Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gülnara Kerimowanyň yzyna gaýtarylýan emlägi Özbegistanda çaga ölümini azaltmak üçin ulanylar

Gülnara Kerimowanyň yzyna gaýtarylýan emlägi Özbegistanda çaga ölümini azaltmak üçin ulanylar

Şweýsariýadan Gülnara Kerimowanyň elinden alnan emlägini yzyna gaýtarmak üçin döredilen Uzbekistan Vision 2030 gaznasy BMG-niň täze programmasyny maliýeleşdirmek üçin, 43,5 million dollar paýlady. Ol serişde Özbegistanda eneligiň we ýaňy dünýä inen çagalaryň ölümini azaltmak maksatnamasyna gönükdirilýär.

Bu barada BMG-niň Özbegistandaky edarasynyň saýtynda habar berildi.

Köp hyzmatdaşlykly BMG-niň Uzbekistan Vision 2030 gaznasy Şweýsariýada Gülnara Kerimowanyň garşysyna jenaýat işi gozgalanda, onuň elinden alnan emlägi yzyna gaýtarmak üçin, 2022-nji ýylyň tomsunda döredildi.

Geçen ýylyň awgust aýynda, Özbegistan bilen Şweýsariýa şol gazna arkaly 131 million dollary yzyna gaýtarmak baradaky ylalaşyga gol çekdiler. Yzyna alnan emläk Özbegistan hökümetiniň reforma maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmaga gönükdirilen programmalary maliýeleşdirmek üçin peýdalanylýar hem-de Özbegistanda BMG-niň Durnukly ösüş maksatnamalaryny durmuşa ornaşdyrar.

«Emlägiň gelip çykyşy boýunça ýurtlara gaýdyp gelmegi BMG-niň korrupsiýa garşy konwensiýasynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Özbegistan bilen Şweýsariýanyň arasynda baglaşylan restidensiýa şertnamasynyň netijesinde, alnan fonduň goşandy durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde we Özbegistanyň graždanlarynyň durmuşyny gös-göni gowulandyrmakda, anyk üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik döreder. BMG-niň bu programmasy ýurduň ähli künjeklerinde otuz aýyň dowamynda ýaňy doglan çagalara we 600 müň aýala beriljek ýardamy öz içine alýar» diýip, BMG-niň Özbegistandaky hemişelik koordinatory Konsuelo Widal-Brýus aýdýar.

BMG-niň edarasynyň habar bermegine görä, täze programma üç sany agza – UNICEF, ÝUNFPA we BSG tarapyndan bilelikde amala aşyrylar. Programmanyň esasy maksatlarynyň biri dünýä ineninde agramy pes bolan çagalaryň diri galmak derejesini häzirki wagtda 75% bolanlygyndan, 90%-e çenli ýokarlandyrmakdyr.

«Özbegistanyň graždanlary [bu programmanyň] oňyn täsirini gönüden-göni duýarlar, jemgyýete ýokary derejeli lukmanlary bolan we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen perinatal merkezlerden peýdalanmaga mümkinçilik bolar... Biz BMG bilen Şweýsariýanyň hökümetiniň bu täzeleniş maksatnamasynyň üstünde iş alyp barýandygymyza örän şatdyrys, sebäbi munuň özi döwletiň ýaňy dünýä inen çagalaryň ölüm halatlaryny iki esse azaltmak boýunça strategiýasyny durmuşa geçirmäge kömek etjek» diýip, Maliýe we ykdysadyýet ministriniň birinji orunbasary Ilhom Norkulow aýdýar.

2013-nji ýylda Özbegistanda Gülnara Kerimowa garşy döwlet emlägini talamak we salgytdan gaça durmak boýunça iki iş açyldy. Birinji iş boýunça ol 2015-nji ýylda, 5 ýyl azatlykdan mahrum edildi, ikinji iş boýunça, 2017-nji ýylda, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Soňra ol jezanyň ýerine 5 ýyl azatlykdan çäklendirilme girizildi. 2020-nji ýylyň martynda bolsa Daşkent şäher kazysy dildüwşük guramakda, zorluk bilen pul almakda, bergä batmakda we talaňçylykda, hapa pullary ýuwmakda we beýleki jenaýatlarda aýyplama bildirip, ony 13 ýyl 4 aý zähmet-düzediş koloniýasyna iberdi. Gülnara 2019-njy ýylyň baharyndan bäri Daşkent welaýatynyň Zangiata etrabyndaky 21-nji aýallar koloniýasynda, tussaglyk möhletini geçýär.

