Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Erdogan 20 ýyllyk dolandyryşynyň saýlaw synagynda ýeňiji boldy

Erdogan 20 ýyllyk dolandyryşynyň saýlaw synagynda ýeňiji boldy

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 28-nji maýda geçirilen saýlawlarda ýigrimi ýyllyk dolandyryş möhletini ýene bir gezek uzaltdy. Munuň bilen, ol özüniň Türkiýäni iki bölýän we ýurduň sebitdäki harby güýç hökmündäki pozisiýasyny güýçlendiren barha awtoritarlaşýan syýasatyny dowam etdirmek üçin ygtyýarlyk aldy.

Onuň saýlaw bäsdeşi Kemal Kylyçdaroglu bu ses berişligi "soňky ýyllaryň iň adalatsyz saýlawy" diýip atlandyrdy, ýöne onuň netijesini sorag astyna almady.

Resmi netijeler Kylyçdaroglunyň sesleriň 47,9%-ini, Erdoganyň bolsa 52,1%-ini alandygyny görkezip, ýurduň çuň iki bölege bölünendigini yşarat etdi.

Bu saýlawlar ýurduň taryhyndaky iň möhüm ses berişlikleriň biri hökmünde häsiýetlendirildi. Oppozisiýanyň Erdogany prezidentlik kürsüsinde çalşyp biljekdigi barada berk ynamy bardy. Türkiýede durmuşyň barha gymmatlamagy, Erdoganyň meşhurlygyny sarsdyrypdy.

Saýlawlaryň netijeleri boýunça, Erdogan ýene bäş ýyl möhlet bilen ýurdy dolandyrar. Onuň tankytçylary ony häkimiýeti öz elinde jemläp, demokratik gymmatlyklary sarsdyrmakda aýyplaýarlar. Erdogan bulary ret edýär.

Ol Ankarada eden ýeňiş çykyşynda ähli gapma-garşylyklary yzda goýjakdygyny, şeýle-de halky milli gymmatlyklaryň we arzuwlaryň esasynda birleşdirjekdigini wada berdi. Emma şol pursatyň özünde çykyşynyň äheňini üýtgedip, oppozisiýany tankytlap başlady we, hiç hili delil getirmezden, Kylyçdarogluny terroristler bilen ysnyşmakda aýyplady.

Erdogan Türkiýe üçin häzir iň esasy meseläniň inflýasiýadygyny aýtdy. Geçen ýyl bu görkezijiler 80%-e golaýlapdy. Saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň öňýanynda Türkiýäniň milli pul birligi lira hem rekord derejede pese gaçypdy.

Erdogan saýlaw kampaniýasy döwri, görnüşinden adamlaryň ünsüni ýurtdaky ýiti ykdysady meselelerden sowmak maksady bilen, ses berijilere milletçilik we konserwatiw çykyşlary bilen ýüzlendi.

Kylyçdaroglu saýlaw kampaniýasy wagty ýurdy has demokratik we jebislik ýoly bilen äkitjekdigini söz beripdi. Ol ýekşenbe güni geçirilen ses berişligiň adamlaryň awtoritar hökümetiň üýtgedilmegi boýunça isleglerini äşgär edendigini aýtdy we özi üçin ses berenlere minnetdarlygyny bildirdi.

Saýlawlarda Erdogany goldanlaryň aglabasy ony Türkiýe üçin “mynasyp lider” lider diýip atlandyrsalar, Kylyçdarogla ses berenler, esasan hem ýaşlar ses berişligiň netijelerinden lapykeç bolandygyny aýdýarlar.

“Ýaşlaryň köpüsiniň lapy keç boldy. Daş-töweregimdäki oppozisiýany goldanlary syn edýärin welin, olaryň hiç biriniň keýpi ýok. Ýagny bu ýurtda biz bahary unutduk, ýazy özümiz döretmeli boljak. Görnüşinden adamlar gyşdan hoşal. Bu ýerde edip boljak zat ýok” diýip, Stambulyň ýaşaýjysy, aklawçy Hulýa Ýildirim 29-njy maýda Reuters gullugyna aýtdy.

Erdoganyň ýeňişi Türkiýedäki köp sanly türkmen migrantlarynyň arasynda hem dürli garaýyşlary döretdi. Häzir Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwisti Merdan Bodrow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde bu saýlawlaryň öz watanynda syýasy bäsdeşligiň tas ýok edilmegi bilen, türkmen migrantlary üçin syýasy düşünje taýdan peýdaly bolandygyny çaklady.

Türkiýe geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmenistanlylar üçin 30 günlük wizasyz syýahat düzgünini ýatyrmagyna hem garamazdan, henizem türkmen raýatlary üçin özüne çekiji ugur bolmagynda galýar.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň sanlaryna görä, häzirki wagtda 222 müň töweregi türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Ýöne resmi däl sanlar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň has köpdügini görkezýär.

Kylyçdaroglunyň ýeňilmegi Türkiýäniň NATO ýaranlary, Erdoganyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gurýan gatnaşygyndan howatyrlanan ýurtlar üçin gynançly habar boljaga meňzeýär. Putin Erdogana özüniň ýeňiş gutlugynda “eziz dostum” diýip ýüzlendi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden özüniň Twitter hasabynda “Men ikitaraplaýyn we umumy global meseleler boýunça NATO ýaranlary hökmünde bile işleşmegi dowam etdirmäge nazar aýlaýaryn” diýip, ýazgy galdyrdy.

Erdoganyň Şwesiýanyň NATO agzalygyna garşy çykmagy, Ankaranyň Moskwa bilen ýakyn gatnaşyklary saklamagy we Siriýa boýunça ylalaşmazlyklar ABŞ bilen Türkiýäniň gatnaşyklaryny kynlaşdyrdy.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Erdogany ýeňşi bilen gutladylar. Öz ilatynyň esasy azatlyklaryny berk çäklendirmekde tankyt edilýän Berdimuhamedowlar munuň “demokratiýa eradasy esasynda gazanylan syýasy ýeňiş” bolandygyny öňe sürdüler.

Erdoganyň tankytçylary onuň ýeňişi bilen Türkiýäniň dolulygyna awtoritar döwlete öwrüljekdigine alada bildirýärler.

Erdogan 2014-nji ýylda Türkiýäniň prezidenti boldy, oňa çenli 2003-nji ýyldan başlap ol ýurdy premýer-ministr hökmünde dolandyrdy. Birleşen oppozisiýadan dalaşgär hödürlenen Kylyçdaroglu 2002-nji ýyldan bäri ýurduň parlamentiniň agzasydyr. Ol 2010-njy ýyldan başlap Respublikan Halk partiýasyna hem ýolbaşçylyk edip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

XV Международный форум «Экология» состоится в городе 4-5 июня

Ни "халяль", ни "грешниц": Церковь и Роспатент подготовили особый запрет для бизнеса

Куценко признался, что стал актером из-за влюбленности в Веру Сотникову

В Самарском театре драмы состоится премьера спектакля "Два благородных дона"

Музыкальные новости

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним

Энергетики «Смоленскэнерго» готовятся к работе в условиях непогоды

Выгодно ли покупать квартиру в новостройке?

Топ-клуб РПЛ из Москвы заинтересован в трансфере Зайнутдинова

Новости России

Подготовка к реконструкции завершилась на Центральном московском ипподроме

Вечер отечественных балетных достижений: в Большом театре прошел выпускной концерт МГАХ

В Самарском театре драмы состоится премьера спектакля "Два благородных дона"

Асад объявил кое-что важное. До победы там Сирии и России остались месяцы?

Экология в России и мире

Секрет долгожителей Азии раскрыт: гастроэнтеролог Садыков рассказал о пользе красного риса

Бесплатные ежедневные тренировки от сети фитнес-клубов Spirit. Fitness в парке Горького/Музеон

Фотопрогулка по советским городам. Классная серия!

Дело об избиении в Московской области азербайджанцем молотком участника СВО расследуют повторно

Спорт в России и мире

Даниил Медведев назвал трёх людей в истории тенниса, с которыми хотел бы поужинать

Медведев высказался об игре Свёнтек

Синнер повторил достижение Джоковича и Надаля по победам на "Больших шлемах"

Димитров пробился в четвертьфинал Открытого чемпионата Франции

Moscow.media

Аккумулятор неанонсированного Samsung Galaxy Z Fold6 Ultra сертифицировали

Военные следователи продолжают оказывать гуманитарную помощь военнослужащим, находящимся в полевых госпиталях

Российские учёные зарегистрировали очередную сильнейшую вспышку на Солнце

Российские топ-компании получили предложение привезти на ПМЭФ Канье Уэста...за $1 млн







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *