Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Marynyň polisiýasy ýene bukulyp, düzgün bozan pyýadalary 'awlaýar'

Marynyň polisiýasy ýene bukulyp, düzgün bozan pyýadalary 'awlaýar'

Mary welaýatynyň merkezi we Baýramaly şäherlerinde polisiýa işgärleri pyýada raýatlara gözegçiligi güýçlendirip, olara garşy reýdleri geçirýärler. Olar köçeleri pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerden kesip geçen raýatlary "awlaýarlar".

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy adatça bolşy ýaly polisiýa işgärleriniň öz hususy ulaglarynda gizlenip durýandygyny we pyýadalaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünini bozmagyna garaşýandygyny aýdýar.

"Polisiýa işgärleri raýatlar köçeleri pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerden kesip geçenden soňra saklaýarlar. Bu reýdler Marynyň we Baýramalynyň esasy bazarlarynyň töwereginde geçirilýär" diýip, habarçymyz 5-nji maýda belledi.

Ýol hereketiniň kadalaryny bozmakda, ýoly geçmesiz ýerden kesip geçmekde aýyplanýan raýatlara, "Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine" esaslanylyp, 40 manat jerime salynýar.

Polisiýa tarapyndan saklanan raýatlar köplenç düzgünden habarsyzdyklaryny aýdyp, olardan duýduryş berip, özlerini goýbermegi haýyş edýärler. Ýöne polisiýa işgärleri olaryň haýyşyna gulak asmaýarlar.

"Polisiýa düzgün bozan iki garryja daýzany saklady. Olar welaýatyň çetki obasyndan gelendiklerini we öz ýaşaýan ýerlerinde pyýada geçelgeleriniň ýokdugyny, şol sebäpli bu düzgüni bilmeýändiklerini düşündirmäge çalyşdylar. Olar pul tygşytlamak üçin iki sagat yssy howada durup, awtobusa münýändiklerini we 40 manadyň özleri üçin uly puldugyny aýdyp, duýduryş berilmegini haýyş etdiler. Olar 'oglum gaýrat et' diýip ýalbarsalar-da, olary diňlemediler" diýip, waka şaýat bolan maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Polisiýa işgärleri düzgün bozan mekdep okuwçylaryny bolsa, polisiýa bölümine alyp gidýärler. Marylylaryň we baýramalylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, bu reýdleriň dowamynda polisiýanyň düzgün bozan raýatlara, şol sanda çagalara gödek çemeleşmegi ýaly wakalar köp bolýar.

"Polisiýa işgärleri düzgün bozan, 4-5-nji synplarda okaýan iki mekdep okuwçysynyň ellerini gaňryp, awtoulaga saldylar. Olar bir okuwçynyň elinden siltelände, onuň kellesindäki tahýasy gaçdy. Muňa golaýdaky duralgada duran adamlaryň köpüsi 'Siz nähili bolaýypsyňyz?, Käýäp goýberseňiz bolmaýarmy?" diýip, nägilelik bildirdi" diýip, başga bir maryly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçy polisiýa işgärleriniň para beren käbir pyýadalary goýberýändigini, paranyň möçberiniň jerimäniň mukdaryndan 10 manat köpdügini we 50 manada barabardygyny hem aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli Polisiýa müdirliklerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozan pyýadalara gözegçiligi wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Maryda soňky gezek şeýle çäreler şu ýylyň fewral aýynyň ahyrynda möwç alypdy. Şonda habarçymyz bilen söhbetdeş bolan kanun goraýjy edaralaryň birnäçe işgäri munuň sebäplerini häkimiýetleriň ilata jerime ýazyp, "döwlet gaznasyny doldurmaga" synanyşýandygy bilen düşündiripdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi şäheriň merkezi köçelerinde we şaýollarynda pyýada geçelgeleri ýeterlik bolsa-da, aglaba ýollarynda bu geçelgeleriň her iki kilometr çemesi aralykdan göz öňünde tutulandygyny aýdyp, munuň pyýadalaryň köpüsiniň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozmagyna getirýändigini belleýär.

Düzgün bozan pyýadalara jerime salmak tejribesi Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň kanunlarynda hem göz öňünde tutulýar. Ýöne bu ýurtlaryň aglabasynda, AÝ/AR-nyň özbek, gazak, gyrgyz we täjik gulluklarynyň maglumatlaryna görä, bu kanun iş ýüzünde seýrek amal edilýär we polisiýa gizlenip, düzgün bozýan pyýadalary gözlemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Москве открылся фестиваль «Наш Пушкин. 225»

Экс-зампреда правительства Омской области отправили в СИЗО

В Одинцове запланирована замена и модернизация детских игровых площадок

В Звенигороде выявлено незаконное производство бетона

Музыкальные новости

Студенты Академии Игоря Крутого раскрыли свои таланты

Карьера пошла в горы: почему Путин отправил Турчака в Республику Алтай

Антисанитария в службах доставки: токсиколог Кутушов рассказал, почему опасно заказывать еду

Сменившая образ Ивлеева появилась на презентации своего азиатского ресторана

Новости России

16 июня в Казахстане стартует четвертый этап Континентальной лиги боулинга. Финалы в прямом эфире покажет «Матч ТВ»

Предотвращал угоны самолетов и ловил преступников в Воркуте: ветеран органов внутренних дел Вячеслав Истомин рассказал о самых важных наградах

В Звенигороде выявлено незаконное производство бетона

"ГАЗель" напоролась на ограждение окружной дороги в Калуге

Экология в России и мире

В Москве прошла Премия-практикум «Харизма Года»

Какие украшения будут в моде летом 2024 – подборка стилиста «585*ЗОЛОТОЙ»

Областная наркологическая больница запускает летнюю профилактическую кампанию для юных свердловчан

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

Спорт в России и мире

«Сейчас даже счёт не помню»: Андреева сенсационно победила Соболенко и вышла в полуфинал «Ролан Гаррос»

Джокович — о травме: На данный момент, вроде все нормально, но я не знаю, что будет утром

Теннисистка Андреева заявила, что хочет войти в топ-20 рейтинга WTA ради собаки

«Янника Синнера очень рано сравнивать с Роджером Федерером» // Тренер мужской сборной России по теннису Игорь Куницын — о главных событиях Roland Garros

Moscow.media

Делу время – ремонту срок. Эксперты обсудили, как ускорить ремонт после ДТП

Трасса М-12 Восток будет продлена до Тюмени в 2025 году

Исследование: структура клеток иммунной системы влияет на ответ на инфекции

Глазово







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *