Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maglumat boşlugyndaky durmuş. Internetiň petiklenmegi dowam edýär

Maglumat boşlugyndaky durmuş. Internetiň petiklenmegi dowam edýär

Türkmenistanda internetiň has berk petiklenmegi dowam edip, maglumat elýeterliligi barha kynlaşdyrýar. Ilat garaşsyz habarlara we sosial ulgamlara girmekde kynçylyk çekýärkä, howa maglumatyny, lukmançylyk täzeliklerini we beýleki gündelik maglumatlary okamak mümkinçiliginden hem mahrum bolýar.

Habarçylaryň we çeşmeleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda Wikipediýa, onlaýn sözlükler, kitaphanalar ýaly internet resurslar, hem-de bilim we maglumat saýtlary elýeterli däl.

"Aslynda, diňe bir 'türkmen habarlarynyň' däl, eýsem umuman alanyňda ähli täzelikleriň elýeterli däldigi köseýär. Häzirki wagtda dürli agregatlar, şol sanda Telegram ulgamy häzirki wagtda täzelikleriň gün tertibini has çalt we has doly ýetirýär. Emma mesele diňe bu däl. Mysal üçin, medisina saýtlary, şol sanda dermanlar, olaryň nomenklaturasy, düzümi, ulanylyş maksatlary, bahalary hakda habar berýän köp sanly saýtlaryň petiklenmegi geň galdyrýar - hemme zat ýapyk, şol sanda türk we rus saýtlary. Hatda howanyň nähili boljagyny görmek hem köplenç mümkin däl "- diýip, Aşgabatdaky çeşme 2-nji awgustda gürrüň berdi.

Striming hyzmatlary işlemeýär - internetiň petiklenmegi sebäpli käbir täze wideolary görmäge mümkinçilik ýok, daşary ýurt banklarynyň web sahypalaryna girip bolmaýar, olaryň tas hemmesi petiklenýär we hiç hili töleg geçirip bolmaýar - ne kino, ne aýdym, ne-de daşary ýurtlardan bir zatlary satyn alyp bolýar.

Google we Yandex hyzmatlarynyň tas hemmesi petiklenýär. Golaýdan bäri “Apple Music” we “Yandex Music” -den aýdym-saz göçürip almak ýa-da diňlemek hem mümkin bolmady.

Bu barada habar berýän çeşmeleriň sözlerine görä, haýsy-da bolsa bir sahypany kynlyk bilen açmak başartsa-da, diňe birinji sahypalar görünýär, ondan soňky synanyşyklar adatça, "hiç ýere alyp barmaýar ýa-da petiklenýär".

Türkmenistanda internet ilata köp ýyl bäri örän gymmada düşýär we haýal işleýär. Berilýän hyzmatlaryň hiliniň pesliginden başga-da, ýurtda köp çeşmeler petiklenýär. Soňky aýlarda, VPN hyzmatlarynyň petiklenmegi esli güýçlendi. Bu ýagdaý ulanyjylary petikden aýlanyp geçmek mümkinçiliginden mahrum etdi.

Internetiň petiklenmegi, häzirki zaman elektronikasynyň we hojalyk enjamlarynyň tehniki mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň hem öňüni alýar.

"Akylly öý hojalyk gadjetleriniň dolandyryş hyzmatlary işlemeýär - lampalar, gyzdyryjylar, howany sowadyjylar, telewizor - bularyň hemmesi aýratynlykda işleýär we el bilen hereketlendirilýär, ýöne hemmesi bilelikde "akylly öýüň" bir bölegi hökmünde işläp bilmeýär" diýip, habarçymyz aýdýar.

Bu aralykda, ýolbaşçylar ykdysadyýete sanly we ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmegini dowam etdirýärler.

Iýun aýynda ýurtda “akylly şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan” täze Arkadag şäheri açyldy. Bu waka tutuş ýurt boýunça internetiň tizligini öňküsinden hem haýallatdy. Internet işjeňligini yzarlaýyş hyzmaty “Cloudflare” -niň habaryna görä, Arkadag şäheriniň açylmagyndan üç gün öň, Türkmenistandan gelýän trafik doly mukdardan 86% düzen bolsa, 29-njy iýunda bu görkeziji 12.5% çenli pese düşüpdir, bu bolsa Türkmenistanda internet tizliginiň peselmegi netijesinde ulanyjylaryň işjeňliginiň ýedi esse azalandygyndan habar berdi.

Ýurtdaky internet hyzmatlary, döwlete degişli bolan ýeke-täk üpjün ediji tarapyndan berilýär, bu bolsa häkimiýetlere internete doly gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. "Turkmentelecom" döwlet kompaniýasy tehniki bazasyny yzygiderli täzeläp, ulanyjylara gözegçilik etmäge we internet çeşmelerine girişi çäklendirmäge mümkinçilik berýän täze enjamlary satyn alýar.

Ýurtda garaşsyz metbugat we sosial ulgamlar petiklenýär.

VPN hyzmatlarynyň petiklenmeginiň dowam etmegi ulanyjylary blokirowkadan aýlanyp geçmäge mümkinçilik berýän köp bolmadyk usullardan hem mahrum edýär.

Bu şertlerde Türkmenistanda onlaýn platformalary petikli galýan Azatlyk Radiosy GooglePlay we Appstore goşundylaryny hödürleýär. Azatlygyň täze goşundysyny ulanmak üçin VPN gerek däl, ol hatda Türkmenistandaky petiklemelerden hem gorkmaýar. Ony “Azatlyk Radiosy” ady bilen gözläp, telefona ýüklemeli. Şeýdip, Türkmenistandaky we dünýädäki habarlary hem wakalary yzarlap, gündelik radio gepleşikleri diňläp we wideo maglumatlary görüp bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Москва ответила на намерение Киева использовать Patriot в небе над Россией

XV Международный форум «Экология» состоится в городе 4-5 июня

Мазур: Томская область "повернула" на восток раньше других регионов РФ

РИА Новости: российские туристы испытывают проблемы с оплатой услуг в Турции

Музыкальные новости

Фильм «Мой любимый чемпион» показали в павильоне «Роснефти» на ВДНХ в Москве

На ВДНХ открылась цифровая фотовыставка "Счастье. Материнство или карьера!?"

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» спасает население от борьбы с перенаселением, 5 серия, СЕРЬЁЗНЫЙ НОВОСТНОЙ СЕРИАЛ.

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним

Новости России

Асад объявил кое-что важное. До победы там Сирии и России остались месяцы?

Куценко признался, что стал актером из-за влюбленности в Веру Сотникову

Ни "халяль", ни "грешниц": Церковь и Роспатент подготовили особый запрет для бизнеса

Мазур: Томская область "повернула" на восток раньше других регионов РФ

Экология в России и мире

Стоматолог Владимир Лосев: сколько времени нужно носить брекеты

Волжский нарцисс - Плес

Бесплатные ежедневные тренировки от сети фитнес-клубов Spirit. Fitness в парке Горького/Музеон

Дело об избиении в Московской области азербайджанцем молотком участника СВО расследуют повторно

Спорт в России и мире

Даниил Медведев назвал трёх людей в истории тенниса, с которыми хотел бы поужинать

Прямая трансляция матча Рыбакиной с победительницей четырех "Больших шлемов"

Медведев вышел в 1/8 финала «Ролан Гаррос» — 2024

Организм был не в состоянии: Потапова прокомментировала поражение на «Ролан Гаррос»

Moscow.media

Белоусов и его зам продолжают зачистку. Настала очередь главного коммунальщика Минобороны. Обвинение просит 12 лет за взятку

Пожар в пятиэтажке унес жизнь неосторожного курильщика

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

Преступления мигрантов с рынков азербайджанского олигарха Года Нисанова продолжают шокировать Москву







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *