Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebaply daýhan: “Şaly ýetişdirilende adaty kärendiçiler ala tutulýar. Bu döwletiň zyýanyna”

Lebaply daýhan: “Şaly ýetişdirilende adaty kärendiçiler ala tutulýar. Bu döwletiň zyýanyna”

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde şaly ýetişip başlady. Kärendeçiler bu ekin üçin bugdaýdan boşan has amatly ekerançylyk ýerleriniň paýlanmagynda, suw, dökün we tehnika üpjünçiliginde paranyň we tanyşparazlygyň uly rol oýnaýandygyny aýdýarlar.

Şaly döwlet borçnamasy esasynda ýetişdirilýän bugdaýa we pagta garanyňda has düşewüntli hasaplanýar.

Habarçymyz şalynyň has köpçülikleýin ýagdaýda ösdürilip ýetişdirilýän Lebap sebitinde bu ekin bilen meşgullanýan daýhanlaryň iki topara bölünýändigini aýdýar.

“Birinji topara, ýagny adaty daýhanlara şaly ekmek üçin bugdaýdan boşan 5-10 gektar ýer bölünip berilýär, saýlamaga mümkinçilik ýok. Daýhan birleşik diňe tohum we biraz tehnika bilen kömek edýär, bolany. Döküni daýhanyň özi satyn almaly, suwy hem nasoslary gurnap özi mellek ýerine çekmeli. Bir möwsümde her gektardan 3 müň 700 – 4 müň tonna aralygynda daýhan birleşigine hasyl tabşyrmaly. Döwlet munuň her bir kilogramy üçin 1 manat möçberinde pul töleýär” diýip, saýatly daýhnalaryň biri habarçymyza gürrüň berdi we plan borçnamasyndan artan hasylyň, ýagny 30% töwereginiň öz eýeçiliginde galýandygyny aýtdy.

Şaly ýetişdirýän ikinji topara bolsa ýokary wezipelerde, şol sanda kanun goraýjy edaralarda işleýän ýa-da täsirli tanşy bolan raýatlar girýär.

“Bu topara girýänlere saýlantgy, suw kanallarynyň golaýyndaky mellek ýerleri bir möwsümlik kärendesine berilýär. Elbetde, bu daýhan birleşiginiň başlygy bilen näresmi ylalaşyk esasynda, paranyň öwezine edilýär. Bu ýerleri alanlaryň dökün, tehnika meselesi bolmaýar. Iň esasysy hem bu mellekleriň, welaýatyň beýleki aglaba sebitlerinden tapawutlylykda, suw üpjünçilik kynçylyklary ýok. Bu örän möhüm, sebäbi şalynyň önümçiligi has köp suw talap edýär” diýip, ýerli daýhan gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu mellekleriň kärendeçileri ýetişdiren şaly hasylyndan döwlete plan borçnamasyny tabşyrmaýarlar.

“Daýhan birleşik bilen şertnama baglaşylanda, bir möwsümleýin kärendä alynýan ýeriň her gektary üçin resmi ýagdaýda 7 müň manat pul tölenýär. Bu ýerleriň uzak möhletleýin, ýagny bugdaý ýetişdirýän kärendçileri hem bar. Olara hem ylalaşygyň şärigi hökmünde her gektar üçin 2-3 müň manat aralygynda pul tölenýär. Bu ýerlerden şalyny ýetişdirip, toplaýançaň hem her gektar üçin ortaça 10 müň manat çykdajy edilýär. Soňra toplanan şaly degirmende üwelýär we tüwiniň bir kilogramy bazarlarda 18-20 manatdan satylýar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.

Oba hojalyk pudagynda 30 ýyldan hem aşa ýer işleri bilen meşgullanýan söhbetdeşimiz eger-de özlerine hem amatly ýerlerden mellek berilse, onda döwlete hem has köp şaly tabşyryp biljekdiklerini, özleriniň hem has köp girdeji gazanmaga mümkinçilikleriniň boljakdygyny aýtdy.

“Häkimiýetler adaty daýhanyň bähbidini göz öňünde tutsa, ýa-da iň azyndan deň çemeleşse, bu ýurduň azyk bolçulygy, kärendeçileriň gün-güzerany üçin hem gowy bolardy. Emma korrupsiýa sebäpli, adamlaryň diňe kiçi bir topary peýda görýär, bu hem köplenç döwletiň görüp biljek peýdasynyň hasabyna amal edilýär” diýip, söhbetdeşimiz sözüne goşdy.

Bu aýdylanlar boýunça gürrüňi gidýän sebitiň häkimliginden we arçynlyklaryndan kommentariýa almak başartmady.

Ýurduň esasan Lebap we Daşoguz welaýatlarynda döwlet tabşyrygy esasynda şaly ösdürilip ýetişdirilýär. Demirgazyk sebitlerde aprel maý aýlarynda, gündogar sebitde bolsa iýunyň ikinji ýarymyna çenli ekiş işleri dowam edýär. Hasyl güýz aýlarynda, oktaýabrda ýygnalýar.

Lebapda şu ýyl 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekilip, ondan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Welaýatyň iri etraplary bolan Saýat etrabynda 3 müň 140 gektar, Çärjew etrabynda 3 müň 80 gektar, şeýle hem Dänew etrabynda 2 müň 160 gektar ýere şaly ekildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

«Сталин в первые годы войны решал проблему вранья. Это описано во многих мемуарах…»

Экс-игрок «Спартака» Самедов назвал фаворита следующего сезона РПЛ

На семинаре в Москве расскажут об основаниях для ...

Жители орловской глубинки намерены отстоять у власти действующее здание врачебной амбулатории

Музыкальные новости

Поражения Шубенкова и Савлукова, осечка Кнороз и двойной триумф Макаренко: чем запомнился «Мемориал Знаменских»

Карьера пошла в горы: почему Путин отправил Турчака в Республику Алтай

В Этнографическом музее народов Забайкалья Бурятский театр «Ульгэр» презентовал «Колобок» для юного зрителя - Новости и Культура, Дети и Россия

Почта России выпустила марку в честь 225-летия со дня рождения А.С. Пушкина

Новости России

Кто приедет на Голос кочевников-2024 и что ждет зрителей

Жителей и гостей Подмосковья приглашают на музыкально-флористическую акцию

«Ъ»: руководителю ЧВК «Енот» Молокоедову грозит срок в 14,5 года

Летние новинки в ресторанах Арама Мнацаканова в Москве

Экология в России и мире

Как избежать больших проблем при одиночном путешествии: туристкам дали важные советы по безопасности

Турецкие отели в шоке после банкротства крупнейшего туроператора: все оказались в долгах, как работать летом — непонятно

ГЕРОИЧЕСКОЕ УЧАСТИЕ АРМЯН В СВО. ЧАСТЬ ЧЕТВЕРТАЯ

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев снялся с турнира ATP в Нидерландах из-за травмы

Джокович снялся с Открытого чемпионата Франции по теннису

Названо условие сенсации в матче Арины Соболенко с вундеркиндом из России

«Он никогда не снимается с турниров». Циципас прокомментировал травму Джоковича

Moscow.media

В этом году по БКД обновят 3,3 тыс. км дорог региональной опорной сети – Марат Хуснуллин

В Орловской области 13-летний мотоциклист сбил женщину

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

Тин-Мерзуга







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *