Kazyýet Gazagystanyň öňki prezidentiniň inisiniň kompaniýa paýyny döwlete geçirýär
Gazagystanyň Ýokary kazyýeti öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň inisi Bolat Nazarbaýewiň Almaty agyr enjamlar zawodyndaky (AZTM) paýynyň 32%-e golaýyny döwlete gaýtaryp bermegini buýurdy.
Kazyýetiň 16-njy martda çykaran kararynda aýdylmagyna görä, 2009-njy ýylda bu senagat desgasynyň paýnamalarynyň 31,9%-ni hususy kompaniýa satan, ýöne zawodyň işine gözegçilik etmegini dowam etdiren Bolat Nazarbaýewiň paýnamalary yzyna alnyp, döwlete gaýtarylyp berilmeli.
AZTM 1998-nji ýylda, paýnamalarynyň 31,9%-niň Temir Kon hususy kompaniýasyna geçmegi bilen hususylaşdyryldy. Temir Kon bu paýnamalary 2007-nji ýylda Bolat Nazarbaýewe satdy.
Gazagystanyň Maliýe gözegçilik gullugy geçen ýylyň iýun aýynda Bolat Nazarbaýewiň we onuň öňki aýaly Maýra Kurmangaliýewanyň “Karuan” maliýe hyzmatlary kompaniýasynyň eýeleriniň şikaýaty esasynda, olaryň firmasyny bikanun ele geçirmekde aýyplaýan kazyýet işiniň nyşanasy bolandygyny aýtdy.
69 ýaşly Bolat Nazarbaýew geçen ýylyň ýanwar aýynyň başynda, hökümete garşy geçirilen protestlerden soň Gazagystandan gaçdy we häzir onuň nirededigi belli däl.