AÖB-niň Türkmenistandaky täze strategiýasyny işläp düzýändigi aýdylýar
Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) Türkmenistanyň hususy pudagynyň, adam kapitalynyň ösüşine we howanyň üýtgemegine gönükdirilen täze strategiýany işläp düzýär diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri Aziýanyň Ösüş bankynyň resmi web sahypasyna salgylanyp ýazýar.
AÖB-niň wise-prezidenti Şisin Çen Türkmenistanda eden bäş günlük saparynyň çäginde AÖB-niň dolandyryjysy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Toýly Mälikow, wise-premýerler Baýmyrat Annamämmedow, Hojamyrat Geldimyradow, Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew we beýleki resmiler bilen duşuşdy diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de, bankyň 2024-2028-nji ýyllar üçin Ýurt hyzmatdaşlygy strategiýasynyň kiçi we orta kärhanalara, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, sanly tehnologiýalara, gün energiýasyny ösdürmäge we suw pudagyny goldamaga gönükdiriljekdigi, AÖB-niň 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistana takmynan 635 million ABŞ dollaryny bölüp berendigi aýdylýar.
Habarda aýdylmagyna görä, AÖB-niň wise-prezidenti sapar wagtynda milli elektrik toruny güýçlendirmek, dört sebitde dört sany täze we üç sany köne podstansiýalary giňeltmek üçin düzülen taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy.
Mundan başga, habarda AÖB-niň Türkmenistanda demir ýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak taslamasy bilen gyzyklanýandygy ýaňzydylýar.