Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ýüpekçiler tut ýapraklarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýär, mekdeplerde gurçuk ýetişdirilýär

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ýüpekçileri tut agaçlarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýärler, bu aralykda sebitiň käbir orta mekdepleriniň sport zallarynda ýüpek gurçuklary ýetişdirilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji maýda sebitden habar berdi.

“Bereket etrabynda pileçilere tut agajynyň ýapraklary ýetmeýär... Ýüpek gurçuklaryny ýetişdirmek üçin zerur bolan şertler agyrlaşdy” diýip, ýagdaýdan habarly bir etrap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Şu günler Türkmenistan boýunça ýüpek gurçuklaryny ýetişdirmek möwsümi dowam edýär.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 15-nji maýda welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn iş maslahatynda pile öndürmek boýunça meýilnamanyň doly berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Bereket etrabynda ýüpek gurçuklaryna ideg işlerine býujet işgärleriniň köpçülikleýin çekilýändigini habar berýär.

“Şu ýyl gowaça ösdürip ýetişdirýän köp sanly kärendeçileriň ýerleri ellerinden alnandan soň, pile öndürmek işleri tas doly diýen ýaly býujet işgärleriniň hem-de türmelerden boşadylan käbir öňki bendileriň üstüne ýüklendi” diýip, ýagdaýdan habarly bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Balkan we Lebap welaýatlarynda ýüpek gurçugyna ideg işleriniň býujet işgärleriniň gerdenine ýüklenýändigini, galyberse-de, ýurduň türmelerinden boşadylan öňki tussaglaryň pile öndürmek işlerine mejbury çekilýändiklerini habar berdiler.

Şu ýyl Türkmenistan boýunça 2 müň 300 tona pile hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Ahal welaýaty 300 tonna, Balkan welaýaty 50 tonna, Daşoguz welaýaty 500 tonna, Lebap welaýaty 1010 tonna we Mary welaýaty 440 tonna pile öndürmäge borçly edildi.

“Öňler pagtaçy kärendeçiler ýüpek gurçuklaryny öýlerinde ýetişdirerdi, ýöne şu ýyl häkimlik etrabyň orta mekdeplerindäki sport zallarynda, hatda mejlisler zallarynda ýüpek gurçuklaryny ýetişdirýär” diýip, Bereket etrabyndan bolan bir magaryf işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bilim ojaklary diňe bir sport zallaryny pileçilige gönükdirmäge borçlanman, eýsem, mekdepleriň hojalyk işgärleri, bagbanlar we tämizlikçiler özleriniň gündelik tabşyryklaryndan boşadylyp, pileçilik bilen meşgullanmaga mejbur edilýärler.

Tut ýapraklarynyň ýetmezçiligi sebäpli, etrap merkezinde ösüp oturan tut agaçlarynyň şahalary hem çapylýar we mekdepleriň sport zallaryna getirilip, ýüpek gurçuklaryna iýmit hökmünde berilýär.

Ýerli ýaşaýjylar, umuman, soňky ýyllarda adamlaryň hususy mellek ýerlerinde ösüp oturan tut agaçlarynyň miweli baglary ösdürip ýetişdirmek maksady bilen barha köp çapylyp aýrylmagy, galyberse-de, sebite aralaşan gurakçylyk zerarly tut agaçlarynyň öňküleri ýaly gür ýapraklary çykarmazlygy ýaly oňaýsyz täsirler sebäpli, ýüpek gurçugyna ideg edýän adamlaryň ýaprak tapmakda kösenýändigini aýdýarlar.

Ýüpek gurçuklary ýapyk binalarda kadaly ýylylykda saklanýar. Galyberse-de, netijeli pile hasylyny öndürmek üçin, ýüpek gurçuklary tut agaçlarynyň ýapraklary bilen yzygiderli iýmitlendirilýär.

“Döwlet eýeçiligindäki ekerançylyk meýdanlarynyň gyrasynda ösüp oturan bir topar tut agajy şu ýyl eýesizlikden gurady” diýip, balkanly bir daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Welaýat häkimleri geçen hepde sanly ulgam geçirilen iş maslahatynda sebitlerde “pile öndürmek möwsümini üstünlikli tamamlamak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilýändigini” aýtdylar, ýöne zerur çäreler, şol sanda ýaprak üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýlar aýdyňlaşdyrylmady.

“Her mekdep 500 kilogram pile ýetişdirmäge borçly edildi” diýip, Bereket etrabyndan bolan bir magaryf işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Черчесов прилетел в Казахстан

Володин и делегация госдумы РФ прибыли в Алматы для заседания ОДКБ

Хронометраж партийного телеэфира («Первый», «Россия», НТВ, ТВЦ и Рен-ТВ) 26 мая – 1 июня 2024 года

FT: сделка по газопроводу Россия и Китая застопорилась из-за требований Пекина

Музыкальные новости

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» спасает население от борьбы с перенаселением, 5 серия, СЕРЬЁЗНЫЙ НОВОСТНОЙ СЕРИАЛ.

В России появился «рейтинг скрепности» регионов

В Туле наградили победителей межрегиональных соревнований по эстетической гимнастике "Кубок Роксэт"

Стали известны все участники РПЛ сезона-2024/2025

Новости России

Нарышкин возложил цветы к захоронению летчиков полка «Нормандия — Неман»

Разбивший голову Кубком России Алип заявил, что чувствует себя нормально

Фильм «Манюня: Приключения в Москве» стал лидером российского проката

Свыше 17 тысяч специалистов в Москве воспользовались льготной ИТ-ипотекой

Экология в России и мире

«585*ЗОЛОТОЙ» выступила партнером медиафестиваля творческой молодежи YOUPITER

Стоматолог Владимир Лосев: сколько времени нужно носить брекеты

«Заставлял Костомарова мыть свою машину, чтоб потом он на ней покатался по парковке!» Илья Авербух рассказал о дружбе с Романом Костомаровым в шоу «Вкусно с Анфисой Чеховой» на ТВ-3

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

Спорт в России и мире

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

Не ходите, дети, в теннис: как Андре Агасси и Штеффи Граф подарили детям право выбора

Российские ракетки сообразили на троих // Даниил Медведев, Мирра Андреева и Элина Аванесян дружно вышли в 1/8 финала теннисного Roland Garros

Прямая трансляция матча Елены Рыбакиной против экс-первой ракетки мира на «Ролан Гаррос»

Moscow.media

Пожар в пятиэтажке унес жизнь неосторожного курильщика

Торжественное возложение цветов к памятному знаку «Юным героям — партизанам и подпольщикам» в Феодосии

Белоусов и его зам продолжают зачистку. Настала очередь главного коммунальщика Минобороны. Обвинение просит 12 лет за взятку

Для строительства участка Приморского кольца в Калининградской области ищут подрядчика







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *