemäge we türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolmaga iterýär.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, Aşgabatda, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gözellik salonlary öz müşderilerine emeli kirpik, dyrnak dakdyrmak we gaş bejermek ýaly hyzmatlary hödürleýärler.

Şol bir wagtda, döwlet edara-kärhanalarynda işleýän zenan işgärlere emeli kirpik, dyrnak dakdyrmak we gaş bejertmek, şeýle-de kosmetiki serişdeleri ulanmak heniz-de gadaganlygynda galýar.

"Býujet işgärlerinden talaba laýyk geýinmek, ýagny giň köýnek geýmek talap edilýär. Olaryň ýakalary hem ýapyk bolmaly. Olara kosmetika çalmak düýbünden gadagan, ýöne zenan işgärler kän bildirmeýän reňkleri ulanyp, ýüzlerine makiýaž edýärler we özlerine timar berýärler. Häkimlikleriň wekilleri býujet işgärlerine berk gözegçilik edýärler" diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy.

Ýatlatsak, prezident Serdar Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginiň yzysüre, geçen ýylyň aprelinden başlap, Türkmenistan aýal-gyzlaryň erkinligini çäklendirýän giň gerimli gadagançylyklaryň ençemesini güýje girizdi.

Türkmen häkimiýetleri tarapyndan resmi derejede yglan edilmedik bu gadagançylyklaryň çäginde aýallara emeli kirpik, dyrnak dakdyrmak we gaş bejertmek, dar eşik geýmek, gysga balak, ýubka geýmek, makiýaž etmek, saçy sary reňke boýatmak, tatu etdirmek we botoks, silikon, epilasiýa hyzmatlaryndan peýdalanmak gadagan edildi. Bu hyzmatlary hödürleýän gözellik salonlarynyň onlarçasy ýapyldy.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, bu hyzmatlaryň ilata hödürlenmegine gaýtadan rugsat berilmegine Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň depelenýändigi barada Azatlykda, halkara metbugatynda we jemgyýetinde yzygiderli çap edilen maglumatlar sebäp bolupdyr.

"Bu gadagançylyk barada dünýä metbugatynda yzygiderli habarlar çykansoň, häkimiýetler bu salonlaryň gaýtadan işläp başlamagyna ýuwaş-ýuwaşdan rugsat berip başladylar" diýip, Lebapdaky habarçymyz aýtdy.

Şol bir wagtda, häkimiýetler bu ugurdaky käbir, şol sanda botoks, silikon we epilasiýa hyzmatlaryny hödürlemek gadagançylygyny heniz-de öz güýjünde saklaýarlar. Bu gadagançylyklary bozan raýatlar, habarçymyzyň maglumatyna görä, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum edilýär.

Balkandaky habarçymyz gözellik salonlarynyň işgärlerine salgylanyp, soňky sekiz aýyň dowamynda Türkmenbaşy şäherinde botoks hyzmatyny hödürleýän azyndan 11 sany kosmetologyň türmä basylandygyny aýtdy.

"Olar bikanun we gadagan edilen gözellik hyzmatlarynyň işi bilen meşgullanmakda, müşderilere beden taýdan şikes ýetirmekde günäli tapylypdyrlar. Botoks we ýüz ýygyrtlaryny gidirmek üçin gelen müşderilerde allergik reaksiýa döräp, olaryň dodaklarynyň botokslarynda infeksiýanyň emele gelmegi bahana edilipdir" diýip, Balkandaky habarçy aýtdy.

Berk gadagançylyklara garamazdan, ilat arasynda botoks, silikon, tatu we epilasiýa hyzmatlaryna talap ýokary bolmagynda galýar. Bu ýagdaý bolsa, bu hyzmaty hödürleýän hünärmenleri gizlin işlemäge iterýär.

Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, olar bu hyzmatlary köplenç öýlerinde ýa-da gözellik salonlarynyň arka tarapynda hödürleýärler. Olar bu hyzmatlary amal etmek üçin köplenç kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine para berýärler.

Bu hyzmatlaryň gadagan bolmagy we gizlin amal edilmegi, olaryň bahasynyň ýokarlanmagyna hem getirdi. Häzir türkmenistanly zenanlar bu hyzmatdan peýdalanmak üçin, geçen ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende, tas iki esse köp maddy çykdajy etmeli bolýarlar.

"Botokslaryň nyrhy 2000-4000 manat aralygynda, epilasiýa hyzmatlary 200-300 manat aralygynda bahalanýar" diýip, Lebapdaky we Marydaky habarçylarymyz aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Zenanlar birleşiginden we agzalýan sebitleriň Polisiýa müdirliklerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Erkekleriň we aýallaryň deň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleriniň bardygyna kepil geçýän Türkmenistanyň hökümeti ýurtda aýal gyzlar babatynda çäklendirmelere we kemsitmelere ýol berilmeginiň sebäplerini resmi derejede düşündirmekden saklanýar.

Bu mesele geçen ýylyň iýunynda ýekeje türkmen resmisi tarapyndan agzalyp, mejlisiň deputaty Serdar Arazow türkmen aýallary üçin kosmetiki amallaryň gadagan edilmeginiň "sanitariýa sebäplere esaslanýandygyny" aýdypdy.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Воронежская мегашкола заняла первое место на конкурсе НОПРИЗ

Полиция Подмосковья задержала жительницу Балашихи за порабощение 6 мигрантов

Белгородки взяли бронзу чемпионата России по баскетболу глухих

Пашинян прилетел не зря? В Кремле ответили на вопрос о возможном выходе Армении из ЕАЭС

Музыкальные новости

В Москве прошла встреча Игоря Маковского с фондом "Энергия русского духа"

Композитор Классической музыки Сергей Брановицкий представляет произведения классической музыки.

Главы регионов ПФО присутствовали на инаугурации президента РФ Владимира Путина

Радио Romantika – партнер концерта «Великие хиты Раймонда Паулса»

Новости России

Полиция Подмосковья задержала жительницу Балашихи за порабощение 6 мигрантов

Владимир Путин поручил контролировать видеоигры на предмет переписывания истории

В Волоколамске 11 мая пройдет первый этап Кубка РФ по кольцевым автогонкам

Алмаз Тажыбай: Есть три причины, почему наш президент полетел в Москву

Экология в России и мире

Ozon и Wildberries впервые вошли в мировой рейтинг маркетплейсов

Российский турист напился и улегся спать на карнизе второго этажа музея, шокировав прохожих

Изучаем разнообразие выпусков ЦФА на платформе "Атомайз"

Легкие весенние образы на все случаи жизни

Спорт в России и мире

Рублёв стал победителем «Мастерса» в Мадриде

Рублев не отстал от «Реала»! Как русская звезда тенниса покорила Мадрид

Лучший теннисист Казахстана сдал позиции в чемпионской гонке ATP

Саснович вышла в основную сетку турнира WTA-1000 в Риме

Moscow.media

Анна Данилова дала старт Всероссийской акции "Синий платочек Победы" 2024 на станции метро Курская

Беспроводной сканер штрих-кодов Heroje S-H29W

Россияне рассказали, как планируют отпуск и где проводят длинные выходные

Красный пляж в Китае: загорать нельзя, можно только любоваться







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *