Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

‘Bir kemsiz asfaltlanan köçeler, ýaldyrap duran jaýlar, azyk bolçulygy’ – prezidentiň ata-baba dokduk etraby Gökdepe

Türkmenistanyň häzirki we öňki prezidentleriniň ata-baba dogduk etraby bolan Gökdepä döwlet derejesinde üns berilýändigini oňa giren badyňa synlasa bolýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji oktýabrda beren maglumatynda aýdýar.

“Etrap merkeziniň we obalarynyň bir kemsiz asfaltlanan köçeleri, ýaldyrap duran ýaşaýyş we durmuş maksatly jaýlar, dükanlardaky we bazarlardaky azyk bolçulygy, ýollardaky aglabasy täze awtoulaglar hem muňa şaýatlyk edýär” diýip, ýakynda etraba aýlanyp gören habarçymyz gürrüň berýär.

Köçeleriň arassaçylygy hem beýleki etraplardan tapawutlanýar. Şeýle-de, sebitden beýleki etraplara, şäherlere jemgyýetçilik transport serişdeleri, şol sanda awtobuslar ýygy-ýygydan gatnaýar.

“Ilatyň geýim-gejimleri we olaryň sürýän awtoulaglary hem etrap ýaşaýjylarynyň hal-ýagdaýynyň gowudygyndan habar berýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Bazarlarda, dükanlarda, hat-da köçelerde azygyň dürli görnüşleri arzan bahadan satylýar. Mysal üçin, döwlet dükanlarynda 1 litr günebakar ýagyny 17-18 manatdan näçe isleseň satyn alyp bolýar. Beýleki etrapdyr şäherlerde onuň bahasy, hiline görä, 19-30 manat aralygynda üýtgeýär.

“Köçelerde söwda edýän satyjylardan başga-da, sebitiň un-çörek kärhanasy tarapyndan öndürilen önümler hem ýörite ulaglarda satylýar. Bazarlaryň töwereginde, adamlaryň üýşýän ýerlerinde dilegçiler hem ýok” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň habarçylary ýurduň etraplarynda onlarça ýyl bäri düýpli abatlanmaýan, sowet ýyllarynda gurlan köçeleriň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, lukmançylyk merkezleriniň bardygyny yzygiderli habar berýärler. Türkmenistanlylar bularyň döredýän oňaýsyzlyklaryndan ýyllarboýy şikaýat edip gelýärler.

Habarçylarymyz ýurduň beýleki sebitlerinde, şol sanda etrapdyr obalarynda azyk ýeter-ýetmezçiligi we gymmatçylygy, güzeran eklenji agyr bolan maşgalalar, zibil dörmäge ýa-da dilegçilik etmäge mejbur bolýan raýatlar barada hem ýygy-ýygydan habar berýärler.

Ýagdaýlardan habarly ýerli synçynyň we etrabyň döwlet edaralarynyň birinde işleýän ynamdar çeşmämiziň aýtmagyna görä, etraba döwlet derejesinde üns berilmeginiň sebäbi ýurtda prezidentden başlap, täsirli döwlet emeldarlaryň aglabasynyň şu sebitden bolmagy bilen baglanyşykly.

“Berdimuhammedowlar döwlet başyna geçensoň, döwletiň ýolbaşçy we gözegçilik ugurlary boýunça ýokary wezipelerine esasan gelip çykyşy boýunça Gökdepe we Bäherden etrabynyň oturymly teke taýpasyndan bolan türkmenler bellenilip başlandy. Bu bolsa etraba ünsüň artmagyna, ilatynyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna getirdi. Häzir Gökdepedäki 10 hojalykdan dokusynyň ýokary wezipede işleýän dogan-garyndaşy bar. Olaryň garyndaşlarynyň we ogul-gyzlarynyň adyna birnäçe jaýlary bar. Muny bilmeýän adam tas ýok” diýip, ynamdar çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň ýolbaşçylaryndan, şol sanda etrap häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etraby prezident Serdar Berdimuhamedowyň we onuň kakasy, öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata-baba dogduk sebitidir.

Soňky ýyllarda Ahalyň ýedi etrabyndan biri bolan Gökdepede bahasy millionlarça ABŞ dollaryna barabar bolan ýaşaýyş we durmuş maksatly täze desgalaryň, şol sanda mekdepleriň, lukmançylyk merkezleriniň onlarçasy guruldy.

2020-nji ýylyň güýzünde G.Berdimuhamedow atasy Berdimuhamet Annaýewiň doglan obasynda, Gökdepäniň Yzgant obasynda Ýokanç keseller hassahanasyny açdy.

Şeýle-de, Gökdepä 2019-njy ýylda ýurduň “iň ýokary netije gazanan etraby” diýlip kesgitlenmegi mynasybetli, 1 million dollar möçberinde pul baýragy berildi.

Mundan başga-da, Gökdepe etrabynyň Babarap geneşliginiň golaýynda, Köpetdagyň eteginde 5 milliard dollarlyk Arkadag şäheri guruldy. Onuň birinji tapgyry şu ýylyň iýun aýynda açyldy.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki mediasy bu ýagdaýlary giňden beýan etse-de, ýurduň sebitlerinde ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada hiç hili mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Павловском Посаде началась реализация проекта «Светлый город»

Два адвоката задержаны за посредничество во взятке в Нижнем Новгороде

Узнайте о девушке из Сморгони, которая покоряет мировые подиумы и сверкает на обложках известных модных журналов

Лето, отпуск, вечерины: обзор главных музновинок недели + бонус

Музыкальные новости

Медиа съезжают последними // «Газпром» завершает перевод структур из Москвы в Санкт-Петербург

Чемпионат по спортивному сбору мусора пройдет в Лагерном саду Томска

Яндекс, А.С. Пушкин, Святой Ленин ведут следствие. Настоящая сенсация! 225 лет А.С. Пушкину.

Объявлен протест по поводу спорной выставки в Варшаве под названием «Христианское наследие в многокультурной идентичности Азербайджана»

Новости России

В ООН заявили о необходимости возобновления диалога между ядерными державами

Фестиваль «Голоса Победы» пройдет в Москве с 8 по 12 июня

На кадастровый учет поставлены два новых дома в ЖК «Катуар» Подмосковья

Совместный прием предпринимателей прошел в Балашихе

Экология в России и мире

Добрые рисунки: «585*ЗОЛОТОЙ» запустила конкурс ко Дню защиты детей

Антисанитария в службах доставки: токсиколог Кутушов рассказал, почему опасно заказывать еду

Скидки на звуковые щетки и зубную пасту для детей от компании "Ревилайн" до 6 июня 2024 года

Антисанитария в службах доставки: токсиколог Кутушов рассказал, почему опасно заказывать еду

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев снялся с турнира ATP в Нидерландах из-за травмы

Ига Свёнтек одержала 40 побед над теннисистками из топ-10 рейтинга WTA

Теннисист Джокович побил рекорд Федерера по победам на турнирах "Большого шлема"

Экс-теннисист Ольховский: Рублев не успел набрать форму на "Ролан Гаррос"

Moscow.media

«Грузовичкоф» выступил в Санкт-Петербургской торгово-промышленной палате с предложениями для развития отрасли

Мобилизованного свердловчанина приговорили к 23 годам "строгача" за подрыв гранаты в казарме

Остров Огой.

Игровое кресло Bloody GC-670 настроено на победу







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *