Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen resmisi, döwlet edaralarynyň raýatlaryň ýüzlenmelerine jogap bermeýändigini tassyklady

Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy edarasy Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty boýunça komitetiniň başlygy döwlet edaralarynyň raýatlaryň ýüzlenmelerine reaksiýasynyň ýokdugyny mälim edipdir. Garaşsyz neşir “Turkmen.news” resminiň ýazmaça ýüzlenmesiniň tekstini çap etdi.

Komitete 2021-nji ýylyň aprelinde ýolbaşçylyk eden Guwançmyrat Agaýewiň ýüzlenmesinde şeýle diýilýär: “Türkmenistanyň Halk Maslakhatyna birnäçe arza, teklip we haýyş gelip gowuşdy. Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty komiteti olary degişli bölümlere garamak üçin iberdi we ýerine ýetirilen işler barada ýazmaça hasabat bermegi haýyş etdi. Emma häzirki wagtda görülýän çäreler barada resmi habar ýok. Bu, raýatlaryň hatlaryna öz wagtynda jogap bermeginiň öňüni alýar. Bu problemalary çözmäge kömek ediň ".

Bu haty çap eden “Turkmen.news” garasyz neşirine görä, Agaýew Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewe ýüz tutupdyr. Neşir hatyň ýzylan senesini anyklaşdyrmaýar we onuň Halk Maslahatynyň ýene bir öýli organa öwrülmeginden öňki döwre degişli bolmagyny çak edýär. Maglumatda Agaýewiň inisiatiwasynyň soňunda nähili netije berendiginiň we Kasymguly Babaýewiň şikaýata beren jogabynyň belli däldigi bellenýär.

Resminiň arzasynyň ýanynda 2021-nji ýylyň iýul-sentýabr aýlaryna degişli jogapsyz galan ýedi sany arzasy agzalýar. Olar Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Annabagt Orazmammedowanyň iş bilen baglanyşykly ýüzlenmesi, aşgabatly Bahar Kerwenowanyň we Gurbannepes Çorliýewiň ýaşaýyş jaý meselesi, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Suluk Annaýewanyň ýaşaýyş jaý meselesi baradaky arzasy, Mary welaýatynyň ýaşaýjylary Kakabaý we Ogulgurban Baýmyradowlaryň ýaşaýyş jaý meselesi baradaky arzasy, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Setdar Baýramgylyjowyň iş meselesi baradaky arzasy, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Haltaç Sahedowanyň daşary ýurtda bejergi almak üçin resminama almak baradaky arzasy, diýip, Turkmen.news ýedi arzanyň ikisiniň işe ýerleşmek meselesine degişlidigini belläp geçdi.

Halk Maslahatynyň ýülenmesine jogap bermedikleriň arasynda Aşgabadyň we Balkan welaýatynyň häkimlikleriniň, şeýle hem Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrliginiň hem-de Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bardygy habarda aýdylýar.

Garasyz neşir, raýatlar Halk Maslahaty hat ýazan bolsalar, bu olaryň ozal häkimliklere we ministrliklere ýüz tutandyklaryny aňladýar. Türkmenistanda ýokary derejeli ýolbaşçylara diňe ýerlerde adalat gazanmakdan umytsyz bolan raýatlar ýüzlenýärler, diýip ýazýar we Agaýewiň ýüzlenmesiniň bu meseläniň häkimiýetiň iň ýokary gatlaklaryna mälimdigini we olaryň çäre görmäge iň bolmanda synanyşýandygyny görkezýän seýrek bir mysal diýip belleýär. 

Türkmenistanda raýatlaryň arzalaryna seretmek boýunça birnäçe edara döredilipdi. 2008-nji ýylda kanun goraýjy edaralaryň işi bilen baglanyşykly raýatlaryň arzalaryna garamak boýunça prezidentiň ýanynda döwlet topary döredilipdi. Raýatlaryň şikaýatlaryna kanun gorýajy edaralar, şol sanda prokuratura we Ombudsmeniň edarasy hem seredýär.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň, Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň, garaşsyz metbugat çeşmeleriniň habar berşi ýaly, Türkmenistanda raýatlaryň köp sanly arzasy kanagatlanmaýar. Käbir hadysalarda raýatlar öz hukuklaryny gazanmak synanyşyklary üçin häkimiýetler tarapyndan yzarlanýar.

Häkimiýetler raýatlaryň arzalary bilen baglanyşykly ýagdaý barada düşündiriş bermeýärler, resmi sanlary tas düýpden çap etmeýärler. Şol bir wagtyň özünde, resmi hasabatlarda wagtal-wagtal peýda bolýan seýrek sanlar, garalýan şikaýatlaryň we ýüzlenmeleriň sanynyň ujypsyzdygyny görkezýär.

Şeýlelik-de, Ombudsmeniň soňky hasabatynda 2022-nji ýylda edaranyň raýatlardan jemi 523 ýüzlenmäni, şol sanda raýat we syýasy hukuklar bilen baglanyşykly 65 ýazmaça we 27 dilden ýüzlenmäniň kabul edendigi aýdylýar. Olardan diňe 7-si kanagatlandyrylypdyr. 

Şeýle hem, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, raýatlaryň kanun bozulmalary, jenaýat işleri ýa-da gozgalan jenaýat işleri boýunça derňew çärelerinden nägilelik bildirmegi bilen bagly arzalarynyň köpelendigi bellendi. Hasabatda habar berlişi ýaly, Ombudsmeniň edarasy kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerinden nägilelik bildirýän şikaýatlaryň köpelmeginiň öňüni almak üçin şeýle şikaýatlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin işleri güýçlendirmegi, şeýle-de ýüzlenmeleri hasaba almak, olary düýpli öwrenmek we derňew işleriniň barşynda derňew edaralary tarapyndan raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi teklip edýär.  

Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça Baş wekiliniň ýyllyk hasabatynda şikaýatlaryň esasan ýaşaýyş jaý meselesi, suduň kararlaryndan we ýerine ýetirilişinden nägilelik, migrasiýa meseleleri, zähmet kanuny, ýer kanunlary, bilim hukugy, hossarlyk hukugy, kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň nädogry hereketlerinden nägilelikler, günä geçişler, sosial üpjünçilik, saglyk hukugy, bank meseleleri, propiska - hasaba alyş we gaz, elektrik hem suw bilen baglanyşykly meselelere degişli bolupdyr. 

Türkmenistan ýyllarboýy adam hukuklarynyň bozulýandygy we raýatlaryň kanuny hukuklaryny goramak üçin ýurtda iş ýüzünde mehanizmleriň we mümkinçilikleriň ýoklugy üçin tankyt edilýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Директор Росгвардии генерал армии Виктор Золотов принял участие в торжественных мероприятиях, посвященных 100-летию дивизии имени Ф.Э. Дзержинского

В подмосковном Пушкино за поножовщину задержан местный житель

В Подмосковье медведь пробежался у жилых домов и попал на видео

Багреева: Москва показала самый низкий уровень безработицы среди мегаполисов G20

Музыкальные новости

"Зенит" проведет в межсезонье три контрольные игры

Сергей Собянин. Главное за день

«Не кричи!»: Елена Север и Филипп Киркоров представили совместный клип и трек

В Fortnite прибудет группа Metallica и новый режим

Новости России

В Мытищах дан старт продаж квартир в ЖК «Страна. Парковая»

В Щелкове 14 июня состоится фестиваль многожанровой музыки

Мария Багреева: Москва лидирует среди мегаполисов G20 по уровню безработицы

Солнечная погода возвращается в Реутов

Экология в России и мире

Захарова: армянам - нота, апшеронцам – «да»

Более 3 тысяч ВИЧ-позитивных пациентов получили за год комплексную социальную помощь в Свердловской области

В Москве пройдет выставка Евгении Васильевой «Между пороком и добродетелью»

Metatokens: инновационная платформа для дохода в экосистеме TON и ETH

Спорт в России и мире

Самсонова вышла во второй круг турнира в Хертогенбосе

Блинкова вылетела с турнира WTA в Хертогенбосхе

Итальянский теннисист Синнер стал лучшей ракеткой мира в рейтинге ATP

Глава ATP вручил Яннику Синнеру награду первой ракетки мира

Moscow.media

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Соцфонд выдал проактивно 3,2 млн сертификатов на материнский капитал

«Байкал Сервис» снижает тарифы из городов Дальнего Востока

ТСД промышленного класса Saotron RT-Т510

Большая часть российских автомобилистов готова перейти на б/у запчасти







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *