Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Marynyň we Ahalyň öňki häkimleri ‘25 ýyl türmä höküm edildi’

Mary we Ahal welaýatlarynyň öňki häkimleriniň her biri 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi diýip, garaşsyz neşir “Turkmen.news” öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 15-nji awgustda habar berdi.

“Marynyň ozalky häkimi Döwranberdi Annaberdiýewiň we Ahalyň öňki häkimi Ýazmuhammet Gurbanowyň ikisi-de 7-nji awgustda höküm edildi. Annaberdiýew geçen gyşda Garagum derýasynyň öz akymyny üýtgedip, hanasyndan çykmagy sebäpli kazyýet jogapkärçiligine çekildi. Gurbanowyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmeginiň sebäbi entek belli däl” diýlip, neşiriň maglumatynda bellenilýär.

Annaberdiýew we Gurbanow 14-nji iýulda Ministrler kabinetiniň şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin mejlisiniň dowamynda wezipelerinden boşadyldy. Şonda şol wagtky häkimler dowam edýän galla oragynyň we gowaça ekilen meýdanlarda ýerine ýetirilýän işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny öňe sürdüler, we hiç bir kemçiligi agzamadylar.

Emma prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläninden soň, Annaberdiýewiň we Gurbanowyň işde “düýpli kemçilikleri goýberendigini” aýdyp, olary wezipesinden boşatdy. Adatça bolşy ýaly, munuň bilen bagly hiç hili jikme-jik maglumat berilmän, diňe umumy bir kesgitleme bilen çäklenildi.

Garaşsyz neşir özüniň ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmesine salgylanyp, ozalky häkimleriň ikisiniň hem sud işinde “geleňsizlik we ogurlyk” wakalarynyň bardygyny habar berýär.

Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.

Ýöne ýatlatsak, 10-nji awgustda Azatlyk Marynyň öňki häkiminiň tussag edilendigini ilkinji bolup habar berdi. Şonda ýagdaýlardan habarly çeşmelerimiz Annaberdiýewiň maslahatyň yz ýany tussag edilendigini we ol babatda derňewleriň geçirilýändigini anykladylar.

Ozalky häkim mellek ýerlerini bölüp bermekde galplyga ýol berip, döwletiň emlägini bikanun ogurlamakda aýyplanýar. Onuň Marydaky we Aşgabatdaky öýleri döküldi, köp mukdarda maliýe serişdeleri we emläkleriniň belli bir bölegi ele salyndy. Şeýle-de, Annaberdiýewiň ýakynlaryna ilde “göze-dile düşmezlik” tabşyryldy.

Mundan başga-da, Marynyň täze häkimi Begençmyrat Orazow Annaberdiýewiň ýolbaşçylyk eden döwründe oba hojalyk pudagynda goýberlen bolmagy mümkin bidüzgünçilikler boýunça giň gerimli derňewleri geçirip başlady.

Bu aralykda, Azatlygyň Marydaky habarçysy häkimiň wezipeden boşadylmagynyň yzysüre, sebitde howpsuzlyk çäreleriniň ýiti güýçlendirilendigini, Mary-Aşgabat gara ýolunyň ugrunda hereket edýän awtoulaglaryň güýçli barlaglara sezewar edilýändigini habar berýär.

“Bu bolýan wakalardan ýene halk ejir çekýär. Sebäbi olar welaýatyň barlag postlarynda güýçli barlaglara sezewar edilýärler. Olar [kanun goraýjy edaralaryň işgärleri] Aşgabada ýa Ahala barýan ýaşaýjylara özleriniň Marydandygyny aýtmazlygy maslahat berilýär. Sebäbi olara Marydan baran raýatlaryň ýerli polisiýa tarapyndan soraga çekilmeginiň mümkindigi duýdurylýar” diýip, habarçy 18-nji awgustda gürrüň berdi.

Ýerli häkimiýetler bu çäreleriň sebäpleri barada anyk düşündiriş bermeýärler. Azatlygyň welaýat häkimligi bilen habarlaşyp, bu çäreleriň sebäpleri barada maglumat almak synanyşyklary hem başa barmady.

Ýatlatsak, Maryda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigi, raýatlaryň hereketiniň çäklendirilýändigi barada sebitdäki habarçylarymyz şu aýyň birinji ongünlüginde hem habar beripdiler.

Şonda Marynyň häkimiýetleri beýleki welaýatlardan gelip, hususy awtoulagynda kireý edýän raýatlary öz ýaşaýan sebitlerine iberip başladylar. Munuň bilen bir wagtda, Marynyň döwlet belgisine eýe bolan awtoulaglaryň hem welaýatdan çykmagyna rugsat berilmedi. Bu ýagdaý, ilatyň sebitara hereketini ýiti çäklendirdi.

“Adamlaryň käbiri işe ýa ýokary okuw jaýlaryna synag tabşyrmaga barýandygyny, daşary ýurda uçmak üçin biletleriniň bardygyny aýdýar. Käbirleri bolsa, saglyk meselesi sebäpli barýandyklaryny, ellerinde lukmanlaryň beren ýollanmasynyň bardygyny aýdýar. Muňa garamazdan, hiç kimi beýleki welaýata geçirmeýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz Marynyň Ahal welaýaty bilen serhetleşýän öňki Oguzhan, häzirki Sakarçäge etrap postundaky ýagdaýlar barada 10-njy awgustda gürrüň beripdi.

Çeşmämiz gara ýollar arkaly sebite ne adamyň salynýandygyny, ne-de sebitden goýberilýändigini aýdyp, marylylaryň diňe Aşgabada däl, eýse Lebap tarapa hem geçip bilmeýändigini belläpdi.

Şonda-da welaýatyň döwlet postlarynda nobatçylyk çekýän kanun goraýjylar we polisiýa işgärleri bu çäreleriň sebäbini howpsuzlyk bilen düşündiripdiler, ýöne muňa nämäniň sebäp bolandygy barada anyk maglumat bermändiler.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň metbugat serişdelerinde bu çäreler we olaryň sebäpleri barada hiç hili mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Финансист перечислил способы накопления денег

Что делать если умер близкий человек?

Учебный пункт Института Конфуция БГПУ открыли в Белогорске

Топ-менеджер бутик-отеля Seneshal попала в ДТП с автозаком в Москве

Музыкальные новости

Читателей "Чемпионата" пригласили посмотреть матч Евро-2024 на большом экране

Ресурсный центр на V Общероссийской конференции «Устойчивое развитие этнокультурного сектора» объединил национально-культурные инициативы из разных регионов России

"Зенит" проведет в межсезонье три контрольные игры

В Пскове водитель Audi может лишиться прав за столкновение с самокатчиком

Новости России

«Мы наблюдаем возведение нового железного занавеса»: экономисты в Новосибирске прокомментировали введение санкций против ММВБ

Спасатели МЧС РФ потушили пожар у станции «Динамо» в Москве

Прижизненный ритуальный договор: где заключить?

Диетологи указали на пользу маринованных огурцов

Экология в России и мире

Пегас сделал важное заявление о будущих турах на предстоящий зимний сезон

Какие украшения чаще всего дарят на годовщину свадьбы: исследование «585*ЗОЛОТОЙ»

Как существовала платная стоматология в СССР — стране бесплатной медицины

Лучшие образы на лето, от которых захватит дух

Спорт в России и мире

Глава ATP вручил Яннику Синнеру награду первой ракетки мира

«ITF решила пойти по пути WTA и ATP, которые давно допускают россиян» — Янчук

Испанский теннисист Надаль не сыграет на Уимблдоне

Хачанов вылетел с турнира ATP в Хертогенбосхе после первого же матча

Moscow.media

Большая часть российских автомобилистов готова перейти на б/у запчасти

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Родители 308,9 тысячи детей в Московской области получают единое пособие

Вечерело...

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *