Pakistan Imran Hanyň partiýasyny gadagan etmegi göz öňünde tutýar – goranmak ministr
Pakistan ýurduň ozalky premýer-ministri Imran Hanyň “Tehrik-e Insaf” (PTI) syýasy partiýasyny gadagan etmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Pakistanyň goranmak ministri Khawaja Asif 24-nji maýda aýtdy.
“PTI-ýi gadagan etmek meselesine garalýar. PTI döwletiň mizemez esaslaryna hüjüm etdi. Muňa çydam etmek bolmaýar” diýip, Asif žurnalistlere aýtdy.
Bu aralykda, PTI-ýiň lideri we ozalky premýer-ministr Imran Han partiýanyň wise-prezidenti we ozalky daşary işler ministri Şah Mehmud Kureşiniň gaýtadan tussag edilendigini aýtdy. Han özüniň Twitter ýazgysynda Kureşiniň mundan birnäçe gün öň girewine tussaglykdan boşadylmagyna hem garamazdan, ýene saklanandygyny nygtady.
Hanyň özi hem 9-njy maýda korrupsiýa aýyplamalary esasynda tussag edilipdi. Ol soňy bilen suduň karary esasynda, girewiň öwezine azatlyga goýberildi.