Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini we lukmanlaryny iberýär
Türkmen prezidentiniň buýurgy esasynda, şu aýda Owganystanyň halkyna ýene bir ynsanperwrlik kömegi iberiler.
Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Dokma senagaty ministrligine lukmançylyk maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.
Bu kömegiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy esasynda iberiljekdigi bellenýär.
Şeýle-de, türkmenistanly lukmanlar bellenen tertipde Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesine iş saparyna iberiler diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken buýrugyna laýyklykda, Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň beren ynsanperwerlik kömegi esasynda gurlan çaga dogrulýan öýde bejeriş-maslahat we beriş ýardamyny bermek maksady bilen, 2023-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda türkmen lukmanlary iberiler.
Turgundy şäherçesinde Türkmenistan tarapyndan gurlan 20 orunlyk çaga dogrulýan öý 2016-njy ýylda ulanmaga berlipdi.