Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan beýan azatlygynyň ýagdaýy boýunça global hasabatda yzdan üçünji orny eýeledi

Türkmenistan beýan azatlygynyň ýagdaýy boýunça global hasabatda yzdan üçünji orny eýeledi

Article 19 britan adam hukuklary guramasynyň dünýäde beýan azatlygynyň ýagdaýy boýunça çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan 161 ýurduň arasynda yzdan üçünji setirde ýerleşdirildi.

“Global expression report – 2023” dünýä ýurtlarynda adamlaryň pikir azatlygyny, pikirlerini aýtmak, beýan etmek azatlygyny we maglumat azatlygyny seljerýär.

Türkmenistan “Ýewropa we Merkezi Aziýa” sebitinde 49 ýurduň arasynda Belarusdan soň iň yzdaky orny eýeledi.

Dünýä ýurtlarynyň arasynda diňe 161-nji orundaky Demirgazyk Koreýadan we 160-njy orundaky  Siriýadan öňe saýlanyp bildi. Halkara hasabatda Türkmenistan yzdan üçünji, Belarus yzdan dördünji orny eýeledi.

Hasabatda ýurtlardaky beýan azatlygynyň ýagdaýy “açyk”, “az çäklendirilen”, “çäklendirilen”, “ýokary derejede çäklendirilen” we “krizisde” diýen bäş kategoriýa bölünipdir. Şeýle-de, ýurtlara 0 baldan 100 bala çenli baha berilýär. Iň pes baha 0, iň ýokary baha 100 bal hasaplanýar. Türkmenistan bir bal bilen beýan azatlygynda we maglumat azatlygynda “krizisdäki” ýurtlaryň hatarynda orun aldy.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gyrgyzystan 104-nji, Gazagystan 121-nji, Özbegistan 133-nji, Täjigistan 149-njy we Türkmenistan 159-njy setirde ýerleşýär.

Türkmenistanyň goňşulary Eýran we Owganystan, şeýle-de hazarýaka goňşusy Azerbaýjan hem beýan azatlygy çäklendirilýän “krizisdäki” ýurtlaryň hataryna goşulypdyr. Türkmenistanyň ýakyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlary bolan Türkiýe we Hytaý hem beýan we maglumat azatlygy “krizisde” galýan ýurtlaryň sanawyna girýär.

Post-sowet ýurtlardan Belarus we Russiýa hem beýan azatlygynyň dünýä kartasynda goýy gyzyl reňkde görkezilýär we iň yzdaky kategoriýada orun alýar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar ýyllarboýy Türkmenistanda söz, beýan, metbugat, pikir, din-wyždan we maglumat azatlygynyň ýagdaýyna alada bildirip gelýärler. Hususan-da, türkmen häkimiýetleri söz we metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edilýär.

Ýatlasak, Türkmenistan Serhetsiz reportýorlar guramasynyň 3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygy gününde çap eden iň täze ýyllyk hasabatynda 180 ýurduň arasynda yzdan dördünji orny eýeläp 176-njy bolupdy.

Ýurtda garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdesi hökmünde ykrar edilen media guramasy ýok, döwlet eýeçiligindäki teleradio kärhanalary we metbugat serişdeleri diňe döwlet syýasatyny mahabatlandyrmak we ýutda gazanylandygy aýdylýan ösüşleri taryplamak bilen borçlandyrylýar.

Şol bir wagtda, ýurduň çäginde Facebook, Instagram we Twitter ýaly iri sosial torlaryň ählisi petiklenýär. Raýatlar sosial media saýtlaryna girmek üçin, häkimiýetleriň petiginden sowlup geçmäge mümkinçilik berýän VPN-lerden peýdalanmaga mejbur bolýarlar.    

Galyberse-de, Türkmenistanda Internet azatlygynyň ýagdaýy boýunça mundan ozal geçirilen barlaglar ýurtda 122 müňden gowrak domen salgysynyň petikde saklanýandygyny anyklady.

Häkimiýetler raýatlara öz pikirlerini aýtmaga, beýan etmäge rugsat bermezlikde tankyt edilýär, pikir beýan etmegiň ähli gurallary media guramalary, şol sanda teleradio kärhanalary, metbugat serişdeleri, gazet-žurnallar, galyberse-de, onlaýn neşirler, hökümetçi habar saýtlary, sosial media saýtlary, mundan başga-da sungatyň we edebiýatyň üsti bilen pikir beýan etmegiň gurallary, umuman pikir beýan etmek üçin zerur bolan ähli serişdeler, Türkmenistanda berk döwlet gözegçiligi astynda saklanýar.

“Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda habarlar diňe režimi taryplamaga gönükdirilýär” diýip, düýbi Parižde ýerleşýän Serhetsiz reportýorlar guramasynyň soňky hasabatynda aýdylýar.

Article 19 adam hukuklary guramasynyň hünärmenleri dünýäde azatlyklaryň umumy ýagdaýynyň 10 ýyl öňküsi bilen deňeşdirilende has-da ýaramazlaşandygyny, adamlaryň maglumat, pikir we beýan azatlyklaryny gysmak çäreleriniň global meýillere öwrülip barýandygyny aýdýarlar.

Dünýäde Daniýa, Şwesiýa we Norwegiýa ilkinji üçlügi eýeledi. Birleşen Ştatlar sanawda 21-nji orunda ýerleşdirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň 19-njy maddasyna görä, her bir adamyň ynam-ygtykatlarynyň azatlygyna we olary erkin beýan etmekligine hukugy bar; bu hukuk öz ynam-ygtykatlaryna bökdençsiz eýermek azatlygyny we maglumatlary we pikirleri islendik serişdeler arkaly we döwlet serhetlerine garamazdan gözlemek, almak we ýaýratmak azatlygyny öz içine alýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Мигранты покупали отцовство в Приморье, чтобы попасть в Россию

Еленин день: что можно и нельзя делать 3 июня 2024 года

Детсад на 300 мест в подмосковном ЖК «Люберецкий» готов на 90%

В Москве выросла популярность грантов на патентование

Музыкальные новости

Как Россия разгромила Польшу и вернула Смоленск

На борту самолета, летевшего из Москвы в Турцию, из-за жары погибла кошка якутского пилота

Выгодно ли покупать квартиру в новостройке?

Отельеры вступают в Игры дружбы // Стоимость размещения в гостиницах растет

Новости России

Литературный пикник "Собирайся, детвора, летняя пришла пора!", ко Дню защиты детей

«Смарт Горизонт», технологический оператор в составе ПАО «СТГ», получил статус аккредитованной ИТ-компании от Минцифры

Детсад на 300 мест в подмосковном ЖК «Люберецкий» готов на 90%

В Москве выросла популярность грантов на патентование

Экология в России и мире

AlfaBiom выпустили на рынок России БАД с красным ферментированным рисом

Пегас сделал важное заявление по Египту: стали известны цены на туры на предстоящую зиму

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

Фотопрогулка по советским городам. Классная серия!

Спорт в России и мире

Не ходите, дети, в теннис: как Андре Агасси и Штеффи Граф подарили детям право выбора

Даниил Медведев назвал трёх людей в истории тенниса, с которыми хотел бы поужинать

Прямая трансляция матча Рыбакиной с победительницей четырех "Больших шлемов"

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции

Moscow.media

Вечернее поле.

Аккумулятор неанонсированного Samsung Galaxy Z Fold6 Ultra сертифицировали

Дайджест новостей «Грузовичкоф» за май

Дизельный, рамный, с блокировками. Новый внедорожник скоро появится в России







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *