Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täjigistanyň häkimiýetleri: "Talybanyň" ýolbaşçylygyndaky döwürde, Owganystandan neşe serişdeleriniň akymy artdy

Täjigistanyň häkimiýetleri:

Täjigistanyň häkimiýetleri Owganystanda häkimiýetiň "Talyban" tarapyndan ele salynmagyndan soň, neşe gaçakçylygynyň barha artýandygyny aýdýarlar. Geçen ýyl "Talyban" Owganystanda göknar ösdürip ýetişdirmegiň gadagandygyny yglan etdi we ony ekýänlere "şerigat kanuny" boýunça çäre görjekdigi bilen haýbat atdy. Emma BMG-niň maglumatyna görä, ýurtda neşe öndürilýän göknar ekininiň artandygy aýdylýar.

Owganystan bilen serhetleşýän Mir Said Ali Hamadoni etrabynyň häkimiýetleri soňky alty aýyň dowamynda, diňe Döwlet serhediniň bu böleginde, goňşy ýurtdan neşe gaçakçylygy boýunça iki synanyşygyň bolandygyny habar berdi.

«Serhetçiler bilen bolan atyşykda, bir kontrabandaçy – Owganystanyň raýaty ýok edildi. 120 kg. neşe maddalary ele salyndy» diýip, etrabyň ýolbaşçysy Nurullo Mirzozoda aýtdy.

Soňky gezek neşe serişdelerini geçirmek synanyşygy 12-nji sentýabr gijesi Şamsiddin Şokin etrabynda bolupdyr. Täjigistanyň Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň Serhet goşunlary boýunça esasy müdirliginiň mälim etmegine görä, täjik serhetçileri tarapyndan aýan edilen owgan neşe gaçakçylary harytlaryny taşlap, golaýdaky territoriýa gaçyp gidipdirler.

Şamsiddin Şokin etrabynda Owganystan bilen serhet zolagynyň başlygy Zafar Gulzoda neşe serişdelerini aşyrmak synanyşyklary barada, köplenç ýerli ýaşaýjylar habar berýärler diýdi. Onuň sözlerine görä, ýerli ýaşaýjylar bu meselä hiç haçan biperwaý garamaýarlar.

 

"Talyban" häkimiýete gelenden soň ("Talyban" Täjigistanda terrorçy topar diýlip ykrar edildi we ol ýurtda gadagan edilýär), Owganystandan Täjigistana göknaryň we beýleki neşe serişdeleriniň gaçakçylygynyň möçberiniň has-da artandygy barada, Täjigistanyň prezident Emomali Rahmon 14-nji sentýabrda, Duşanbe şäherinde geçirilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleriniň bäşinji konsultatiw duşuşygynda aýtdy.

«Sanlar häzirki ýagdaýy aýdyň tassyklaýar. Diňe geçen ýylyň dowamynda, ýurdumyzyň ygtyýarly edaralary Owganystan serhedinde 5 tonna golaý narkotik maddalary ele saldylar. Munuň özi 2021-nji ýyldakydan 22% köp. Şeýle ýagdaýda bize bilelikde we agzybir işleşmek gerek» diýip, Täjigistanyň baştutany aýtdy.

 

Ýatlatsak, geçen ýyl "Talyban" Owganystanda göknar ösdürip ýetişdirmegiň gadagandygyny yglan edip, düzgüni bozanlara "şerigat kanuny" boýunça çäre görüljekdigini aýtdy.

Ýöne halkara bilermenleriniň aýtmagyna görä, "Talyban" neşe serişdeleriniň öndürilişini artdyrdy. 2022-nji ýylyň noýabrynda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Edarasy (UNODC) öz hasabatynda, Owganystanda häkimiýetiň "Talyban" tarapyndan ele salynmagyndan soňra, ýurtda neşe serişdelerini öndürýän göknar meýdanlarynyň gerimi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 32% artdy we 233 müň gektara barabar boldy diýip beýanat berdi. Hasabatda beýan edilişi ýaly, göknar önümçiliginiň esasy bölegi Owganystanyň günorta-günbatar sebitlerinde jemlenendir. Olar umumy göknar ösdürip ýetişdirilýän meýdanlaryň 73 göterimini öz içine alýar. Hasabatda aýdylmagyna görä, Helmand welaýatynda ekin ekilýän ýerleriň bäşden bir bölegini göknar meýdanlary tutýar.

Täjigistan dünýäniň iň uly neşe öndürijisi bolan Owganystan bilen serhetleşýär, olaryň umumy serhediň uzynlygy 1300 kilometrden gowrakdyr. Täjigistanyň häkimiýetleri Owganystanyň töwereginde "howpsuzlyk guşawyny" döretmegiň zerurdygy barada, gaýta-gaýta beýanat etdiler. Duşanbeniň pikirine görä, ýarag we neşe gaçakçylygynyň, bikanun migrasiýanyň, terror we ekstremist toparlaryň agzalarynyň sebite aralaşmagynyň hem-de olaryň ideologiýasynyň öňüni almaga diňe şeýle çäre ygtybarly böwet bolup biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

ЦИК назначила довыборы депутатов ГД в трех одномандатных округах на 8 сентября

Москвичам помогут узнать о сентябрьских выборах депутатов

Глава Балашихи Сергей Юров поздравил медицинских работников с праздником

Социальные координаторы в больницах приходят на помощь врачам

Музыкальные новости

В Московской области сотрудники Росгвардии задержали подозреваемого в краже электроинструментов

"СВЯТОЙ ЛЕНИН: сенсация о прогнозах направит Америку и Европу творить добро?!

Парадоксы двойного стандарта

Курорт «Горячинск» поддерживает «Балет на Байкале. Бурятия»

Новости России

Пассажиры ЦППК оформили более 28 тысяч карт провожающего с января

ЦИК назначила довыборы депутатов ГД в трех одномандатных округах на 8 сентября

Социальные координаторы в больницах приходят на помощь врачам

"Известия": бизнес исключает рост цен из-за прекращения торгов долларами и евро

Экология в России и мире

В Подмосковье обустроили 176 пешеходных маршрутов: Реутов в лидерах

Dior Resort 2025

Попурри мелодий и дух патриотизма: военный оркестр в парке «Кузьминки» отметил День России

Более 3 тысяч ВИЧ-позитивных пациентов получили за год комплексную социальную помощь в Свердловской области

Спорт в России и мире

Соболенко и Димитров вместе потренировались на «Уимблдоне»

Самсонова вышла в четвертьфинал турнира WTA в Хертогенбосе

Рафаэль Надаль пропустит Уимблдон ради подготовки к Олимпиаде

Соболенко в купальнике зажигательно станцевала перед женатым бойфрендом. Видео

Moscow.media

Сегодня свой 70-летний юбилей отмечает Заслуженный спасатель Российской Федерации Якубовский Валерий Иванович

Новая технология моделирования ДНК ускорит биомедицинские исследования

«Школа вожатых» прошла в школе №7 в Реутове

В Санкт-Петербурге нашли женщину на красной машинке, которая не пропускала скорую помощь







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *