Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan jynsy kemsitmeleriň pidalaryny goramak boýunça mehanizmleri döretmäge çagyrylýar

Türkmenistan jynsy kemsitmeleriň pidalaryny goramak boýunça mehanizmleri döretmäge çagyrylýar

BMG-niň Jynsy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komiteti Türkmenistanyň bu ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişine baha berdi. Komitet Türkmenistana jynsy ýekirmeleriň pidalarynyň hukuklaryny goramak boýunça degişli mehanizmleri döretmegi teklip etdi. Bu barada BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi 31-nji awgustda hasabat çap etdi.

BMG-niň Ženewadaky edarasynda 7-31-nji awgust aralygynda dünýäde Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýanyň düzgünleriniň berjaý edilişine garaldy. Türkmen wekiliýeti 21-22-nji awgustda bu ugurda Türkmenistanda 2016-2019-njy ýyllar aralygynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen çykyş etdi.

Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitet, türkmen wekiliýetiniň hasabatyny seljerip, käbir bellikleri çap etdi. Hususan-da, Türkmenistan bosgunlyk we gaçybatalga syýasatyny gaýtadan gözden geçirmäge, bosgunlaryň ýüztutmalaryny öz wagtynda hasaba almaga çagyryldy. Şeýle-de, komitet Türkmenistanda jynsy kemsitmeler bilen bagly şikaýatlar boýunça maglumat elýetersizligine alada bildirdi.

“Komitet resmi taýdan hasaba alnan bosgunlaryň sanynyň az bolmagy we bosgunlyk ýüztutmalary, şol sanda ret edilen arzalaryň sany boýunça maglumatyň ýokdugy babatda aladaly galýar” diýip, maglumatda aýdylýar.

Milletler birleşiginiň Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komiteti Türkmenistandan gaçybatlaga gözleýän adamlaryň, hususan-da owganlaryň öňüni baglaýan päsgelçilikler babatda bildirilýän aýyplamalara alada beýan etdi.

“Ol Türkmenistana bosgunlyk we gaçybatalga syýasatyny gözden geçirmegi, ähli ýüztutmalary dessine bellige almagy we arza beren adamlary halkara gorag üçin, serhetlerde degişli gaçybatalga häkimiýetlerine hem-de bosgunlyk durumyny kesgitleýji proseduralara ugrukdyrmagy maslahat berdi” diýip, hasabatda aýdylýar.

Jynsy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komitet Türkmenistanda jynsy kemsitme hereketleri bilen bagly kanun goraýjy edaralar, içerki kazyýetler we beýleki häkimiýetler, şol sanda Adam hukuklary boýunça komissar tarapyndan garalan şikaýatlar boýunça maglumatyň bolmazlygyna alada bildirdi.

“Komitet gatnaşyjy döwlete jynsy kemsitmeleriň pidalary üçin bejeriş we öwezini doluş mehanizmlerini döretmegi teklip etdi” diýip, maglumatda aýdylýar.

Türkmen wekiliýeti Ženewada beren hasabatynda Türkmenistanyň “jynsy kemsitmeleri berk ýazgarýandygyny we yzygiderli esasda milletara sazlaşygyny üpjün etmek ugrunda degişli işleri alyp barýandygyny” öňe sürdi.

Ýöne ýurtda ýaşaýan milli azlyklar etniki gelip çykyşy esasynda ýyllarboýy kemsitmelere sezewar bolýandyklaryny, häkimiýetleriň alyp barýan “türkmenleşdirme” syýasatynyň çäginde iş, okuw ýaly mümkinçilikleriniň berk çäklendirilýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda geçirilen soňky ilat ýazuwyna görä, ýurduň türkmen ilaty 86 % bolup, ýurduň çäginde 936 müňden gowrak başga milletleriň wekilleri ýaşaýar. Ýöne statistika sanlarda ýurtda ýaşaýan başga milletleriň wekilleriniň etniki gelip çykyşy we olaryň degişlilikdäki sany barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Azatlyk ýyllarboýy Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şol sanda pasport almakdaky bökdençlikleri, işe we okuwa girmekdäki meseleleri we medeni hukuklaryndan mahrum edilmegi barada dowamly habar berip gelýär.

Türkmen häkimiýetleriniň ýyllarboýy erjellik bilen öňe sürýän “türkmenleşdirme” syýasaty netijesinde esasan hem etniki özbekleriň kowçum bolup ýaşaýan Daşoguz we Lebap sebitlerinde toýlarda milli türkmen halk aýdymlaryny aýtdyrmak, dürli dabaralara diňe türkmenlere mahsus milli lybaslarda gelmek tabşyrylýar. Mundan başga-da, häkimiýetler olary raýatyň şahsyýetini görkezýän resminamalarda özleriniň milletini “türkmen” diýip ýazdyrmaga çenli mejbur etdi.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda milli azlyklaryň wekilleri, şol sanda etniki özbekler we gazaklar ýurduň käbir mekdeplerinde öz ene dillerinde bilim alyp bilýärdiler. Ýöne 2000-nji ýyllarda şeýle mümkinçilikler aradan aýryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В лесах Подмосковья обнаружены редкие птицы-осоеды

Чем заняться в Москве, Петербурге и Нижнем Новгороде 13–19 июня: неделя со «Снобом»

В Крыму завершился симпозиум современного искусства, проводимый по инициативе архангельского художника

Подарили солнечное настроение

Музыкальные новости

Стал известен список мест для празднования Курбан-байрама в Подмосковье

Иерей Александр Туховский: "Верю в Господа, что это добрый знак Его милости к моей семье и ко всей России..."

Многонациональный «Хоровод со Знанием» собрал более 1000 гостей Выставки “Россия”

"СВЯТОЙ ЛЕНИН: сенсация о прогнозах направит Америку и Европу творить добро?!

Новости России

В лесах Подмосковья обнаружены редкие птицы-осоеды

В Московской области сотрудники Росгвардии задержали подозреваемого в краже

В Подмосковье увеличится размер выплаты на содержание детей-сирот

Чем заняться в Москве, Петербурге и Нижнем Новгороде 13–19 июня: неделя со «Снобом»

Экология в России и мире

«И скульптуру восстановим, и семья будет счастлива»: победитель фирменной игры «Юмор FM» получил чек на 1 000 000 рублей

Proenza Schouler Pre-Fall 2024

Dior Resort 2025

Пегас сделал важное заявление о будущих турах на предстоящий зимний сезон

Спорт в России и мире

Блинкова вылетела с турнира WTA в Хертогенбосхе

Медведев, Кафельников, Федерер, Маррей, Роддик, Агасси поздравили Синнера со статусом первой ракетки мира

Дзюба заявил, что был бы теннисистом уровня Сафина

Бьянка Андрееску: «Мне нравится, что на траве, поскольку она намного быстрее грунте, меньше времени на раздумья»

Moscow.media

Новый смартфон POCO M6 уже в продаже

"Дети в шоке". В Новоуральске машина ДПС сбила байк с детьми 13-ти и 8 лет

В Ингушетии чиновники похищали бюджетные средства, предназначенные для поддержки семей с детьми

Больше функций для комфорта: беспроводные клавиатуры Fstyler FBK26C AS, FBK27C AS и FBK36C AS от A4Tech







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *