Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenabatlylar ýerli alkogolsyz gazly içgileriň we şerbetleriň hilinden ‘şikaýat edýär’

Türkmenabatlylar ýerli alkogolsyz gazly içgileriň we şerbetleriň hilinden ‘şikaýat edýär’

Türkmenistanyň söwda tekjelerinde Coca-Cola alkogolsyz içginiň seýreklemegi bilen, bu brendiň adyna kybapdaş ýerli gazly suwlaryň dürli görnüşleri hödürlenip başlady. Coca-Cola içgisinden tas bäş esse arzan satylýan ýerli gaplanan suwlaryň hiliniň we tagamynyň has pesdigi bellenilýär.

Şeýle-de, ýerli lukmanlar bularyň önümçiliginde doly barlagdan geçmedik serişdeleriň ulanylýandygyny, munuň hem soňy bilen onkologiýa hassalygyna ýol açyp biljekdigini duýdurýarlar.

“1,5 litrlik Coca-Cola 25 manatdan satylsa, muňa meňzetme hökmünde öndürilen ýerli içgiler bäş manatdan ýerlenýär. Tomsuň jöwzasynda adamlar, şol sanda çagalar, bahadaky tapawut sebäpli, ýerli içgilere has köp ýykgyn edýärler” diýip, Lebabyň merkezi şäheri Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Ýöne ol ýerli suwlaryň käbiriniň düýbünde çökündileriň emele gelýändigini, şeýle-de gaby açylanda, onuň has köp köpürjikleýändigini belleýär.

“Bularda tagam-tagsyr hem ýok. Bulgura guýlanda, onuň ýarpysyndan hem köpüni köpürjek düzýär, wagtyň geçmegi bilen onuň düýbünde çökündiler hem peýda bolýar. Bulary içeniňden soňam, dişleriňde gara tegmiller galýar” diýip, söhbetdeşimiz 3-nji awgustda aýtdy.

Habarçymyz bu hili ýagdaýlary şerbetli miweli suwlaryň mysalynda hem synlasa bolýandygyny nygtady.

Şol bir wagtda, ýerli saglyk işgärleri bu suwlary öndürmek üçin, daşary ýurtlardan getirilýän serişdeleriň talaba laýyk barlagdan geçirilmeýändigini aýdýarlar, we munuň soňy bilen saglyk meselelerine, şol sanda onkologiýa hassalygyna ýol açyp biljekdigini duýdurýarlar.

Bu mesele boýunça Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan saglyk işgäri telekeçileriň getirýän serişdelerini paranyň öwezine talaba laýyk barlagdan geçirmän, degişli güwanalarany alýandyklaryny aýtdy. Ol bularyň, şol sanda miweli şerbetleri öndürmek üçin getirilýän poroşoklaryň düzüminde-de düwnük keseliniň ýaýramgyna getirip biljek howply jisimleriň bolmagynyň mümkindigini duýdurdy.

Azatlyk türkmenabatly lukmanyň bu aýdanlaryny resmi ýagdaýda tassykladyp bilmedi. Bu barada sebitiň “Türkmenstandartlary” gullugyndan hem maglumat ýa teswir almak başartmady.

Emma soňky döwür türkmen häkimiýetleriniň raýatlary, hususan-da zenanlary mümkin düwnük keseli boýunça medisina barlaglaryndan köpçülikleýin geçirýändigi barada maglumatlar gowuşýar. Muňa ýurtda aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keseliniň ähli görnüşleriniň aşa köpelmeginiň sebäp bolýandygy bellenilýär.

Türkmenistanda Coca-Cola içgileriniň gytçylygym2017-nji aýagynda döräp başlady.

Kompaniýanyň resmi websaýtynda çap bolan maglumatda 1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň çäginde hereket edýän “Coca-Cola Türkmenistanyň” 2009-njy ýylda Coca-Cola İçecek kompaniýasynyň eýeçiligine geçip, 350 adamdan gowrak işgärine eýe bolan bir zawody bilen 6 million adamy üpjün edendigi habar berilýär.

Habarçylarymyz şu günki gün Türkmenistanda “Coca-Cola" kompaniýasynyň Dubaýda, Özbegistanda we Eýranda öndürilen önümleriniň satylýandygyny aýdýarlar. Emma olaryň diňe seýrek söwda nokatlarynda tapdyrýandygy we olaryň bahasynyň köpler üçin elýetersizdigi bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Атаки на Гагаузию со стороны официального Кишинева усиливаются

Подросток случайно убил пристававшего к нему незнакомца в Москве

Красногорский филиал Музея Победы подготовил специальную программу ко Дню России

ЕС не тех боялся: у "добренького" гегемона оказался ужасный план

Музыкальные новости

За один день работники Уссурийского ЛРЗ и их дети выполнили сменно-суточное задание по ремонту 129 паровозиков

Бастрыкин затребовал доклад об исчезновении девушки в Новосибирске 15 лет назад

Определят победителя на конкурсе театральных коллективов школ в УЛАН-УДЭ нс конкурсе детей Алтан Баг - Театр, Новости и Культура, Дети, Россия

Андрей Воробьев: около 110 новых магазинов «Магнит» построят в Подмосковье

Новости России

Белый дом допустил приход ряда договоров с Россией на смену ДСНВ

Подросток случайно убил пристававшего к нему незнакомца в Москве

Подросток случайно убил пристававшего к нему незнакомца в центре Москвы

ЕС не тех боялся: у "добренького" гегемона оказался ужасный план

Экология в России и мире

Бурятский Театр кукол Ульгэр в Улан-Улан-Удэ показал в Этнографическом музее народов Забайкалья перед детьми и родителями в семейный праздник сказку Колобок - Новости и Культура, Дети и Россия

В Москве прошла Премия-практикум «Харизма Года»

С чем носить юбку этим летом: примеры стильных образов

Туристка заразилась плотоядной болезнью и потеряла руку: новая инфекция начала распространяться на людей, посещающих достопримечательности

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев снялся с турнира ATP в Нидерландах из-за травмы

Превзойдет саму Шарапову? юная Мирра Андреева наступает на пятки звездам тенниса

Соболенко, проигравшая Андреевой, потеряет 2-е место в рейтинге WTA по итогам «Ролан Гаррос», уступив его Гауфф

Зверев вышел в финал «Ролан Гаррос»

Moscow.media

В Москве арестовали бывшего замглавы Росприроднадзора по делу о мошенничестве

Мобилизованного свердловчанина приговорили к 23 годам "строгача" за подрыв гранаты в казарме

Работать там, где удобно: беспроводная гарнитура Fstyler BH230 от A4Tech

Средняя полоса в июне.







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *