Türkmenistanda 463 bendiniň günäsi geçildi
Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 463 bendiniň günäsi geçildi. Bu barada resmi media 15-nji aprelde habar berdi.
Prezidentiň kararyna laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadylar.
Musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň dowamynda bellenilýän Gadyr gije bu ýyl 17-nji aprelden 18-ine geçilýän gijä gabat gelýär.
Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Synçylar türkmen häkimiýetleriniň raýatlary türme howpy bilen gorkuda saklaýandyklaryny aýdýarlar.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini adam hukuklaryny yzygiderli depelemekde we özge pikirli adamlary yzarlamakda tankyt edýärler.