FSB tarapyndan saklanan ABŞ žurnalisti içalyçylykda aýyplandy – rus habar gulluklary
Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugy (FSB) geçen hepde Ýekaterinburgda tussag edilen amerikaly žurnaliste garşy içalyçylyk aýyplamalary bilen resmi taýdan günä bildirdi diýip, rus habar gulluklary 7-nji aprelde habar berdi.
“Wall Street Journal” gazetiniň Moskwadaky habarçysy Ewan Gerşkowiç aýyplamalary ret etdi we özüniň žurnalist bolup işleýändigini aýtdy diýip, Interfaks we TASS habar gulluklary kanun goraýjy bir çeşmä salgylanýarlar.
FSB 30-njy martda 31 ýaşly Gerşkowiçi saklandygyny aýtdy we oňa garşy “harby senagat toplumlary barada döwlet syrlaryny” toplamakda içalyçylyk işini açdy. FSB Gerşkowiçiň Birleşen Ştatlaryň gözükdirmeleri boýunça iş alyp barýandygyny öňe sürdi.
“FSB derňewçileri Gerşkowiçe öz ýurdunyň bähbitleri üçin içalyçylyk etmekde günä bildirdi” diýip, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki TASS gullugy çeşmäniň sözlerini sitirledi.
WSJ Gerşkowiçe bildirilýän aýyplamalary erjellik bilen ret etdi we onuň boşadylmagyny talap etdi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Gerşkowiçiň boşadylmagyna çagyrdy we AK tam bildirilýän aýyplamalary “bolgusyz” atlandyrdy.
ABŞ senatynyň iki lideri 7-nji aprelde Russiýadan Gerşkowiçi boşatmagy talap edip, bilelikde beýanat çap etdi we onuň tussag edilmegini ýazgardy.