Kerimowa ABŞ-da we Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda korrupsiýa we pul ýuwmak bilen bagly şoňa meňzeş jenaýat işlerinde aýyplanandan soň Özbegistanda, onuň garşysyna jenaýat işi başlanypdy. Barlagçylaryň aýtmaklaryna görä, Kerimowa telekommunikasiýa we beýleki kompaniýalardan (esasan daşary ýurt kompaniýalary: MTS, VimpelCom, ING, Telia Sonera), ýurtda mobil telefon ygtyýarnamasynyň rugsat berilmeginiň deregine 1 milliard dollar çemesi para alypdyr. Soňra ol we onuň ýakynlary ol pullary ofşor kompaniýalary arkaly daşary ýurtlara çekip, oňa onlarça gymmat bahaly jaýlary we beýleki gozganmaýan emläkleri satyn alypdyrlar.

Özbek häkimiýetleriniň maglumatyna görä, Gülnara Kerimowanyň we onuň Fransiýadaky, ABŞ-daky, Latwiýadaky we beýleki ýurtlardaky jenaýat toparynyň umumy emlägi 1,4 milliard dollara golaý hasaplanylýar. Özbegistanyň häkimiýetleri ol puly yzyna gaýtarmaga synanyşyp gelýärler. Şeýlelikde, Özbegistan 2020 we 2021-nji ýyllarda, Pariždäki kondominium hem-de 1815-nji ýylda gurlan Çâteau de Groussay köşgi satylandan soň, Fransiýadan 20 million dollarlyk girdejini yzyna gaýtaryp bildi.

Şu ýylyň awgust aýynda Gülnara Kerimowanyň Beýik Britaniýadaky emlägi we iki jaýy elinden alyndy. Bu ýerde Suriý graflygyndaky Gorse Hill Manor emlägi barada gürrüň gidýär. 1912-nji ýylda esaslandyrylan ol emlägiň territoriýasynda meýdany 70 müň inedördül metre golaý bolan baglyk we gaýykda syýahat etmek üçin köl bar. Konfiskasiýa edilen jaýlaryň biri Meýfer etrabynda, ikinjisi bolsa Londonyň Belgrawiýa etrabynda ýerleşýär.

Konfiskasiýa edilen emlägiň umumy bahasy 20 million funt sterlingden (25,5 million dollar) gowrak hasaplanylýar.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda, Orsýetiň kazyýeti Gülnara Kerimowanyň Moskwadaky alty jaýyny elinden alypdy. Soňra Russiýa bilen Özbegistan jaýlaryň satuwyndan alnan girdejileri deň bölüşmäge razylaşdylar.

Şa gyzy bolmakdan, türme bendiligine çenli; Gülnara Kerimowanyň durmuş ýoly:

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Московский мегаливень надвигается на Поволжье

Казанский аэропорт вошел в топ-10 «воздушных портов» по объему пассажиропотока

США сыграли в пользу рубля? Сбербанк подал сигнал всем, у кого есть сбережения

«Уральские авиалинии» взяли на борт раненного на СВО екатеринбуржца, которого не пустили на рейс «Аэрофлота». ФОТО

Музыкальные новости

Читателей "Чемпионата" пригласили посмотреть матч Евро-2024 на большом экране

Парадоксы двойного стандарта

Путин заявил, что Россия преодолеет любые испытания

Многонациональный «Хоровод со Знанием» собрал более 1000 гостей Выставки “Россия”

Новости России

США сыграли в пользу рубля? Сбербанк подал сигнал всем, у кого есть сбережения

Мособлнаследие утвердило границу церкви Покрова Пресвятой Богородицы

«Все говорят о нашей дружбе»: Трамп заявил, что был жестким с Путиным

Владимир Путин, Дмитрий Медведев, Анатолий Голод: признание Нато надо применить!

Экология в России и мире

Где недорого отдохнуть в июле? Россиянам раскрыли все карты по турам за рубеж и по России

Азербайджан назначил столицей тюркского мира талышский город Ленкорань. Талышские организации мира бьют тревогу

Как существовала платная стоматология в СССР — стране бесплатной медицины

1 массажное упражнение для лица, которое можно делать даже лежа в постели - щеки и овал лица подтянутся, а носогубные складки расправятся

Спорт в России и мире

Итальянский теннисист Синнер стал лучшей ракеткой мира в рейтинге ATP

Хачанов вылетел с турнира ATP в Хертогенбосхе после первого же матча

Блинкова вылетела с турнира WTA в Хертогенбосхе

Александрова вышла во второй круг турнира WTA в Хертогенбосе

Moscow.media

«Школа вожатых» прошла в школе №7 в Реутове

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Родители 308,9 тысячи детей в Московской области получают единое пособие

Северные ночи...

Американский инсулин “Хумалог” больше не будут поставлять в РФ







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *