Özbek şäheriniň öňki häkimine korrupsiýa üçin 11 ýyl berildi
Termeziň, Özbegistanyň günortasynda ýerleşýän serhet şäheriniň öňki häkimi korrupsiýa aýyplamalary esasynda 11 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Termez şäher kazyýeti 27-nji iýulda Isroil Hudoýberdiýewi ogurlukda, wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda, para bermekde we pul ýuwmakda günäli tapdy.
Hudoýberdiýew şäher häkimi wezipesinden sentýabr aýynda tussag edileninden soň boşadyldy.
Ol 2017-nji ýyldan bäri Termeziň häkimi bolup işleýärdi. Hudoýberdiýewiň tussag edilmegi prezident Şawkat Mirziýoýewiň 14 şäheriň we etrabyň häkimlerini wezipesinden boşadan wagtyna gabat geldi.