Gazak kazyýeti: Kitap çykarmak oppozisiýa syýasatçysynyň hökümini bozýar
Gazagystanyň resmi hasaba alynmadyk Demokratik partiýasynyň lideriniň ýazan kitabynyň çap edilmegi Almaty şäheriniň Bostandyk etrap kazyýeti tarapyndan gadagan edildi.
Žanbolat Mamaýyň aýaly, aktiwist Inga Imanbaý Facebookda ýanýoldaşynyň kitabynyň çap edilmeginiň, şertli tussaglygyň şertlerini aýdyňlaşdyrmak barada kazyýete berlen soragdan soň alan düşündirişlerine görä, "jemgyýetçilik syýasy iş" bolandygyny we onuň çap edilmeginiň şu sebäpden hökümi bozýandygyny aýtdy.
Mamaý köpçülikleýin tolgunyşyklary guramak, ýalan maglumat ýaýratmak, häkimiýet wekilini kemsitmek aýyplamalary esasynda aprel aýynda şertli alty ýyl tussaglyga höküm edildi.