Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Balkanda ýene mejbury çäre geçirilip, G.Berdimuhamedow wasp edildi

Balkanda ýene mejbury çäre geçirilip, G.Berdimuhamedow wasp edildi

Balkanyň häkimiýetleri Balkanabat şäherinde köpçülikleýin çäreleriň ýene birini geçirdiler. Döwlet telewideniýesine reportaž taýýarlamak üçin geçirilen çärä býujet we sungat işgärleri, ýaşulular mejbury gatnaşdyryldy. Prezidentiň kakasy, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragyny wasp edip döredendigi aýdylýan goşgusynyň tanyşdyrylmagyna bagyşlanan çärede öňki döwlet baştutanynyň propagandasy ýaýbaňlandy.

17-nji awgustda G.Berdimuhamedow Aşgabatda gurulýan Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyna baryp, şol ýerde özüniň döredendigini aýdýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyny okap berdi. Şondan soňra ýurtda bu goşgynyň tanyşdyrylmagyna bagyşlanan çäreler geçirilip başlandy.

“23-nji awgustda Balkanyň bilim we medeniýet bölümleri, muzeý, kitaphana we teatr işgärleri tarapyndan bu goşga bagyşlanan uly çäre geçirildi. Bu çäre baradaky reportaž 24-nji awgustda ‘Watan’ habarlary gepleşiginde efire berler” diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 24-nji awgustda gürrüň berdi.

Çärä welaýatyň her bir etrabyndan 100-e golaý býujet işgäri, tanymal şahyrlar, ýaşuly nesil, studentler, sungat işgärleri, şol sanda aýdymçylar gatnaşdyryldy.

“Çärede olaryň welaýat kitaphanasyna we muzeýine gezelenç edýän pursatlary surata düşürildi. Çäre medeni merkeziň zalynda dowam edip, onda goşgynyň üsti bilen Gurbangulynyň waspy edildi. Aýdymçylar goşgyny aýdym we gazal edip aýtdylar” diýip, türkmenbaşyly mekdep mugallymy habarçymyza gürrüň berdi.

Býujet işgärleriniň ençemesi G.Berdimuhamedowyň özüni öwdürmek üçin Magtymgulyny "maska hökmünde ulanýandygyny we onuň abraýyndan peýdalanmaga çalyşýandygyny" aýdýar.

“Pyragy öwgä mätäç däl. Ol diňe türkmenler üçin däl, eýse dünýä üçin, dünýä edebiýaty üçin uly şahsyýet. Bu goşgy Arkadagyň özüni öwdürmäge niýetlenen nobatdaky propaganda çäresi. Mundan iki hepde ozal-da, Berdimuhamedowlar alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guraly bahana edip, tutuş ýurtda öz aýallarynyň waspyny etdirtdiler. Döwlet telekanallary, hususan-da ‘Watan’ habarlary gepleşigi diňe prezidentiň we onuň maşgalasynyň waspyny edýär” diýip, türkmenbaşyly mugallym belledi.

Mugallymyň gürrüňini edýän köpçülikleýin mejbury çäresi 11-nji awgustda Balkanabatda geçirilipdi. Şonda prezident Serdar Berdimuhamedowyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň gaýynenesi Ogulabat ejäniň "döreden alajalaryny hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny” Döwlet muzeýine sowgat bermeginiň yz ýany, çärelerde iki zenanyň propagandasy ýaýbaňlanypdy.

Balkanly býujet işgärleri we studentler bu çäreleriň kösençlikden, şol sanda maddy çykdajydan başga zat däldigini, olarda geýjek egin-eşikleri öz maddy serişdeleriniň hasabyna satyn almaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

“200 kilometr uzaklykdaky şäherde geçirilýän çärelere gidip-gelmek meselesi hem öz üstümize ýüklenýär. Durşuna azap we görgi” diýip, türkmenbaşyly başga bir mugallym belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Balkanyň, Balkanabadyň we Türkmenbaşynyň häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi.

Soňky 16 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty we maşgala kulty üznüksiz berkidilýär. Türkmen metbugaty on ýyldan gowrak wagt bäri öňki prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimehamedowy we atasy Berdimuhammet Annaýewi, şeýle-de ejesi Ogulabat Berdimuhamedowany hem şöhratlandyrýar.

Dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň hökümeti adam hukuklaryny depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasy belleniler. Bu dabara mynasybetli Aşgabatda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyny açmak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Русская туристка удивилась, как в Таджикистане относятся к женщинам: "Было страшно"

«Железный занавес», инфляция или новые возможности: чем грозят санкции против Мосбиржи

Традиционный исторический фестиваль «Времена и эпохи» проходит в Москве

Трамп заявил, что у него хорошие отношения с Путиным

Музыкальные новости

Футболисты «Динамо» в Ставрополе одолели соперников из «Астрахани»

Уссурийский ЛРЗ подтвердил соответствие международным стандартам, применяемым на производстве железнодорожной промышленности

Владимир Путин, Дмитрий Медведев, Анатолий Голод: ПРИЗНАНИЕ НАТО НАДО ПРИМЕНЯТЬ!

Автопробег в честь Дня России прошел в Ленинском округе

Новости России

Москвичам рассказали, какие правила стоит соблюдать на отдыхе с питомцем у воды

Президентский фонд культурных инициатив поддержал 47 белгородских проектов

КБР. В регионе пресечен канал незаконной миграции

Серию летних мастер-классов проведет сводный хор «Московского долголетия»

Экология в России и мире

Назван российский город, откуда в Турцию срочно увеличивают число рейсов, впервые поставив широкофюзеляжный самолет Airbus 330

Захарова: армянам - нота, апшеронцам – «да»

Маршруты и экскурсии: уникальная экспедиция по Новгородской области

Пегас сделал важное заявление о будущих турах на предстоящий зимний сезон

Спорт в России и мире

Самсонова вышла в четвертьфинал турнира WTA в Хертогенбосе

Испанский теннисист Надаль не сыграет на Уимблдоне

Александрова вышла во второй круг турнира WTA в Хертогенбосе

«ITF решила пойти по пути WTA и ATP, которые давно допускают россиян» — Янчук

Moscow.media

В Санкт-Петербурге нашли женщину на красной машинке, которая не пропускала скорую помощь

«Байкал Сервис» снижает тарифы из городов Дальнего Востока

Большая часть российских автомобилистов готова перейти на б/у запчасти

Сегодня свой 70-летний юбилей отмечает Заслуженный спасатель Российской Федерации Якубовский Валерий Иванович







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *