Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

«Көргәзмә/Görkezme». Almatyda Sinjianga bagyşlanan sergi açyldy

«Көргәзмә/Görkezme». Almatyda Sinjianga bagyşlanan sergi açyldy

Gazagystanyň Almaty şäherinde, Gündogar Türkestanda (Hytaýyň Sinjiang welaýatynyň taryhy ady) ýaşaýan ýerli halklar – uýgurlaryň, gazaklaryň we beýleki etniki toparlaryň wekilleriniň durmuşy we ýagdaýy barada gürrüň berýän sergi dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň reportýory ol sergä baryp gördi.

Serginiň guramaçylary oňa «Kөргәзмә» diýen at beripdirler, ol uýgur dilinde “görkezmeli däl” diýmekdir. 20-nji oktýabrda açylan sergi senzura meselesindäki gysyşlary gozgamak, zehinli uýgur we gazak ýaşlaryny höweslendirmek we olaryň sungatyna ünsi çekmegi maksat edinýär. Ol dörediji awtorlar Sinjiangda ýaşaýanlaryň durmuşyny dürli tarapdan aýan etmäge çalşypdyrlar: olaryň işlerinde gündelik durmuş aladalary bilen birlikde, “syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerleri” diýilýäniň ýagdaýyna çenli şöhlelenýär. Olaryň aýtmagyna görä, bu sergi söz we döredijilik azatlygynyň gysylmagyna garşy özboluşly protest hem ol gadagançylyga garşy durmakdyr.

Almatydaky 101 Dump Gallery sungat zalynda açylan sergide, umuman, 10 eser – suratlar, gurnama we manifest bar.

«Bu ýerde köp eser hödürlenmedi. Sebäbi yzarlanma howpy bar. Mysal üçin, ýaş uýgur suratkeşlerden sergide görkezilen eserleriň dördüsiniň awtorlary "Soltan gyzlar" diýen at bilen çykaryldy. Olar Gazagystanda ýaşasalar-da, Sinjiangdaky dogan-garyndaşlarynyň howpsuzlygyndan alada edýärler» diýip, serginiň guramaçylarynyň biri, suratçy Medina Bazargali aýdýar.

 

Suratkeş Tair Tabiýewiň galam bilen çeken kiçi portretleri köpleriň ünsüni özüne çekýär. Olarda Hytaýyň "gaýtadan terbiýeleýiş lagerleriniň" bendileriniň şekilleri görkezilipdir. Hudožnik ol adamlaryň suratlaryny Sinjiang polisiýanyň maglumat bazasyndan alypdyr. Döwmek arkaly ol maglumatlar internetden syzyp çykypdy.

BMG-niň hasaplamalaryna görä, Hytaý häkimiýetleri 2017-nji ýyldan bäri, Sinjiangda azyndan bir million uýgur, gazak we beýleki musulman azlyklaryny zor bilen ýapyk edaralara dykdy. Hytaýyň häkimiýetleri tarapyndan, ol edaralar resmi taýdan "hünär öwrediş merkezleri" diýlip atlandyryldy.

Ol ýere dykylan tussaglara hytaý dilini öwredipdirler, hytaý kanunlaryny hem-de kommunistik partiýany şöhratlandyrýan goşgulary ýat tutmaga mejbur edipdirler, olara ýowuz daraşylypdyr. Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlaryň "syýasy taýdan gaýtadan terbiýeleýiş lagerleri" diýip atlandyrýan edaralaryny, sebitiň ýolbaşçylary we ýurduň häkimiýetleri radikalizme we ekstremizme garşy göreşmek çäresi diýip düşündirýärler. Sinjiangda ýerli halkyýetlere garşy zulumyň dowam edýändigini adam hukuklary boýunça Halkara guramalary habar berýärler.

«Bu portretlerde hakyky adamlaryň ýüz keşbi çekildi, emma olaryň häzirem diridigi belli däl. Belki-de, olar henizem lagerlerde gynamalardan ejir çekýändirler. Biz sergä gelenleriň bu portretlerdäki adamlaryň her biriniň gözlerine seredip, olaryň çekýän jebir-sütemlerine düşünmegini isleýäris» diýip, Medina Bazargali aýdýar.

Tair Tabiýew portretleriň satylmagyndan alnan girdejileri Sinjiangdaky hytaý syýasatyndan ejir çekýän uýgurlaryň goldaw Gaznasyna geçirmegi maksat edinýär.

«Bu ýol meniň ata-babalarymyň Gündogar Türkestandan Hytaýa göç eden ugry. Kakamyň we ejemiň ene-atasy, ýagny garry babam bilen mamam Hytaýda doglup, 1960-njy ýyllarda Gazagystana gaýdyp gelipdirler. Biziň garry babalarymyz Günorta Gazagystandan göç edip, Balhaşyň üsti bilen Ili derýasynyň boýundan, Çuguçaka aşypdyrlar. Çuguçakdan hem aňryk Urumçy şäherine geçipdirler. Häzir biziň Urumçyda dogan-garyndaşlarymyz bar.

Ýöne olar bilen habarlaşmak gaty kyn, biz soňky gezek COVID pandemiýasy döwründe gepleşdik, häzir olaryň ýagdaýy belli däl. Olaryň geçen bütin ýoluny meniň görkezesim gelýär» diýip, suratçy Murager Şaripkan aýdýar. Ol çeken kartasynyň üstünde, ata-babalarynyň ýoluny ala ýüp bilen belgiläpdir.

Intizor Otaniýezowa öz eserine «Geljegi ýok» diýip, at dakypdyr. «Men sagadyň ýüzüne atlas mata doladym, bu meniň üçin uýgur medeniýetini alamatlandyrýar. Ol şeýle bir parlak we owadan mata. Eger oňa ýiti seredip dursaň, ol hamyňy ýandyryp barýan ýaly görünýär, sebäbi şu wagt ähli uýgurlar şeýle agyr aladaly. Näme üçin men sagadyň ýüzündäki sanlary örtdüm? Hamana wagt öňe barýan ýaly görünýär, görýäňizmi, ol hereket edýär, ýöne meniň göwnüme bolmasa, seniň kimligiň basyş atyna düşende, geljegi göz öňüne getirmek gaty kyn. Göýä diýersiň geljek ýok ýaly» diýip, eseriň awtory aýdýar.

Sergä gelýän her bir tomaşaçy ekranda diňe bir uýgur milli lybasynda, uýgur dilinde aýdym aýdýan aýdymçylary görmek däl, eýsem ýazgydaky sesi-de diňläp bilýärler. Bular suratkeş Rukiýa Farhadowanyň aradan çykan babasynyň ömrüniň soňky döwürlerinde gaýta-gaýta diňlän aýdymlarynyň ýygyndysydyr.

Onuň babasy 1990-njy ýyllaryň ahyrynda, kompakt disklerden (CD), Sinjiangdaky uýgur konsertlerini ýygy-ýygydan diňläp, Hytaýda başdan geçirenlerini ýatlapdyr. Onuň ýanyndan awtoryň: «Uýgurlaryň näzik bilini diňe babam ýogalandan soň söýüp başladym» diýen sözi getirilýär.

"Görkezme" («Көргәзмә») atly sergi «Жаңа Шекара» kinofestiwalynyň çäginde gurnaldy. Bu kinofestiwal ilkinji gezek Almatyda 2022-nji ýylda geçirildi. Onda Hytaýyň Sinjiang sebitinde yzarlanýan we "gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerine” düşen uýgurlaryň we gazaklaryň durmuşy hem medeniýeti barada, Gazagystandan we daşary ýurtlardan bolan awtorlaryň düşüren filmleri görkezildi.

Şu ýylyň sentýabr aýynyň başynda guramaçylar «Жаңа Шекара» kinofestiwalyny onlaýn formatda geçirmeli boldular. Olar muny basyş sebäpli edendiklerini aýtdylar. Kanun goraýjy edaralar bu beýanat barada, hiç hili düşündiriş bermediler.

«Biz sergini hem şeýle usulda geçirmeli bolarys diýip, gaty alada edýärdik. Ýöne biziň bagtymyz çüwüp, sergimiz açyldy, muňa biz örän begendik» diýip, Madina Bazargali aýdýar.

Almatydaky 101 Dump Gallery zalynda gurnalan çeperçilik sergisi 5-nji noýabra çenli dowam eder.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Названы ошибки, из-за которых маникюр смотрится дешево

«Грузовичкоф» выступил в Санкт-Петербургской торгово-промышленной палате с предложениями для развития отрасли

Новую теплицу построят на подмосковной агрофирме «Партнер»

В экономику Москвы с начала года инвестировали более 1,5 трлн рублей

Музыкальные новости

В Этнографическом музее народов Забайкалья Бурятский театр «Ульгэр» презентовал «Колобок» для юного зрителя - Новости и Культура, Дети и Россия

Эксперт Михаил Александров: Далекие от реалий мифологемы

Объявлен протест по поводу спорной выставки в Варшаве под названием «Христианское наследие в многокультурной идентичности Азербайджана»

Новости и Культура, Дети и Россия: Театр Ульгэр выступил в Этнографическом музее народов Забайкалья в Улан-Удэ

Новости России

В Пулково задерживаются шесть рейсов

Воробьев: Подмосковье будет развивать цифровые решения с Росатомом

В экономику Москвы с начала года инвестировали более 1,5 трлн рублей

Энергетики приступили к расчистке охранных зон ЛЭП на территории Подмосковья

Экология в России и мире

CЛД «Печора» филиала «Северный» ООО «ЛокоТех-Сервис» получило сертификацию для технического обслуживания локомотивов серии 2ТЭ25КМ в объёме ТО-2.

Скидки на звуковые щетки и зубную пасту для детей от компании "Ревилайн" до 6 июня 2024 года

Бурятский Театр кукол Ульгэр в Улан-Улан-Удэ показал в Этнографическом музее народов Забайкалья перед детьми и родителями в семейный праздник сказку Колобок - Новости и Культура, Дети и Россия

Добрые рисунки: «585*ЗОЛОТОЙ» запустила конкурс ко Дню защиты детей

Спорт в России и мире

Джокович снялся с Открытого чемпионата Франции по теннису

Соболенко, проигравшая Андреевой, потеряет 2-е место в рейтинге WTA по итогам «Ролан Гаррос», уступив его Гауфф

Ига Свёнтек одержала 40 побед над теннисистками из топ-10 рейтинга WTA

«Он никогда не снимается с турниров». Циципас прокомментировал травму Джоковича

Moscow.media

Остров Огой.

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

Делу время – ремонту срок. Эксперты обсудили, как ускорить ремонт после ДТП

Гора Бабырган







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *