Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabat-sitiniň gurluşygy ýerinden gozganman dur

Aşgabat-sitiniň gurluşygy ýerinden gozganman dur

Türkmenistanyň paýtagtynda gurluşygy yglan edilen iri infrastruktura proýektleriniň biri Aşgabat-sitiniň durmuşa geçirilmeginiň geljegi näbelli görünýär. Hökümet üç ýyl mundan ozal dabaraly ýagdaýda başlanan we gysga wagtyň içinde birden togtadylan proýektiň gurluşygy barada resmi derejede hiç zat aýtmaýarka, onuň çäginde hiç hili iş alnyp barylmaýar.

"Ol ýerde hiç hili gurluşyk ýok. Ajaýyp we görnükli Aşgabat-sitiniň gurulmaly ýerinde ýolunyň ugrunda diňe ak öý ýaly bina guruldy we hemme ýerde binalaryň şekili çekilen uly banerler ýerleşdirilipdir. Mundan başga zat ýok, ne ýaşaýyş jaýlar, ne-de propagandistik türkmen telewideniýesiniň wasp edip habar beren beýleki binalary bar" - diýip, habarçymyz Atamyrat şaýolunyň ugrunda gurluşygyň bolmaly ýerlerine eden sapardan soň görenlerini gürrüň berdi.

Aşgabat-siti proýektiniň gurluşygy üçin bölünip berlen ýerleriň suratlarynda we wideo ýazgylarynda gazon ekilen we arça agaçlarynyň nahallary oturdylan giň meýdanlary hem-de boş ýerleri görmek bolýar.

Türkmen häkimiýetleri Aşgabat-siti proýektiniň täze paýtagta öwrülmegine garaşypdy. Taslamanyň eskizine görä, toplumyň bir bölegi hökmünde 12-35 gat beýikligi bolan 200-den gowrak belent bina gurulmalydy.

2020-nji ýylda başlanan gurluşyk bir ýyl soň, hünärmenler ýeriň durnuksyzlygyna ünsi çekenlerinden soň togtadyldy. Şol wagtda Aşgabadyň şäher häkimligine golaý çeşmeleriň Azatlyga habar berşi ýaly, binalar üçin çukurlar gazylyp başlan wagtynda ýer ýüzüne golaý ýerasty suwlar tapylypdyr.

2021-nji ýylyň iýulynda Aşgabat-siti proýekti bilen meşgullanýan hünärmenler gurluşyk meýdançasynyň ep-esli böleginde ýer üstüne ýakyn ýerasty suwlaryň tapylandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi. Şunuň bilen baglylykda, proýekti işläp düzenler şeýle uly toplumyň, şol sanda onlarça belent binalaryň gurluşygynyň howply ýagdaý döredip biljeginden howatyrlanma bildiripdi.

2021-nji ýylyň ahyrynda şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäher üçin saýlanan ýerde inženerlik we gözleg işleriniň geçirilmegini hem-de durnuksyz topragy berkitmek üçin zerur çäreleri görmegi buýurdy.

Şondan bäri Aşgabat-sitiniň we beýleki gymmatbaha desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly zeýkeş suwlaryny guratmak meselesi birnäçe gezek gozgaldy.

Şu ýylyň iýul aýynda Aşgabatda ýerasty suwlary çekmek üçin birnäçe uly drenaž tuneliň guruljagy habar berildi. Türkmenistanyň döwlet mediasy olaryň 2030-njy ýyla çenli Aşgabadyň eteginde peýda boljagyny habar berdi.

Aşgabat-siti proýektiniň geljeginiň nähili boljakdygy heniz belli däl. Häkimiýetler şondan bäri onuň gurluşygyna degişli planlary barada hiç hili düşündiriş bermediler.

Resmi habarlarda taslamanyň bahasy agzalmady. Şeýle-de bolsa, Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylda ýurtda jemi 37 milliard dollarlyk gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini birnäçe gezek aýdypdy. Şol döwürde başlanan başga bir möhüm proýekt Arkadag şäheriniň gurluşygy bolupdy.

Häzirki prezidentiň kakasynyň resmi ady dakylan täze şäheriň birinji tapgyry 29-njy iýunda, öňki prezident we häzirki wagtda Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni açyldy.

Habar berlişi ýaly, Aşgabatdan 25 km günbatarda gurlan we 70 müň ilat üçin niýetlenen Arkadag şäherine Türkmenistanyň döwlet gaznasyndan 5 milliard dollardan gowrak çykdajy edilipdir.

Milliardlarça dollarlyk ägirt uly proektleriň gurluşygy agyr ykdysady krizisiň dowamynda amala aşyrylýar, bu döwürde ilatyň aglaba bölegi barha garyplyk çäginden pese düşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Тру-крайм и Годар. Что смотреть на кинофестивале Beat-2024

Москва заняла первое место в рейтинге инвестклимата субъектов Российской Федерации

Правительство Москвы подписало соглашения для финансовой поддержки промышленных компаний

Депутат Госдумы Толмачев организовал экскурсию для подмосковных ветеранов

Музыкальные новости

CЛД «Печора» филиала «Северный» ООО «ЛокоТех-Сервис» получило сертификацию для технического обслуживания локомотивов серии 2ТЭ25КМ в объёме ТО-2.

ГЕРОИЧЕСКОЕ УЧАСТИЕ АРМЯН В СВО. ЧАСТЬ ЧЕТВЕРТАЯ

Клиники «Будь Здоров» — в лидерах рейтинга лучших клиник 2ГИС

Новости и Культура, Дети и Россия: кукольный Театр Ульгэр выступил в Улан-Улан-Удэ в Этнографическом музее народов Забайкалья перед детьми и родителями в семейный праздник

Новости России

Правительство утвердило распоряжение о строительстве ВСМ Москва — Тверь — Петербург

Эксперт: реконструкция велотрека в парке Крылатские холмы станет подарком для посетителей

Владимир Ефимов: строительство в Москве МЦК, МСД и БКЛ уже окупилось

Депутат Мособлдумы Коркин проверил ход капремонта Давыдовской гимназии

Экология в России и мире

Россияне решили этим летом меньше отдыхать на курортах

Джомба, суттуг шай, кучу и другими видами чая в регионах России могут насладиться российские туристы

Уникальный интерактивный проект Ставропольской психиатрической больницы на выставке-форуме «Россия»

Бурятский Театр кукол Ульгэр в Улан-Улан-Удэ показал в Этнографическом музее народов Забайкалья перед детьми и родителями в семейный праздник сказку Колобок - Новости и Культура, Дети и Россия

Спорт в России и мире

Экс-теннисист Ольховский: Рублев не успел набрать форму на "Ролан Гаррос"

«Он никогда не снимается с турниров». Циципас прокомментировал травму Джоковича

Ига Свёнтек одержала 40 побед над теннисистками из топ-10 рейтинга WTA

«Янника Синнера очень рано сравнивать с Роджером Федерером» // Тренер мужской сборной России по теннису Игорь Куницын — о главных событиях Roland Garros

Moscow.media

«Грузовичкоф» выступил в Санкт-Петербургской торгово-промышленной палате с предложениями для развития отрасли

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: С начала года более 4,7 тысячи жителей Московского региона оформили страховую пенсию в автоматическом режиме на портале госуслуг

Одной Лунной ночью

Бурятский Театр кукол Ульгэр в Улан-Улан-Удэ показал в Этнографическом музее народов Забайкалья перед детьми и родителями в семейный праздник сказку Колобок - Новости и Культура, Дети и Россия







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *