Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Balkanly goja: Jaý satyn almak beýlede dursun, güzeranymyzy zordan aýlaýarys

Häkimlik ne ýer berýär, ne-de jaý berýär diýip, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň ýaşaýjysy, 70 ýaşly Meret aga (ady üýtgedildi) aýdýar.

Ol dört ogly, dört gelni we dokuz agtygy bilen, 18 adam bolup, dört-bäş otagly howly jaýda ýaşaýar. Meret aga ogullaryny we gelinlerini bölek çykarmak üçin, öý edinmek ýa-da mellek ýerini satyn alyp, täze jaý salynmak synanyşyklarynyň netije bermeýändigini, güzeran şertleriniň agyrlaşandygyny aýdýar. Bu aralykda, sebitde täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy yglan edilýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ipoteka jaýlarynyň töweregindäki käbir jikme-jiklikleri öwrendi.

Balkanly goja mellek ýerleri bilen bagly etrap häkimligine beren ýüztutmalarynyň jogapsyz galýandygyny, sebitdäki boş ýerleriň bolsa, köplenç ipoteka jaýlaryny gurýan ýerli firmalara bölünip berilýändigini aýdýar. Ol pensiýasynyň we ogullarynyň aýlyk gazanjynyň hasabyna bolsa, ipoteka jaýlaryny satyn almagyň mümkin däldigini, olaryň bahalarynyň aşa gymmatdygyny gynanyp, gürrüň berýär.

“Gaýgysyz garrylygy, eşretli durmuşy görerin öýdüp, umyt edipdim, ýöne dört ogul we dört gelin bilen, howly jaýda ylalaşyp ýaşamak tas mümkin däl. Ykdysady kynçylyklar we gymmatçylyk zerarly, pensiýamyz we çagalaryň aýlyk gazançlary öý satyn almak beýlede dursun, güzeran aýlamaga zordan ýetýär” diýip, Meret aga gürrüň berdi.

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş jaý meselesi köpýyllyklaryň dowamynda ýiti problema bolmagynda galýar. Oba we etrap ýerlerinde san taýdan giňeýän köp hojalyk adatça döwletden mellek ýerlerini alyp, howly jaýlaryny dikleýärler. Ýaş maşgalalaryň girdejileri köplenç özbaşdak bina edilýän howly jaýlaryň gurluşygyna siňdirilýär. Adamlar mellek ýerlerinde köplenç toýun-toprakdan galdyrýan jaýlaryny tapgyrlaýyn gurýarlar we gurluşyk işleri birnäçe ýyla çekýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen hökümeti şäher ýerlerinde, hususan-da paýtagt Aşgabatda we beýleki sebitlerde köp gatly jaýlaryň, kottežleriň, kaşaň-kaşaň myhmanhanalaryň we beýleki desgalaryň gurluşygyna milliardlarça dollar harçlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar býujet işgärleriniň agramly böleginiň, şol sanda lukmanlaryň we mugallymlaryň sebitlerde gurulýan kottež jaýlary satyn almaga gurbunyň çatmaýandygyny aýdýarlar.

“Ýönekeý adamlaryň aýlyklary ipoteka berilýän täze kottež jaýlaryny satyn almaga ýetmeýär. Ipoteka jaýlaryny satyn alan ýagdaýynda hem, mugallymlaryň we beýleki býujet işgärleriniň, karzlaryny töläp bilmän, täze jaýlardan çykarylýan halatlary bolýar. Karzlaryny töläniň bilenem, her aý azyk harytlary, gaz we elektrik energiýasy we beýleki çykdajylar üçin üçin töleg tölemeli. Döwletde işläp, goşmaça gazanç etmek hem mümkin däl. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, ýönekeý býujet işgärleri üçin, ýaşaýyş jaýlaryny ilata elýeter etseler, gowy bolardy” diýip, balkanly goja aýdýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenbaşy etrabynyň ilat arasynda Janga atlandyrylýan Türkmenbaşy şäherçesinde we Akdaş şäherçesinde bir we iki gatly kottež toplumlarynyň gurulýandygyny we täze jaýlaryň ipoteka bank karzlarynyň hasabyna 15-30 ýyl möhlet bilen öý eýelerine berilýändigini habar berýär.

Onuň öwrenen maglumatlaryna görä, bir etaž, dört otag jaýlar 80 inedördül metr ýer bilen 700 müň manatdan, iki etaž, bäş otag kottež jaýlary bolsa, 80 inedördül metr ýer bilen, 1 million 300 müň manatdan satylýar.

Bu serişdeler walýutanyň gara bazar bahasy boýunça degişlilikde 36 müň we 65 müň dollara, resmi alyş-çalyş kursy boýunça degişlilikde 200 müň we 371 müň dollara barabar bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar ipoteka berilýän täze jaýlaryň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän adamlar üçin aşa gymmatdygyny aýdýarlar.

“Döwletiň berýän aýlygy bilen ipoteka karzyny tölemek asla mümkin däl, eger raýat häzirki wagtda 3 müň manat aýlyk alan ýagdaýynda hem, her aý ipoteka karzy üçin 3700 manat töleg geçirmeli, ýyllyk 20 göterim tölegi hem tölemeli” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, “Biznes Türkmenistan” neşiri aprel aýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesinde 37 sany bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy boýunça bäsleşigiň yglan edilendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenbaşy we Akdaş şäherçelerinde täze jaýlaryň gurluşygyna Balkan welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça badalga berlendigini habar berýär.

Türkmenbaşy şäherçesi Türkmenbaşy etrabynyň çägine girýär.

“Köp maşgalalar öý almakda kynçylyk çekýärler. Muňa döwletiň gurýan jaýlarynyň bahalarynyň aşa gymmat bolmagy sebäp bolýar” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti soňky ilat ýazuwynyň hem-de ilatyň ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijelerini köpçülige äşgär etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Стратегическая зависимость. От чего не смог отказаться ЕС даже под санкциями

"Шли пешком, потом начали бежать": что известно о ЧП в столичном метро

Ситуация под Авдеевкой на сегодня. Карта боевых действий от 1 июня 2024 года, ВС РФ продвигаются

Мишустин внес изменения в правила продажи валютной выручки экспортерами

Музыкальные новости

«Заставлял Костомарова мыть свою машину, чтоб потом он на ней покатался по парковке!» Илья Авербух рассказал о дружбе с Романом Костомаровым в шоу «Вкусно с Анфисой Чеховой» на ТВ-3

В Екатеринбурге Росгвардия обеспечила правопорядок на переходном матче Чемпионата России по футболу

В Республике Марий Эл с успехом прошел кинофестиваль «Движение по вертикали» памяти Станислава Говорухина

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

Новости России

Заворотнюк похоронят рядом с Гафтом и Шатуновым на Троекуровском кладбище

Люди начали собираться на прощание с российской актрисой Анастасией Заворотнюк

Московская пенсионерка пошутила над мошенниками, подменив деньги бумагой

«Сапа»: пенсионерка из Москвы согласилась отдать мошенникам деньги и обманула их

Экология в России и мире

«585*ЗОЛОТОЙ» выступила партнером медиафестиваля творческой молодежи YOUPITER

VK Fest 2024: Музыка и Развлечения на Открытых Площадках России

В РУМЦ МГППУ действует правовой просветительский лекторий для студентов с инвалидностью и сотрудников вузов-партнеров

Елена Шерипова: самые модные головные уборы на лето

Спорт в России и мире

Арина Соболенко повторила уникальное достижение Азаренко на турнирах «Большого шлема»

Парижские сюжеты: Медведев играл в кошки-мышки, Котов творил историю, Калинская заставляла нервничать Синнера

Вице-президент ФТР Селиваненко: у Рублева не пошла игра с Арнальди

Мирра Андреева вышла во второй круг Открытого чемпионата Франции

Moscow.media

В Кировском районе Крыма проверили бывших мигрантов, не вставших на воинский учет

Распределяй и управляй: водители «Грузовичкоф Бизнес» – о преимуществах работы и трудовых буднях  

Одна ночь на Вуоксе

Удаленная настройка охранных комплексов StarLine







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *