Pentagonyň başlygy syzdyrmalaryň çeşmesi tapylýança 'her bir daşyň aşagy barlanar' diýýär
ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin 11-nji aprelde Birleşen Ştatlaryň bu işi gizlin dokumentleriň syzdyrylmagynyň çeşmesi tapylýança derňejekdigini aýtdy.
Mart aýynda ilkinji gezek sosial media saýtlarynda peýda bolan, ABŞ-nyň käbir ýaranlarynyň we garşydaşlarynyň harby mümkinçilikleriniň jikme-jikliklerini açýan "Gizlin" we "Iň gizlin" diýlen dokumentleriň 50-den gowragy "Roýters" habar gullugy tarapyndan gözden geçirildi.
“Roýters” habar gullugy syzdyrylan dokumentleriň asyl nusgadygyny garaşsyz tassyklamady.
"Biz bu [syzdyrmanyň] çeşmesini we gerimini anyklaýançak, her bir daşyň aşagyny barlamagy we derňemegi dowam etdireris" diýip, Ostin Döwlet departamentinde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.