Gyrgyz prezidenti 'kölegeli maýanyň' kanunlaşdyrylmagyna ýol açýar
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, hökümetiň gyrgyz ykdysadyýetindäki içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyrmak we "kölege ykdysadyýeti" diýilýän derejäni peseltmek tagallalarynyň çäginde, emläk amnistiýasy baradaky kanuna gol çekdi.
Žarowyň web sahypasynda aýdylmagyna görä, Merkezi Aziýa ýurdunyň kanun çykaryjylarynyň maý aýynyň başynda şahsy emläkleriň meýletin kanunlaşdyrmagy we amnistiýasy barada tassyklan kanuny bikanun gazanylan pullary we emläkleri hem öz içine alýar we şahslaryň pullaryny we emläklerini ýurduň kanuny ykdysadyýetine çekmegi maksat edinýär.
Oppozisiýa syýasatçylary we käbir jemgyýetçilik işgärleri bu kanun taslamasyny tankyt edip, onuň Gyrgyzystanyň konstitusiýasyna, ýurduň halkara borçnamalaryna we şertnamalaryna, ýurduň korrupsiýany ýok etmek tagallalaryna ters gelýändigini aýtdylar.
Şeýle-de, tankytçylar bu taslamanyň korrumpirlenen resmileriň we telekeçileriň adalatdan gaçmagyna kömek edýändigini aýdýarlar.
Emma Žaparow Gyrgyzystanyň milliarderlerine emläklerini, şol sanda nagt pullaryny ýurda getirmäge ýol açjak kanuny gorady we ol serişdeleriň gyrgyz ykdysadyýetini ösdürmek üçin zerurdygyny aýtdy.