Ysraýyl goşuny Gaza serhedine gözegçiligi ele aldy, Hamas ýaraglylarynyň 1500-siniň jesedi tapyldy
Ysraýyl goşuny 10-njy oktýabr güni irden öz güýçleriniň Gaza zolagy bilen serhetdäki ýerlerine edýän gözegçiligini gaýtadan dikeldendigini we söweşiji toparyň 7-nji oktýabrda başlan görlüp-eşidilmedik hüjüminden soň Ysraýylyň içinde hamas söweşijileriniň 1500 töweregi jesedini tapandygyny aýtdy.
Hamas söweşijileriniň hüjüminde 900 çemesi adam, şol sanda çöl aýdym-saz festiwalyna gatnaşýan ýaş adamlaryň azyndan 260 sanysy öldürildi.
Palestin häkimiýetleri 7-nji oktýabrdan bäri Gazada we Iordan derýasynyň günbatar kenarynda takmynan 700 adamyň ölendigini habar berdiler. Iki tarapdan müňlerçe adamyň ýaraly bolandygy aýdylýar.
Ysraýyl, premýer-ministr Benýamin Netanýahu Ysraýylyň ar alyş tagallalarynyň "diňe başlandygyny" duýduranyndan soň, Gaza indi üçünji gün agyr howa zarbalaryny urýar.
Hamas Palestinada bombalanan her bir raýat öýi üçin bir ysraýyl zamunyny duýduryş bermezden öldürjekdigini aýdyp, haýbat atdy.
Ysraýyl, Hamasyň atan haýbatyna garamazdan, olaryň pozisiýalaryna 75 ýyllyk taryhynda iň gazaply howa zarbalaryny urýandygyny aýtdy.